22:33

Durna

DURNA

Al asmanyň giňligin,
Güýzüň reňkin halaýan.
Ömrümiň her ýylyny,
Durna bilen sanaýan.

Boýun egip dünýäde
Höküm sürýän şol kada,
Gykuwlaşyp durnalar
Geçip gider Ýefrata.

Gözi bilen gulaçlap
Bu Watany, bu çöli .
Geçip gider durnalar -
Bu ömrümiň bir ýyly.

Wah, uzakdyr, howplydyr,
Hatarlydyr bu ýollar.
Okdan ölen bir durna,
Agyr hatardan galar.

Gyş geçip, ýazym geler,
Durnadyr gazym geler,
Geçen ýylymyň ýerne,
Gelmez atylan durna.

Ýüregimiň gussasyn,
Ýüregimiň azaryn
Jemläp, hiç wagt gelmejek
Durna üçin aglaryn. ...

Gurbannazar EZIZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 447 | Добавил: Azat_Nurgeldi | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nokat / Goşgular - 28.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]