16:55 Ene | |
ENE
Soranmyş birwagt Aý Güne bakyp: «Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!» Gün hem diýenmişin nuruny döküp: «Dünýäniň bar görki enedir, ene!». Soranmyş birwagt ýel suwa bakyp: «Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!» Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp: «Dünýäniň bar berki enedir, ene!». Soranmyş boz gulan bir ata bakyp: «Dünýäniň örki nä? Aýdyp bersene!» At hem diýenmişin jülgeler söküp: «Dünýäniň bar örki enedir, ene!». Soranmyş bir ene şahyra bakyp: «Dünýäniň durky nä? Aýdyp bersene!» Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp: «Dünýäniň bar durky enedir, ene!». Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |