16:11

Esasy mesele / hekaýa

ESASY MESELE

– Onda, ýoldaşlar, ýygnagymyzyň esasy meselesine geçýäris. Bu boýunça başlygymyz Oraz Geldiýewiç çykyş edýär. Baş üstüne, söz sizden, Oraz Geldiýewiç.
– Ýoldaşlar, biziň bu gün örän wajyp meseläni ara alyp maslahatlaşmagymyz gerek. Bu mesele hemişe hem iň wajyp meseleleriň biri. Hawa, mesele möhüm. Özem örän möhüm. Muny duýmazlyk bolmaz. Ýöne gynansak-da käbir ýoldaşlar muny duýmaýarlar. Bu örän tankyt edilmeli ýagdaýdyr.
Hawa, men siziň köp wagtyňyzy alyp durmakçy däl. Diňe meseläniň käbir möhüm ýerleri barada durup geçmekçi.
Bu mesele, ýoldaşlar, diňe bir biziň edaramyz üçin däl, eýsem ähli edaralar üçinem, kolhoz-sowhozlaryň, kärhanadyr guramalaryň, birleşikleriň zähmetkeşleri üçin-de derwaýys. Muny ähli ýerlerde ara alyp maslahatlaşmagy we ondan degerli netije çykaryp, işiň ilerlemeginiň gazanylmagyny men kanuny talap diýip hasap edýärin. Hasap etmek bilen bir hatarda, munuň biziň edaramyzda esasy mesele edilip goýulmagyny makullaýaryn. Elbetde, biz öňki ýygnaklarymyzda-da bu mesele dogrusynda köp gürrüň etdik. Ýöne ony işimizde ýörelge etmegi, şonuň netijesinde-de işimiziň öňe gitmegini gazanyp bilmedik. Bu bolanok, ýoldaşlar.
Başda belläp geçişim ýaly, mesele möhüm, ýoldaşlar. Muňa her ýygnakdaky edýän gürrüňlerimiz-de şaýatlyk edýär. Geliň, biz meseläniň möhümligine, onuň çözülmegine öz saldamly goşantlarymyzy goşalyň. Üns berip diňläniňiz üçin köp sag boluň.
– Sag boluň, Oraz Geldiýewiç. Sag boluň. Hawa, ýoldaşlar, Oraz Geldiýewiçiň çuň manyly we örän gymmatly sözlerini üns berip diňledik. Bu çykyş biziň edaramyzyň işgärlerine işde uly gollanma bolar we bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrar. Indi bolsa, ýoldaşlar, esasy mesele boýunça çykyp geplemelere başlalyň we möhüm meseläniň çözülmegi dogrusynda gürrüň edeliň. Başlygymyzyň çuň mazmunly çykyşyndan görnüşi ýaly, öz öýümizde duran möhüm meselä oýlanyşykly çemeleşmelidiris. Ara alyp maslahatlaşmak üçin  azyndan üç adam çykyş etsin. Sözi önümçilik bölüminiň müdiri Atamyrat Ataýewiçe berýäris.
– Sag boluň! – diýip, äýnegini gözünden aýryp, Atamyrat Ataýewiç ýerinden turdy. – Bu gün biz örän möhüm mesele boýunça ýygnak geçirýäris. Hormatly başlygymyz Oraz Geldiýewiçiň çuň manyly çykyşyndan soň, dogrusy aýdara zat hem galmady. 
Oraz Geldiýewiç minnetdarlyk bilen baş atdy, çalaja. 
Atamyrat Ataýewiç sözüni dowam etdirdi. 
– Biz özümizden edilýän tamany ödemelidiris, öňde goýlan ähli wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Hormatly başlygymyzyň çykyşyny üns berip diňledik. Oraz Geldiýewiçiň  çuň manyly çykyşyndan görnüşi ýaly, öňümizde örän möhüm mesele dur. Oraz Geldiýewiç bize öňde duran möhüm meseläni örän täsirli, takyk beýän edip berdi. Men önümçilik bölüminiň müdiri hökmünde möhüm meseläniň wagtynda çözülmegi üçin gujur-gaýratymyzy gaýgyrman işlejekdigimize sizi ynandyrmaga rugsat ediň. 
– Indi kim çykyş etmekçi? – diýip, ýygnagy alyp baryjy Bally Gojaýew aýtdy. 
– Mesele düşnükli. Diňe işläýmek galýär – diýip, oturanlaryň biri dillendi. 
– Ýok, ýok, bolmaz – diýip, Bally Gojaýew ör-gökden geldi. – Ertirki gün ýygnagyň göçürmesine seredip, «Çykyş eden adam bary-ýogy iki-üç adammy?» diýip sorasalar, näme jogap berjek. Ýok, ýok, bize gep gerek däl. Ýene bäş adam çykyş etsin. Başlyk Bally Gojaýewiň pikirini goldady. 
Möhüm mesele boýunça ýene bäş adam çykyş etdi. 
Möhüm mesele bir däl, iki: birinjisi, ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm mesele; ikinjisi, ýygnakda çykyş edýän adamlaryň sanynyň köp bolmagy. 
Edarada bäş adam işleýär. Şeýle bolansoň, olaryň ikisi iki gezek çykyş etmeli boldy. 
Esasy zat: nämäniň möhüm meseledigine düşünmek. 

1981 ý. 

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 480 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]