08:43 Garly gijede | |
GARLY GIJEDE
Dünýä inip, özüm bilen günümden, Aşykdyryn asmanyñ ak garyna. Ýagty dünýä yşyk paýlap gözümden, Özümçe düşündim yşk ahwalyna. Arşdan ýere inýän gar tozgalary, Serediñ, serediñ, meni synlaýar. Kiçijik zatda-da çyndan begenýän adamlaryñ göwni hergiz synmaýar. Perişdeleñ nazary bar gijede, Kalbymyñ taryna kakýar garlaram. Wadaly ýere-de ýeterin, ýarym, Men bu gijä aşyk boluo galmasam. Gunça ÝOLDAŞOWA. | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |