21:37 Geçilenleri gaýtalamak | |
GEÇILENLERI GAÝTALAMAK
Ýagşy bende, myhman bolma, Myhman sarpasyn bilmeze! Duýgydaş bolup kiçelme, Sylagyň göze ilmese! Märekede töre geçme, Töre erkli “geç” diýmese! Söz söýleýip, akyl satma, Nobat, hormat eçilmese! Akdygyňy tekrarlama, Gara sürtüp, garalmasa! Bardyr diýip, güjeňleme, Mätäçlikden soralmasa! Gözüň tikip, el uzatma, Ýarasa-da, berilmese! Ýygy-ýygy baryp durma, Hat-da gujak gerilse-de! Sada adam, wagt ýitirme, Gybata, gepe güýmelse! Az iý, az sözle, köp gözle, Bagtdyr, düşünjäň giňelse. Durmuşdur, ýoluň nurlanar, Ýat belle, öwüt berilse! ...Täze sapak ýeňil düşer, Geçilen özleşdirilse. 2022 ý. | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |