01:46 Geljek hakynda | |
GELJEK HAKYNDA
Aglama, eñreme, Fakiýe Teýran, Bir gün garyplar hem galar aýaga. Turar-da, eder ol zulm öýün weýran, Şondan soñra bolmaz gan içen aga Ýaşasa dünýäde şa bilen hakan, Meniñ kalbymdaky ar ody sönmez. Ýok, men agañ guly bolman hiç zaman, Azatlyk jarçysy yzyma dönmez. Habary gelinçä bir hoş baharyñ, Sözüm ýyldyrym dek ot saçar meniñ. Tä sesi ýatynça soñky süýthoryñ, Meniñ sesim ýatmaz, bilsin Watanym. Meni gorkuzanok gandal hem künde, Sürgün, zyndanda hem başym egilmez. Ýüregmiñ halk bilen urýan gününde Bu ody ölüm hem öçürip bilmez. Ine, şol mentality iñ beýik arzuw, Saz bilen ýüz tutýan barça illere. Geljek hakda meniñ çyn arzuwym şu: Azatlyk jar bolup düşsün illere. Fekiýe TEÝRAN, kürt şahyry. Terjime eden Tejen NEPESOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.07.1973 ý. | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |