10:26 Göçülen ýurduñ ahy | |
GÖÇÜLEN ÝURDUÑ AHY
Eýranyñ hany däl, Hywanyn begi, Ynkylap adyndan sözleýän ýagy, Kürsüsi dag ýaly, Hökümi güýçli, ilden öýkelimi, ýa ilden öçli, Buýruk berdi: - Göçürmeli obany, Göründen galdyryp ata-babany. Taýak bilen señseledip çopany, "Ýurdum" diýip, boş gürrüñi tapany, Zenany-ebtady salyp öñüñe, Getirmeli raýonyñ deñine. Ýogsam oba oturanmyş belentde, Goý mekan tutunsyn golaý kentde. Ýerden süýräp, alyp gaýdyñ çagasyn, Çaý içim salymda oba dagasyn! Olar mal yzynda mal bolup giden, Gowaça ekişde taplansyn beden... Wekik ýabylydy, eli gamçyly, Telärli, Güwleme, Hartut, Ýalçyly - Il barysy dagdan indi eñşeşip, Pyganly sesleri bagryñy deşip. Egnin gysýar daglar - asman sütüni. Owal görmändiler beýle sütemi. Gara daglañ gara bagryn dagladyp, Sürdüler il baryn zaryn ýygladyp. Muny gören bolsa molla Zelili, Ýaşa gark ederdi külli zemini. Oba gamçylandy, dagdan aýryldy, Ýüzlerçe ynsanyñ köñli maýryldy. Täze döwrüñ hansumagy ýowuzdy, Iliñ derisin däl, ýüregin ýüzdi. Oýunjak bolupdy iliñ ykbaly. Ölmez ödi gündi - sesiñ çykmany... Ak pagta Ak bagta ýetrip bilmedi, Dişler ýyrşarsa-da, köñül gülmedi, Barha güýjäp aýralygyñ azary, Köñülde tutuldy obañ mazary. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |