18:45

Göwnüm

GÖWNÜM

Eý, göwnüm, ýaýrawyň juda giň seniň.
Serhediň gözýetmez sähradan uly.
Bolup bilseň, şol sähra deý gözel bol,
Ýatlatmasaň bolýar sen ymgyr çöli.

Eý, göwnüm, sen, belentlerde seleňläp,
Görünýän daglardan tutumyň uly.
Dostlaryň "ol dagy aşmak kyn "-diýip,
Daşyňdan aýlanyp geçmesin ýoly.

Eý, göwnüm, seň joşup akasyň gelýär,
Kenara baş bermez derýa mysaly.
Ýöne, nätjek, göwnüm, sen göwün bolýaň,
Ýollar çarkanlykdan, böwetden doly.

Azat NURGELDIÝEW.

Wariant :
Ýöne, nätjek, göwnüm, sen göwün bolýaň,
Seniň telwas edýän dünýäň hyýaly.
Категория: Goşgular | Просмотров: 477 | Добавил: Azat_Nurgeldi | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024

Teswirleriň ählisi: 6
1
1 Мylayym  
83
Azat agamyzdan ýene-de bir täze goşgy öýdýän? )

Dostlaryň "ol dagy aşmasy kyn" diýip,
Daşyňdan aýlanyp, geçmesin ýoly...

Oý-hyýallardan doly göwnüň öz-özüne ýüzlenmesi esasynda owadan beýan etmek bilen, ajaýyplygyny özünde jemlän bu goşgyny juda haladym.
Goşgularňyzyň yzy hasam dowamly bolsun!

3
2 Azat_Nurgeldi  
283
Men bu goşgyny ýazyp, gutaryp bilmän, taşlan goşgylarymyň biri hasap edýärdim. Bu gün ýazgylaryma göz aýlap otyrkam üstünden bardym. Iki setir bilen jemlemegi makul bildim. Wariýat köp boldygoýmadum, Siziň, ýöne şu warýantynda goýdum, Siiň maslaharyňyz meniň üçin wajyp, öz pikirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýärin

1
3 Hаwеrаn  
245
Üçünji bendiñ üçünji setiri goşgynyñ pikirini jemläp, artykmaç söze ýer goyanok. Az bolsun uz bolsun. Dowam etdirmegiñ hajaty ýok. Goşgy gowy.

0
4 Gumlygelin  
8
Ylham çeşmäñe bereket .Gowy goşgy agam.

0
5 Garaýolly  
27
Goshgy hazirki durkunda dursa yagshy. Gowy goshgy eken.

0
6 Allanazаr  
314
GOŞGY oňat çykypdyr, ýöne 3-nji bent gerek däl ýaly...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]