00:22 Gözlerim seni görse | |
GÖZLERIM SENl GÖRSE
Kalbyma şatlyk dolýar, Gözlerim seni görse. «Bar işim»rowaç bolýar, Gözlerim seni görse. Zym-zyýatdyr aladam, Yşka düşýän ýaňadan, Bolýan men, «Bagtly adam», Gözlerim seni görse. Bilýän, ömür däl baky, Hiç kimsäniň ýok haky, Kär etmez ajal oky, Gözlerim seni görse. Hyýal bardyr aşykda, Gel, göreýin işikde, Gözüm açyp düşekde, Gözlerim seni görse. Illi aýdar, aşyk men, Yşkdan gaýnap joşup men, Her gün saňa duşup men, Gözlerim seni görse. | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |