22:05 Habar | |
HABAR
O döwürler obada ýaş-ýeleňleň arasynda ýeke özümde „Kowrowes“ motosikli bardy. Bu ýagdaý öz deň-duşlarynyň arasynda gomparmaga mümkinçilik berýänem bolsa, onuň bir azaply tarapamynam unudyp boljak däl. Bimahal çaky nirä habar ýetirmeli bolsa, „ýeňil oglan“ diýip, meniň üstüme gelinýär. Bimahal çakynyň habarynyň nähili bolýandygynam özüňiz bilýänsiňiz. Bu gezegem gije ýarymdan geçende süýji ukudan oýardylar. Gaýrat etmeli zadym, ýagdaýy juda agyrlaşan Tagan daýynyň habaryny çölüň etegindäki Çaşgyna, şol ýerde ýaşaýan aýal doganyna ýetirmelidim. Alajyň ýok... Daşary sowuk, demirtiken ýaly gar tozgalap duransoň, özümiňki ýa kakamyňky diýip duraman, tapyp bilen eşiklerimiň hemmesini egnime sokdum. Meniň daşky görnüşim çaşgynly garyndaşlara habar ýetişdirmek üçin däl-de, olary ýörite gorkuzmaga barýanyňky ýalydy. Bu mahal, beýle howada ýola çykmaga meýilli bolmadyk motoryň depip-depip içine ýel gapdyramsoň, ýola düşdük. Ýel, gar syrgyny garşydan bolansoň, gözüňi açyp bolanok, teniň açyk ýerlerini sowyk kesip barýar. Gowy zady, beýle howada, şeýle wagt ýolda janly-jemende ýok, gara ýoluň suduryny yzarlap, öňümden ulag çykar gorkusyny unudyp, basyp oturmaly. Gowurdagy syrylyp alnan gorküýzä gaçan gyzylary ýaly barýan wyzzyldap. Dogrusy, şeýdip bapşyma ýetjek ýerimi tapaýjagyma-da ynamym az. Tagan daýa-da gaharym gelmän duranok. „Agyr“ boljak bolsaň, başga wagt tapmadyňmy diýsene! Ýaz bar, güýz bar. Iň bolmanda gündiz bol-da „agyr“ boljak bolsaň. Onuň aýal doganyna näme gerek diýsene! Tapmadyňmy golaý-goltumda ýüz beren erkek... Habar ýetirjek ýerime ýakynlaşyberenimde aýylganç bir pikir kelläme geldi: „Tagan daýynyň ýagdaýy agyrmyş diýsem, bularam şol bada ýola-a düşäýmezler. Men yzyma dolanyp barýançam hassa-da işini bitiräýse... Indem bu habary ýetir diýseler, men näderin?! Habar iberiljek derejede haly harap bolsa, ol görgüsiýamanyň panydan baka göç eden bolaýmagam ahmal“. Men aýgytly karara geldim. Baran ýerimiň hut gelinmeli gapydygyny, garşymdaky zenanyň hut şol aýaldogandygyny anyklap, şumjarybrak habar berdim: --Tagan daýa ýurdunu täzeläberendir... Ertir onda nemetjekler öýüdýän... Mundan soňky bolup geçenlere dykgat etmän, derrew ol ýerdem ýumlukdym. Göterip barýan daş ýaly agyr habarymy döküp gaýdanym, şemaldyr syrgynyň arkama geçenligi üçinmi ýa-da gaýdyp gelmejegime begenýänligim sebäplimi, garaz, yza gaýdyşyn öňki ýaly heläk bolmadym. Öýe tarap dönenini bilýän ýaly, motorymam wyrryldysyny artdyraýan ýaly... Daň atmaka oba dolanyp geldim. Ulagymy ýatagyan salyp, eşiklerimi ýeňledip, „bir janymy barlap göreýin“ diýip, Tagan daýylaryň öýüne bardym. Daşarda bir erewde-berewlige, yzanda-çuwanlyga gözüm düşmedi. Tagan daýynyň ýatan otagynyň gapysyny emaý bilen açdym. Görsem, ol düşeginiň üstünde aýbogdaşyny gurup, gulagyny tutaç ýaly edip, unaş içip otyr. --Ýegen, gel, how, unaş içseň... „Häý, belany içseň, zäheri içseň...“ diýip, şular ýaly ýadyma düşen gowy sözleriň barysyny içimden gaýtaladym. Dyzymyň damary üzülen ýaly aýaklarym gowşap, tas duran ýerime çöküpdim... Daň agaryberende Tagan daýylaryň öýleriniň töwereginden bir:“Waý dogan!“ diýen ses çykdy. Yzy bolmady. ...Men bir hepdeläp öýden çykmadym. Tas özüm eýläk-beýläk habar iberiljk kişi bolupdym. Tagan daýy henizem sag-salamat gezip ýör. Orazguly ANNAÝEW | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||