15:55 Hal ýa-da üçünji dünýe | |
HAL ÝA-DA ÜÇÜNJI DÜNÝE
Oglanlykdan, düşünsek, düşünmesek bize (ekizlere) Magtymgulyny köp okatdylar. Garagollyk edibersek "Hany, gel, maňa Magtymgulyny okap ber" diýdiler. Ýene bir düzgün bardy - özüňden uly bir zat diýse, "etjek däl" diýmek bolmaýardy. Anyk ýadyma düşýä - oglanlyk ýaşymdan Magtymgulyda iň haýran galdyran "Ten kapasdyr, jan bir guş" diýen setir. Özümden uly doganym gumry tutup gelip agaçdan kapasa salardy, ýaý atardy. Öýmüziň ilersi bir hatar gür tutlykdy, olarda-da şeýle bir serçe köp bolardy. Indi serçelerem azalan ýaly, ýogsa beýlede däldir. Tutlarymyz goparylansoň, olaram gidendirler-dä. Tomusyna her gün irden serçeleň, gumrulaň sesine oýanardyk. Birhili guşlaryň durmuşymyza şeýle ornanyndanam bolsa bilemok, janymyň guşdugy, tenimiň kapasadygy meni gaty geň galdyrýardy. Ýaňy aga-gara düşünip ugran ýigdekçe, bedenim bilen janymyň aýry-aýry zatlardygyny kabul edip bilmeýärdim. "Janyňy teniňden aýyrsaň, el-aýagyň gymyldarmy? Jan bilen ten bir bütewi däl-maý?" diýip pikir ederdim. Soňam "Magtymguly diýýän bolsa, şeýledir" diýibem jedelsiz kabul ederdim. Ejemden, kakamdan, doganlarymdan, hiç kimden bu hakda soramadym. Ertir birinji sentýabr - agtyklardan biri mekdebe gidip başlaýalar. Menem ýetmiş ýaşyň on bir gününi ýaşadym. Garaz, ýedinji on ýyllygyň birinji ýylyna başladym. Bir hili öz halym hakynda, kelläme gelýän pikirler hakynda ýazasym, aýdasym gelýär. Allaha şükür, saglygym ýagşy welin, ölüdigimi, diridigimi bilemok. Oglanlarym ýanymda däldigindenmi, gözüm ýolda, birine garaşýan ýaly. Bir zada-da begenýän, gowy görýän, adamlaryň uzak bir ýerlere gidýäler, arasynda ölýänem bar, ýöne näme etseňem olaryň dünýesi daşynda galýar. Oňa başga, keseki güýjiň erki ýetmeýä. Men muňa gaty giç düşündim. Aýraçylyk diýdim, ýalňyzlyk diýdim özümi kösedim. Hatda tutuş dünýäň, meniň üçin manysyny ýitiren wagtlary boldy. Aslynda welin, meň bedenimiň, tenimiň nirededigi, nähili ýagdaýdadygy hiç hili rol oýnamaýan eken. Hawa, şeýle eziz görýänim bilen görüşip, kofäň başynda gürleşip oturyp bilemok. Oturmamda näme? Ýeri bir sagat oturardym, soň ol öz işi bilen men öz günüm bilen bolardym. Birhili fantastika, göwün aldama ýalam görünýä welin, men islän wagtym ony ýanyma getirip bilýän. Hat-da mydama ýanymdan aýyrman, ýanyndan aýrylman bilýän. Irden namaza duramda oňam bir ýerlerde namaza durandygyny duýýan. Şu wagt ýazyp otyryn, onuň ýazanlarymy okaýşyny duýýan. Edýän pikirlerini duýýan. Gaharynam, öýkesinem, begenjinem, gynanjynam... hemmesini edil ýanynda ýaly duýýan. Belki, ýanynda ýa-da ol meň ýanymda bolsa beýle duýmazdym. Birhili ruhy bütewligiň gaty uly zat ekendigine düşündim. Men ýetmiş ýaşa ýetip barýarkam teniň kakapsadygyna, janyň bir guşdugyna düşündim. Ýaşym gidendenmi, garradygymça, käte özümi artykmaç ýaly duýýan. Özümiň ýok ýagdaýymda dowam etjek günleri göz öňüme getirýän. Hiç zat üýtgänok. Üýtgemelem däl. Sebäbi seň öleniň bilen dünýe ölenok. Edil seni äkidip ýerzemine salsalaram, dünýäni salyp bolmaýşy ýaly. Şu wagtam Hangeldi atam göwnüme bar ýaly, Çaryýar atamam şehit bolmadyk ýaly. Ugurly atamyzam kärizi bilen başagaý ýaly. Megerem, olaryň bu dünýede paýlary bar, olam ölenleri bilen gutarmaýana meňzeýär. Biz welin, tenimiziň nirededigine gereginden artyk üns berýäs. Aýraçylyk diýip bir zat tapýas. Aýraçylyk ýok, gaýta, ýakynlaşmak bar. Adyny, sypatyny ýadymdan çykaran, hat-da olaň diri gezip ýöreninem, ölüp gideninem bilmeýän adamlarym gaty kän. Ine, olardan men aýryldym. Sebäbi owalam beýle bir bütewilik, birlik ýok bolan bolmaly. Köpüsi bilen-ä ýokdy. Ýöne ýakyn gatnaşyp, häli-şindi görüşip ýörenlerimiňem menden gopup gidenleri gaty kän. Biz dünýä, durmuşa gaty ulaldýan dürbi bilen seredýäs. Dürbi ownuk zatlaram ýakynyňa getirip, has gowy görkezýän ýaly. Hakykatda welin, dürbiň daşynda ummasyz köp zatlar galýa. Dürbi seni aldaýa, azaşdyrýa. Durup bir ýyldyzlara, ileri-gaýra seretmeseň, gözüňden şol dürbini aýyrmasaň ýalňyşdyrýan eken. Menem şol gözi dürbülilerden. Ownuk zatlary ulaldyp, gözümiň alkymyna getirip, düşünip, şolaň üsti bilenem bu giň dünýä düşünjek boldum. Dünýäň giňişligi dürbä sygmaýan eken. Dünýäň owunjak bir zadam, ony näçe ulaltsaňam tutuş dünýä däl eken. Hawa, ol dünýeden habar berýä, dünýäni düşündiribem bilýär. Akyldar adamlar şol ownuk zatlaryň üsti bilen gaty uly zatlara akyl ýetiripdirler. Bu düýbünden başga zat. Bu dünýä dürbi bilen seretmelidigini aňlatmaýar. Yza çekilmeli, dünýäni has uzakdan synlajak bolmaly eken. Samolýotda uçup barýakaň ol obamyz "Ýalkymyň" üstünden geçýär. Tutuş obaňy başga bir ýagdaýda görüp bilmeýäň. Emma ýokarda "Ýalkym" eliň aýasynda ýaly görünýä. Biziň hyýalymyz, ruhumyz, duýgularymyz samalýotdanam kän ýokardan uçup bilýär. Diňe obaňy däl, tutuş şäheri, tutuş Türkmenistany, tutuş Ýer togalagyny, ähli älemleri, galaktikalary, olaryň Eýesine çenli görkezip, duýduryp bilýä. Bu bir akyl ýetirmä bagly ýagdaý. Aklyň ýetse, gözüň ýetýä. Şu günler az ýazýan. Käteler özümi kesilip taşlanan ýaly duýýan, öz-özüme "Gojalan kelläňi kösäp oturma" diýýän. Geçen günler gala ýaly daşyma aýlanýar, ýedinji onluga girendigimi ýatladýan zatlar daşymy kapasa ýaly gabaýar. Emma ruhy dünýä çykan wagtyň gala diýilýäniň, kapasa diýilýäniň oýnwaçdygy, kiçi bir zatdygy görünýä. Gurbannazaryň "Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň senden sowlup geçmeýänne şükür et" diýen setirlerini, gala bilen, kapasa bilen saklap bolarmy? Haçan adam teni bilen däl, ruhy bilen ýaşanda ony kapasa saklap bilmeýä. Garaz, aýtjak bolýan zadyma bireýýäm düşünensiňiz. Bu zatlary öňdenem bilýänsiňiz. Meň üçin (bilmedim ähli garraşan adalmalar üçinem şeýledir) dünýäň özi köne, bolup geçýän zatlaram telim gören zatlarymyz. Gaty köpden bäri dünýe meni geň galdyranok. "Näme üçin şeýle bolaýmalyka, beýle bolýarka" diýdirenok. Şonuň üçinem kä günler kelämi ýassykdan galdyrsym gelenok. Bu göwniçökgünlik däl, "Derdine-de döneýin, Özüne-de döneýin" diýýär-ä. "Aldamaga oglan ýagşy, Hudaý ursun garrynam" diýilýär. Aldanyp aldanyp, aldanmazym çykdymaka diýýän. Bu hakyky garrylyk. Indi ten aldap bilenok. Ruhum aldanyp bilenok. Ýüregim başga ölçegleri küýseýä. Muňa-da diňe ölüp ýetip bolýandyr öýtmek ýalňyşmyka diýýän. Gurbannazar başga ölçegde ýaşaýady. Mydama. Mydama samolýotuň aýnasyndan seredýän ýaly seredýärdi. Ruhy bilen hemme görýän zatlaryny gujaklaýardy. Olary, iň ýaşajyk otlaryna çenli gowy görýärdi. Hat-da olary depelemeli bolýanyna gynanýardy. Bu bir hal. Bu başga bir dünýe. Ten dünýesi däl. Duýgy dünýesimi nämemi. Muny duýmak gerek, düşündirip bolmaýa. Duýgy dünýesi saz ýaly. Saz diýilýänem iň düşnükli hem iň düşnüksiz zat. Düşnüksiz diýýänim, düşündirip bolmaýan zat. "Göroglyň at oýnadyşy" şeýle düşnükli, bogunlaryňy ýeke-ýeke söküp barýa. Emma, ony düşündirmek mümkin däl. Ony her kimiň özi ýaşamaly. Edil şu dünýä dogulyp, gelip, ýaşap düşünşiň ýaly meniň düşündirjek bolýan dünýämde-de dogulmaly, ýaşamaly, düşünmeli. Ol başga bir dünýä. Bilýän, näçe düşündirjek bolýan, başaramok. Duýgy dünýäsinde ýaşamasaň, oňa düşünip bolmajaga meňzeýä. Ýöne adaty şu dünýämiz hemem ölenimizden soň barjak o dünýämizden başga, üçünji bir dünýe bardyr öýtmeýärdim. Bu bir hal. Belki, kä kişi Gurbannazar ýaly, mydam şeýle halda ýaşaýandyr. Kä kişem meň ýaly, ak sakal ýaşa ýetende az salymlyk ýaşaýandyr. Bilmedim... Çeşme: ekizler2.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |