07:07 Har eder | |
HAR EDER
Mylakatly bolgun, ulumsy bolma, Ulumsylyk adamzady har eder. Geýinmekde deň-duşuňdan kem galma, Jinne eşik goç ýigidi hor eder. Baýlyk bolsa, beglik bolsa, zer bolsa, Her adama elli gektar ýer bolsa, Aramyzda bet niýetler bar bolsa, Oňar bilse hemme zada zar eder. Ogrular atylar, egri basylar, Betpäller üýşener, pisler gysylar, Bahyllar, göripler barha peseler, Döwletliniň bagy ýylda bar eder. Baýlar bolsun, daýhan bolsun, batraklar, Peri bolsun, hüýrler bolsun, gyrnaklar, Eýsem, deňmi eliňdäki barmaklar, Şeýle bolsa bir-birine zor eder. Men özüm baý ogly, baýyň nesli men, Şu döwre garaşdym köp yhlasly men, «Ýaşaýyş bolar» diýp, belent-pesli men, Gyradeňlik adamlary har eder. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |