06:58 Garrylykdyr-da | |
GARRYLYKDYR-DA
«Ömrüňde ýaman dert näme?» diýseler, Men jogap bererin: «Garrylykdyr-da». «Dogryňy aýt» diýip, gylyç syrsalar, Şonda-da diýerin: «Garrylykdyr-da». Gobsunyp ýeriňden galyp bilmersiň, Eliň ýere urman turup bilmersiň, Tursaňam, diküste durup bilmersiň, Nädersiň alaç ýok, garrylykdyr-da. Göreçler küteler, gapylar gulak, Ylgamak islärsiň, ädilmez aýak, Ýogsam eliňdedir bir metr taýak, Şol taýak şaýatdyr, garrylykdyr-da. Taňrynyň kylanna kaýyl bolmaly, Geçen pederleriň pendin almaly, Hudaý ýaş berensoň, gadryn bilmeli, Ýene ganymatdyr, garrylykdyr-da. Wagtal-wagtal bahar berdi, ýaz berdi, Toýly-tomaşaly aýdym-saz berdi, Şükür Alla, ogul berdi, gyz berdi, Uly döwletlilik, garrylykdyr-da. Ýer titreýip, görk gaçanda galadan, Hudaýym sowandyr dürli beladan, Ömürsaýy närza däl men Alladan, Tebigat kanuny, garrylykdyr-da. Sapar ýomut näçe döwran sürensiň, Ýagşy-ýaman nesibäňi görensiň, Toýlarda, baýramda meýlis guransyň, Hemmesi geçendir, garrylykdyr-da. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |