10:40

Ideýasyz eser - edil ýelkensiz gämi ýaly

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 515 | Добавил: Adalat19 | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Wirus  
"Günbatar edebiýatynyň önümleri adamzat üçin zäherli ideýalary halkyň içine itekleýär. Esasanam soňky döwür çap edilýän eserler şeýle. Şeýle hereketler üçin Alla olardan irde-giçde jogap sorar."

Sorabam otyr-da şumat jogap. Ýewropanyñ we Amerikanyñ koronawirus gazanynda gaýnaýşyny göreñzokmy?

0
2 Bagabat  
43
Makalada dogry meseleler gozgalypdyr. Hakykatdanam her bir eser haýsydyr bir maksatdan ugur alnyp ýazylýar. Eseriň maksady onuň mazmunyny kesgitleýän, onuň süňňüniň oňurgasy bolan ideýa bolýar. Ýöne, käbir eserlerde ideýa güberçekledilip görkezilmänem bilinýär. Mysal üçin, käbir ýazyjylaryň arasynda "Ýazyjy - bu aýna. Ol özüniň akyl, bilim, zehin we ş.m. artykmaçlyklaryndan, galyberse-de özüniň beýan edýän wakasyny haýsy ugra gönükdirmek ygtyýarlygynyň hut öz elindediginden peýdalanyp, okyja öz dünýägaraýşyny dakmaly däl" diýen garaýyş bar. Ýöne, meniň pikirimç-ä, bu garaýyş eýýäm özüniň mazmunynda konstruktiw ýalňyşlygy saklaýar. Sebäbi, nädip öz pikirleriňi, duýgularyňy garyp-gatyp, haýsydyr bir wakany şekillendirersiň-de, oňa öz dünýägaraýşyňy siňdirmän bilersiň? Bu mümkin däl. Edil, ogluňda öz haýsydyr bir beden ýa-da häsiýet alamatlarynyň emele gelmegine ýol bermejek bolan ýaly bir nadanlyga ýakyn garaýyş bolýar. Şol sebäpdenem, islendik ýazyjam öz ýazýan zadyna belli bir derejede öz dünýägaraýşyny islese-islemese siňdirýär. Ýöne, "öz pikirini, öz dünýägaraýşyny okyja dakmazlyga" çalyşýan ýazyjylaryň eserlerinde ideýa düzümi, ýaňky aýdyşym ýaly göze dürtülip durmaýar.
Günbatar edebiýatynyň ideýa düzüminiň umumylaşdyrmasy barada bolsa - jedelli mesele. Sebäbi "Günbatar edebiýaty" diýen düşünjede, "Gündogar edebiýaty" diýen düşünjede juda çylşyrymly aňlatma. Onuň içinde onlarça akymlar, onlarça garaýyşlar bar. Her haýsynyňam özüniň bilip ýa-da bilmän öňe sürýän, nazary taýdan doly işlenen ýa-da işlenmedik nazary-ideýa binýady bar.

0
3 Bagabat  
43
Ýöne, häzirki döwürd-ä islendik ýurduň edebiýaty üçinem esasy maksat - millionlap adamyň okajak eserini ýazmak bolaýmasa. Munuň üçinem, ýene-de öňümizde dil meselesi örboýuna galýar. Mysal üçin: Wikipediýa akga aýdýar, Ýeriň ýüzünde 2020-nji ýyla çenli 7111 sany dil hasaba alnyp, olardan 40 sanysy bütin dünýäde has giňden ýaýran bolup durýar. Olardanam hytaý dilinde 1,3 milliarddan köpräk adam, hindi diliniň dürli şiwelerinde 422 million adam, iňlis dilinde 1,3 milliarddan gowrak adam, ispan dilinde 548 million adam, arap diliniň dürli şiwelerinde 290 million adam, rus dilinde 220 million adam gepleýär, okaýar we ýazýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]