IKI ODUÑ ARASYNDA
Nämüçindir men, köp kişi ýaly, ýeke galamda däl-de, köpçülikde, dürli adamlaryň arasynda oýlananymy duýman galýan. Ýogsa muny etjek bolup azara-da galamok. Gaýta ümsümlikde pikirleriň, ýadyma düşýän wakalaryň köplügi meni belli bir zat hakynda dünýäni unudyp, çynlakaý pikir etmäge maý bermeýär.
Bu gezegem şeýle boldy. Biriniň öýüne myhmançylyga barmaly boldum. Öý eýesi bize (biz 5-6 kişi) hormat goýup bilipdir. Giň ýazylan saçagyň üstünde dürli-dümen iýgi-içgiler goýupdyr. Isleseň arak-şerap, isleseň miwe suwy. Aramyzda şagalaňçy, degişenimizem bolansoň gep gözläp, gürrüň açjak bolubam derde galmaly däl. Garaz, hemme zat gül ýaly. Öý eýesiniň biziň gelenimize begenjinem ýüzünden okap oturmaly. Öý eýesi ýoldaşlarymyzdan bir-iki sanysy bilen bulgur çakyşdyryp keýpini hasam kökledi. Biz – içmeýänlerem ýüzümizi sortduryşyp oturmamyzsoň, wagtyň nähili geçeninem bilmändiris. Birden öý eýesi ýassyga gyşaryp ýatan ýerinden oguljygynyň adyny tutup gygyrdy. Gapydan 4-5 ýaşlyja ýüzi mähirlije çaga içerik girdi. Gireni bilenem uly adam ýaly “Salowmaleýkim” diýip, ýeke-ýeke hemmämiz bilen elleşip görşüp çykdy. Soň kakasynyň ýanyna bardy. Oglunyň hereketlerin guwanç bilen synlaýan kaka ogluny ýanynda oturtdy-da: “Hany öwrenen töwirleriňden daýylara okap ber” diýdi. Oglanjyk enaýyja sesi bilen ilki “Alhamy”, soň “Kulhuallany” okady. Onuň arap dilindäki sesleri çykarjak bolup yhlas edişi häzirem göz öňümden gidenok. Balkyldap duran dury gözlüje, güne-toza çykmadyk şäher çagajygynyň näzijek ýüzi çytylyp yhlasynyň aňyrdandygyny aýdyp durdy. Şol wagt meniň ýadyma owallar bir öýe myhman barsaň, öý eýesiniň çagasyny ýanyna çagyryp çagalar bagynda öwrenen rusça goşgusyny okatdyryşy düşdi. Emma bu biygtyýar aklyma gelen meňzetmäni kowasym geldi. Ýogsa gowy zat ahyryn – manysyz, täsirsiz çaga goşgusynyň ýerini Kur’an süreleri tutupdyr. Şüňa meňzeş deliller bilen göwnümi götermäge, bagty getiren çaganyň halyna begenmäge çalyşdym. Öý eýesi bize seredip: “Özümiziň başarmaýanymyzy şulara başartmaga çalyşýandyrys” diýip ýylgyrdy. Onuň çagasynyň başarjaňlygyna begenişi biziň çenimiz däldi. Esasy zat hem özüniň başarmadygyny oglunyň başarýandygyna ak ýürekden begenýärdi. Emma meniň gulagyma çagalar bagyna gatnaýan başga bir çagajygyň rusça jedirdeýşi gelýärdi. Töweregimdäkilerden nähili gizlänimi bilemok welin, bu keýpime sogan dograýardy. Başardygyňdan her bir zady oňatlyga ýormalydygyny bilsemem bu maňa häzir eýgertmeýärdi. Çagalar bagynda ürç edip öwrenip, soň öýümize gelen myhmanlara begene-begene okap beren goşgularymyzdan häzir näme galdy? Hiç zat. Oýlanyp otursaň, ýakymly ýatlama-da ýok. Özüňiň hakykatdanam aldanan çagadygyňy görýäň. Ownuk zatda-da aldananyňy bilmek, mysal üçin, gök bazaryndan 3 kilo diýip alyp gelen kartoşkaň öýde çekip görseň 2,5 kilo çyksa nähili agyr degýär. Emma aldanan çagalygymyzyň biziň ýüregimize, aňymyza salýan agramy has agyr, ýöne muny kim duýýar, kim kän bir duýubam baranok. Çagalykda aldanmagyň durmuşda saýlap aljak ýörelgämize gönüden-göni täsiriniň bardygyna sähelçe-de şübhäm ýok. Onda-da ne täsir.
Oglanjyk bolsa boýunjagazyny süýndürip inçejik sesi bilen “Allahus-samad” diýýär…
Şol pursat goňşy otagdaky telefonuň jyňňyrdaýany eşidildi. Oňa çenli oglanjygam “Kulhallany” okap bolupdy. Bizem onuň “Berekellasyny” ýetiripdik. Telefonuň sesini eşiden öý eýesi oglunyň arkasyna kakdy-da: “Berekella! Hany indi ylga, kim telefon edýär bil. Meni sorasalar “Ýok” diýiň” diýdi. Oglanjyk towsup turdy-da kakasynyň ýumşuny bitirmäge howlukdy. Çagajyga-da, onuň kakasyna-da gynanjym ýüregimi gyýyp gitdi. Emma biz şatlanyp otyrdyk, gynanjyň bildiriljek ýeri däldi…
#ekizler2