13:03

Indi göwnüm Arşyñ soragyndadyr...

Pälim pes bolsa-da, göwnüm gitmesin,
Adampisint şeýtanlaryñ alyna.
Ynsanlyk perdesi syrylyp ýüzden,
Bu şeýtanlar has köpelen ýaly-la.

Altyn balyk awlan balykçy deýin,
Alanyn az görüp, ýene-de gözläp.
Al bilen tor gurup ýagşy pällere,
Deñiz deý çyrpynyp, şelaýyn sözläp.

Ýaran gözläp, höwür küýsäp özüne,
Gelip meniñ dogry ýolum peýlese.
Aýlansa daşymdan altyn-zer bilen,
Gapyl gözlem! Şeýtan guran meýlise.

Görmesin gözlerim, nägile-de däl,
Şelaýyna gol bermedik synamdan.
Indi göwnüm arşyñ soragyndadyr,
Aslyşmagyñ haýry ýokdur synymdan.

Gyzylgül Annagylyjowa.

Категория: Goşgular | Просмотров: 511 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023
«За то, что ходит он в фуражке…» / Goşgular - 04.01.2023
Письмо к*** / Goşgular - 04.01.2023
«К озеру вышла. Крут берег…» / Goşgular - 06.02.2023
«В исканьи истины и бога…» / Goşgular - 14.01.2023
Kalbyň ýaz, läläm / Goşgular - 01.01.2023
Стихи, сочиненные в день моего рождения / Goşgular - 27.01.2023
«Пусто в покое моём. Один я сижу у камина…» / Goşgular - 15.01.2023
Пеночка / Goşgular - 11.02.2023
«Ветер звонок, ветер нищ…» / Goşgular - 14.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gumlygelin  
8
@Has,goşgyny biraz üýtgetdim.Öñki görnüşini pozaýjakdym.Ýöne,başarmadym.Kyn görmän pozup beräýiñ.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]