23:42 Kakajan Balkanowyň dürli ýylllarda ýazan goşgulary | |
KAKAJAN BALKANOWYÑ DÜRLI ÝYLLARDA ÝAZAN GOŞGULARY
• Dostluk / aýdym Oguz hanyň goýan öçmez mirasy— Adaty, edebi, milli lybasy, Ýagşy niýet bilen eden yhlasy, Gadymdandyr türkmen dogan-dostlugy. Gorkut ataň ündewinden, öwdünden, Ene hüwdisinden, peder pendinden, Bir goşawuç altyn alyp hersinden, Ýugrylandyr türkmen dogan-dostlugy. Merdana ýigitleň piri Görogly, Duşmana ýüzbe-ýüz durandyr dogry, Aslyňa buýsangyn, eý türkmen ogly! Mizemezdir türkmen dogan-dostlugy. Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, — Bir döwleti gurdy Şahyryň ili, Türkmen—Garaşsyz hem Bitarap indi, Nur saçýar Pyragyň dogan-dostlugy. Gowşut handyr, Nurberdi han, Keýmir kör, Atdan düşmändirler, geýip demir don, Şan-şöhraty henizlerem gezip ýör, Türkmen hanlarynyň dogan-dostlugy. Arkadagyň paýhasyna sygynýan, Bagtyýarlyk döwrümize guwanýan, Ýyldan-ýyla berkäp, pajarlap barýan, Ýaşasyn halkymyň dogan-dostlugy! Garaşsyz, Bitarap dogan-dostlugy. “Jigit” Atañ abraýyny jylawlap münüp, Çapdyñ, çarpaýa galdyñ, sowuga buýduñ. Depgä, gamça çydamadyk at süýnüp, Ýatyr indi burup gyl ýaly boýnun. Fewral 1997 Alyma Göwhere barabardyr açan açyşyň Döwürdeşleň duýmaz oň şöhle saçyşyn Ýyllar ötüp bir näkesiň bazarda Görüň ony! Almaza deň satyşyn. *** Eý, hyýaldaş! Geçmişi külterläp, gam oýuna gitmäli, Ýa geljegiň gümürtik arzuwlar ummanynda ýitmäli, Tijeneli dost! Biziň bu gün etmeli işlerimiz köp, Iki jahan owarrasy deý, gaflat ukyda ýatmaly. *** Biziñ lukman gelin—saglyk sakçysy Ýene biri ak pellerde ýygymçy. Biriñiz nebitçi, biriñiz alym, Ýa biriñiz ak süýt saçýan sagymçy. A.Atabaýew “Zenan gözelligi” Perizat, humaý, Aý, gül, jeren, dilber, Agaýunus, Zöhre, Leýli, Şasenem, Döndi, Bossantäç, Gül, Meñli, Ogulbeg, — Hemmesiniñ başlangyjy—How enem. Türkmen gözelleri! Indi bolsa siz : Biriñiz mugallyma, biriñiz lukman, “Köpmüñçi ýgymçy”, “gurluşykçy gyz”, “Gahryman ene” we “köçe süpürýän”. Garym-gatym boldy aýal dünýäsi, Ýetişmeli olar öýe hem işe. Gyşa taýynlanýan garynja ýaly Ýetişiksiz gara günde hemişe. Fewral 1997 • Dagyñ gyzy Güngar Bir gün säher bilen oýandy Güngar, Ak köýnegniñ ýygyrtlarny sypalap; Ýañagyna gyzyl çaýansoñ zergär1, Çalaja gowsundy, fatasyn yrap; Çalaja hiñlendi bägülin ysgap. Gün şöhlesi bilen girdi hüjüme, — Altyn dişler serpikdirdi yzyna. Towlan bolup barmagynyñ ujuna Ýene zülpün ýaýdy akja ýüzügne, Ýylgyryp lak atdy özi-ožune. Gün bilen baharyñ mährine ýylap, Oýandylar kenizlerem Güngaryñ, Gardan eşiklerni sandyga ýygnap, Öwrüldiler halysyna gülzaryñ— Öwrüldiler aýdymyna Gülnaryñ. Ak köýnegin gök bulaga tabşyryp, Güngaram beslendi ýaşyl begrese. …Bulak suwy damarlarmy çilşirip, Kaýyl borun soñ ýene-de çözlese, — Ýüregime barýan ýoly yzlasa… 1z e r g ä r—şapak 1998-nji ýylyñ 1-nji marty * * * “Seniñ üçin men güle öwrülerin, Ýylatmak üçin Güne öwrülerin”— Ýyldan-ýyla, dilden-dile ýugrulan Edebiýat ogrulañ Gepine ynanaýmañ gyzlar! “Seniñ üçin men küle öwrülerin, Ýene gerek bolsa pula öwrülerin”— Sanasañ sogaby bar öwgüleñ, Hakyky ogrulañ Gepine ynanaýmañ gyzlar! 08 mart 1999 • Otnositellik teoriýasy hakda Pyçagyñ her tarapy, — Ýiti hem Kütek bir gün, Agşamara işden soñ, Özara jedel guran. Ýiti diýipdir: —“Her gün” meñ boýnuma barja iş: ulanýarlar hemmeler, bolsa bir ýerde biş-düş. Etem, nanam men kesýän. Soñra ýonýaryn galam. Konserwanam men açýan, çorba kesýärin kelem. Ýüp kesmelem bolsa— men, aş kesmelem bolsa— men, Nurbat towlaýanam— men, Dáşda hyrlaýanam— men Meni hemme sylaýar, Mañä “Ýiti” diýýärler Hemmäniñ dilin tapýan, Şonuñ üçin söýýärler”. “Señ name abraýyñ bar? — Ýiti soran Kütekden, — Eşidýärin käwagt señ Çalaýmañ bar damakdan”. Kütek öz ykbalyndan Örän razy bolupdyr, Ýitä gelen gaharny Syryn bermän ýuwdupdyr. “Meni diñle, Ýiti dost! Abraýyñ maña görä. Eger-de men bolmasam, Gosmazlar seni sürä. Akylym darrak hem bolsa, Eýnşteýne-hä düşünýän— Otnositelligine Bar jisimiñ şu dünýäñ. Seniñ bar ýitiligiñ mañä hem daşa bagly; Ýöne señ şöhratyñý Iýmesin pos diýen awy. • 90-njy ýyllaryñ şahyrlarynyñ käbirine / degişme Geliñ söhbet edeliñ biz ajap gyzlarmyz hakda, Köp taryplaýas olaryñ syratyny, boýuny. Magtamyzda käwagt öte geçäýmämiz bar, hatda: Kelle göçüp garyşdyraýýasam çyn bilen oýny. Häzirem klassyk stilde ýazmak utanç däl elbetde, Ýöne, bir kada bilen ýöräliñ, durmañ bir çetde! Şol bir heñ: gaşy—keman, kirpigi—ok, saçy— ýylan, (Gyz- gelinlerimiziñ golaýyna barar ýaly däl), Guw ýörişli perileñ känelýenne men guwanýan, Ýöne, welin,soñky wagtlar “dag ýarýanam” köpelýär. Gyzlam, uýalam, gelinlem, size ýene-e diýýän; — Çyn aşyklygy başaryp bilmez her goşgy düzýän Mart 1996 • Atsyz goşgy Hol bir baýak, köpçülikde bir kişi, Agyr söz atypdy sakgaldaşyna. Ýaşuly jogapsyz, gaharyn ýuwdup, Alarlyp seretdi garşydaşyna. Hemmeler dymýar: kim mamla, kim nähak? ...Dargady jemagat uzak eglenmän... Emma, “şarpyga” mert duran goja Agyr degdi dyman da:şy mähelläň. 2020 ý. • Ýetginjek gyz Sepeläp dur akja unun çal asman, Çagalar şadyýan zyňyşýarlar gar, Ýetginjek gyz nazaryny aýyrman, Bug tutan aýnadan howla seredýär. Hukugy ýok ylgamaga, bökmäge: ejesiniň sargydyna ol boýun. Ir başlapdyr bukjasyny tikmäge, Gurjakgoş ýygnaldy, goýuldy oýun. Ol indi ulugyz—saçy örülgi, Gar ýaly päkize, hiç bir ýazyksyz. Bolsa-da durşuna “akylyň öýi”, Käýýelipdi daş çykanda ýaglyksyz. Aýnaň ýüzün örtýär gyrawlaýan buz, Çagalaň gülkisem barha daşlaşýar. Juwanlygyň çygryn gedän ulugyz, Çagalygy bilen baky hoşlaşýar. (Indi oňa joşgun ýaşlyk garaşýar). Bugly aýna süýem barmagy bilen, Ýüregniň şekilni çekýär sünnäläp, Soňra peýkam atýar dyrnagy bilen— Köşeşdirýär näzik kalbyn huwwalap. 2020 ý. • Gurtlaryň Towşanyň ölümine bildiren duýgydaşlygy “Garry towşan bakylyga gaýdypmyş”— diýen şum habary eşiden möjek. Ahmyr çekip, hyrçynyny dişläpmiş: “Kim biler, belli däl, kim haçan öljek. Ölen betbagt şagallara şam bolar Ýa garaguş tüýder onuň etini... Nesliniň başynda indi kim durar?”— diýip, gepledenmiş möjek içini. Garry möjek gidenmişin hyýala hem-de ölçeripdir öten geçmişin. Netijä gelipdir: onuň hamala ýagşylykdan ýaman işi köpmüşin. Awlanypdyr keýik-tokgar hem goduk, Daralypdyr tokly, owlak hem guzy. Eden etmişleri bolsa-da mojuk, tutan awun iýmändir oň bir özi. Başda iýenem bolsa kowmy bilen, artanyn kürenne paýlanmyş soňra: tutan awun deňje bölüşip iýen— ömür kesip, kuwwat berip bir ömre. ”Elbetde, çebşek hem soýulandyr kän. Ajyň aňy barmy nä?! Iýilendir. Eý agalar, menden aýyp-syn görmäň! Günählerim kyýamata goýlandyr.” Diýip, çal goluna galam alypdyr, we towşanyň ýakyn hossarlaryna börileň adyndan nama ýazypdyr: ”Towşan aganyň garyndaşlaryna! Hormatly goňşylar, salawmaleýkim! Ýaşulyny eşdip, gynanadyk aşa. Ajal ýazgydyndan gutulmaz hiç kim— alaç ýokdur perman gelende başa. Sähramyz—bir, bolsa-da ryskymyz aýra, Ençe ýyldyr goňşy bolup ýaşadyk. Indiden beýläk hem bolmarys gaýra, Gurt bolsagam juda hetden aşmadyk. Hurşsyz öten günlermizem bolupdy... Ýöne, hawa: “Kyýamat gün—goňşydan”— aram-aram goňşokara “gelipdi”... Şeýde-şeýde gelipdik biz “oňşuga”. Garry möjek göz gezdirip kagyzny, Möhür basyp, towşanlara ýollady. Iýs-iýmese ganly gurduň agzyny Öz-özüçe halallady, oňlady. 2020 ýyl • Bagban Şahyr Hojaberdi Çaryýewiň ýubileýine Bizem-ä altmyşdan ýaňjajyk geçdik, Sen ýetmişi eýýäm arka atypsyň. Halypa, söbügňe basandyrys öýtdük, Emma, niçe menzil ara açypsyň. Ýyllar aşýarmy, ýa biz ýetip barýas, Kethuda, ýaşuly mertebesine, Bu derejä özümizem geň galýas, Kaýyl bolup halkyň merhemetine. Her mertebäň ykrary bar, messebi, Pederlerden miras galmyş bu kada. Olaryň her sözi durmuş mekdebi Hem-de her ädimi ýörelge-ýoda. Biz hem sowulmadyk seniň ýoluňdan, Dersleriň her harpyn kemsiz bişirdik. Öýkenmize sorduk şygyr goruňdan, Bagrymyzy seň bagryňa siňdirdik. Biz ekýäs, sen hasylmyzy ýekeläp, Çürtýäň başlaryny, sogrup haşaly. Şygyr hoşalarny bir-bir tükelläp, Irginsiz saýlaýaň nepsiz pahaly. Ýene onlarça ýyl hatarlap öter, Şonda kersirän, körsürän borus, Ýaňrasagam, öwünsegem geçerler, Esrekden galsagam ärsirän borus. Setirara çeträn sonetlermizden Bileje bogarys bagt çemenlerni. Gizläre şygyr galmaz hiç kimden, Okarys ir döwür gömenlermizi. Çarçuwaly galyp galmaz—bolar ýat, Tämiz bolar beýt arasy hemişe, Şygyr erkin gezer, mukam bolar şat, Şahyr köňli batlananda ýeňişe. 2021 ý. • Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe Bu gün bagşylar goýýarlar gül desselerini Bu gün bagşylar goýýarlar gül desselerni, Magtymgulynyň daşdan köwlen heýkeline. Soňra ýüreklerine goýup ellerini, Tagzym edýärler ynsan beýikligine. Beýik şahyr çala silkip gerdenini: “Eşidýän, owazyňyz örän ýakymly, Sazy hem goýýaňyz uz, goýman kemini, Märekäň öňünde-de örän asylly. Ýeke haýyşym bar hemmäňize däl: Şygyrlarymy aýdanyňyzda her daýym, Seriňiz belent bolsun, köňlüňiz pespäl, Beýtlermi bolsa... halka ýoýmanrak ýaýyň.” 2021 ý. • Rubagylar 1. Kyrkdan, elliden ötüp, ýetdim altmyşa, Segsenem daş däl, baryp bolsa ýetmişe, Birnäçe dostlam galdy duralgasynda, Şükr edýän wagt-wagt, nazar salyp geçmişe. 2. Has öňe dyzasaň gaçarsyň gorpa, Yza galsaň şam bolarsyň guş-gurda, Orta gürpden gitmek namartlyk däldir Ortataplyk ýaraşýandyr her merde. 3. Her kişiň hukugy—aýdyp, goýmakdyr, Edebiň ýagşysy—doýman iýmekdir. Diýýärler: adamyň esasy borjy,— Ýamanlygy taşlap, ýagşa uýmakdyr. 4. Sypaýylar agzalany ýaraşdyr, Bidöwlet emeldar uzak garaşdyr, Paýhas jylawyny tutmasaň mäkäm, Erkin pikirlilik ýoldan azaşdyr. 5. Ýagyşdan soň kirşen palçyga döndi. Asylzada meslikden kilçige döndi. Darwin mamlamy ýa ýok?—Ony bilemzok. Mugthor soguljan ýüpek gurçuga döndi. 6. Entek jahylkaň hemme kişi söýerler, Garraňsoň söýmesini goýarlar, O dünýede diline berk bor ýaly Eňegiňi mäkäm daňyp goýarlar. 7. Döşi gaýşarýanlaň bary goçak däldir, Guşak duşak däl, duşak hem guşak däldir, Hemme erkekleriň “eşek” bolmaýşy deý, Aýallaňam bary diňe “düşek” däldir. • Şygyrlar çemeni (O. O.) Çola çygryň jümmüşinde ýitmezim ýaly, Şygyr setirlerne düzzüm arzuw-hyýalym. Ýazan boldum, şahyrlyga ýetişmesem hem, Dostum, meni ýatlarsyň diýp käwagt, kätaýym. Sergeý Ýesenin (“Dostuma”) Dünýäde iň owadan, iň asylly we iň näzijek gyza “Iň owadan gyz sen!” diýsem, tisginip, süýşýäň, Mylaýymja sesiň jogap bermän, eglenýär. “Iň asyl gyz sen” diýemde, gaşlarňy çytýaň, Eýjejik ýüz aşak bakýar—gizlenýär... “Dogry sözlüniň dosty ýok” diýýärler welin, Eger ýalan sözlän bolsam, ynanarmydyň? A:ý gelin! Älemde saňa ýok taý gelin!— Diýip, çyny ýaýanyma gynanarmydyň? iýul 2020 ý. *** “Iň asylly gyz”, diýemde—jogap ýok. “Iň owadan” diýsem, gaşlar çytyldy. Ýerliksiz gürledim... Batdym iňkise: Aşjak ýolum wagtyndan öň ýapyldy. Telefon biperwaý meniň halyma, (Hatlar hem okalman bozulýar öýdýän). Aýlaýan nomerňi sesiňi küýsäp, Aýňalýan. Oýlanýan. Yza dolanýan. Ýene bir topar söz diňlenmän galar, Onuň sebäbine düşünýärin men: Ýigrim bäşiň “näzijegi” bolsaň-da, Kä kişiň gözüne entek çaga sen. Ol sözleri tekrarlaryn ýigrim ýyl, Söýlärin içimden, daşa çykarma:n. Her minutda altmyş gezek ýatlaryn, Ger, ýüregim urup dursa säginmän. iýul 2020 ý. *** Seniň ismiň sena edip dilimde, Uka gidýän soňky pikirim bilen. Ilkinji pikirim ýene sen hakda, Oýanyp ir säher, şükürim bilen. iýul 2020 ý. *** Kalbyma sünjülen yşkyň peýkamy, dygysyz syhlap dur ýiti tygyny. Çalýan ýaly mährem söýgi mukamyn hem möhrüni basyp ýara yzyna. Muňa ne melhem bar, ne-de tebip bar; maslahat berjek ýok, hem-de hemaýat; ne-hä gynanýan bar, ne-de görip bar. Bu dertde wyždan ýok, ýok onda uýat. Tikeni iňňe bilen sogurýarlar, ýara dömüp, gaýra üzülmez ýaly. Özge bir magşuga aşyk bolýarlar, ýürek gam-gussadan sozulmaz ýaly. Seň peýkamyň ykjam otyr ýürekde, indi maňa täze hanjar derkar däl. Ony baky götererin gursakda. Sen—magşugym, ýatdyr maňa özge ýar. iýul 2020 ý. • Degişme äheňde Bir bakyşda meni dyza çökerdiň— söýginiň permany örän zor eken. Haçjasyz, nogtasyz, ýüpsüz kökerdiň— Älemde şeýle geň güýç hem bar eken. Boýnum burulmaz hiç, çöksem-de dyza, Bu babatda entek men juda gedem. Ýöne aşyk bolsaň owadan gyza, Erkiň gidýär, aklyňam ýitýär eken. Garaşaryn seniň soňky hökmüňe. Dag ýarmalam bolsa men mydam taýyn. Bu sözleri diýerinmi erkime, Hürsekläp durmasa yşkym her daýym. iýul 2020 ý. • Ýadygärlik sowgatjyk ikimiz Aramyza dil düşdümi, ýa-da göz, Ýadygär sowgadymy kabul etmediň. Gowşurjak bolamda, bolupdyň boz-ýaz, Bu ýagdaýy duýup, öte geçmedim. Ne erjellik etdim, ne-de dyzadym, Hem ne gyzardym men, ne-de gyzdym men. Kän garaşdym, umydymy üzmedim, Garaşdyk ikimiz şu günlere çen. Indi bolsa, mahal-mahal ikimiz, Ýatlaýas mylaýym, näzijek sesiň. Ýene bir gün duşuşaýsak üçümiz, Kabul et sowgadyň, mende durmasyn. Kakajan Balkanow | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |