22:36

Undulan söýgim

Категория: Goşgular | Просмотров: 154 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Annabeg Aýmakowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Goşgyny tagaşyksyz gördüm. Jemleme bärden gaýtýar. Söýgi hakda (meň pikirimçe) gaty içiňe sygmadyk wagty ýazmalymyka diýýän. A.Puşkinden bir teoretik düşündiriş getireýin: iki sany ýalňyşlyk bar -diýýär.- Birinjisi Duýgular köp, beýan etmäge söz ýetenok, ikinjisi, söz köp, emma hiç hili duýgy ýok.
Ýaş awtorlara halypa şahyrlardan mysal getiresim gelýär:
-Baglar ýanýar seň toýuňda,
Tylla monjuk ak boýunda,
Agaçmy hol ýap boýunda,
Äpet sary gülmükä ýa?!

***
Daglar ümsüm oturarlar dünýede,
Tolkunlar öz kenaryny öperler.
Meni bir gün ýitirerler dünýede,
Hemem seniň gözleriňden taparlar.

Çygly şemal gelip maňlaýa degdi,
Uzakda bulutlar aglaýar öýdýän.
Saňa şu zatlary ýatlatdym welin,
Ezizim, sen ýene aglaýaň öýdýän.

***

Bag seýline säherde çyk,
Pyntyk görseň, şolduryn men.
Özgelerden sähelçejik,
Artyk görseň , şolduryn men.

***
Duşmak bagtymyzda ýok eken biziň,
Başga bir näzenin ýar boldy maňa.
Belki, sen ezizim, ýeke-ýalňyzsyň,
Goşa görünmäge utanýan saňa.

Ýyllar mende goýdy ýakymsyz yzyn,
Gözlerim üýtgemän galypdyr diňe.
Belki, sen henizem owadan gyzsyň,
Goja görünmäge utanýan saňa.

***
Heý, guwlar,heý sary guwlar gaýduwsyz,
Biziň ilde ýary gören barmydyr...
Gitmäň uzaklara,yza gaýdyň siz,
Söwer ýary ýeke goýan ýarmydyr...

Men şu ýerde halypa şahyrlaryň birnäçesiniň goşgularyndan mysal getirdim. Bularda ne bir artykmaç söz, ne-de kem gaýdýan sözlem, kapyýa, ritm bar. Hemmesi wagtyň synagyndan geçen. Wagtyň synagyndan geçmegi hem şu ýokardaky setirleriň awtorlarynyň ýürek duýgularyna gulak asyp goşgy döredendikleri üçin.
Kitapçyda yzygiderli eserlerini goýýan ýaş awtorlara üstünlik arzuw edýärin!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]