14:04 Kämillik ýolunda | |
Barha uzap barýan uly ýollarda
Bilmez ýaly kämilligiň serhedin, Olar meni şaha kimin döwdüler, A men bolsa polat kimin berkedim. Ýörän çagym topragyma daýandym, Ýykylamda bolsa badaşdy ýürek... Hawa-da, bug bolup galmagyň üçin Ilki ot üstünde gaýnamak gerek. Däli derýalaryň akymy ýaly Ýürek damarynda aksa-da al gan, Meger özbaşyna jansyz göwredir, Kämillik ýoluna ýetmedik ynsan. Ömrüm ahyrlasa, mazar daşyma Ýazaryn ömrümiň iň soňky bendin: Olar meni öldi diýip gömdüler, A men bolsa indi-indi direldim. 09.11.2018 | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |