20:15 Köne patefon | |
KÖNE PATEFON
Ah, garagol oglum, Kiçijik agtyk, Aky ýetiresiň gelýär bu dünýä. Seň eneňe gün ýok, "aladaň" artyk. Seň bolşuňda çagalygym görünýä. Şol eliň uzap dur ählije zada, Öýmüzdäki köne zatlar dagady. Saňa söküp-düzmek bolupdyr kada, Dogry, bejerdiňem köne sagady. On ýyllap çaň basyp ýatan sagadyň Jykgyldysy bizi haýrana goýdy. Eljagazlaň ezberligin haladym, "Göz degmesin!" diýip eneňem söýdi. Birdenem kyrk ýyllap çykarman sesin Ýatan bir gapyrjak ünsüňi çekdi. Kakdyň tozanyňy, aýyrdyň posun, Ah, nämä gerekdi, nämä gerekdi?! Köneje gadymy patafonmyzy Aldyň-da tow berdiň, oňa ýag çaldyň. Sen işletjek bolduň aňk edip bizi, Dürli senetlerňi eliňe aldyň. Birdenkä ol şyggyldady ýuwaşja, Bir köne işigiň sesi mysaly. Jygyldady, gymyldady ýuwaşja, Juwazçy düýäniň aýlanşy ýaly. Soň aýdym batlandy, etdim howatyr, Ol uzak ýyllara gitdi hyýalym. ...Eneň gözlerini ýaşardyp otyr, Patefonda ýaňlanyp dur "Marşalym". Orazmyrat GURDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 04.02.1983 ý. | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |