NÄME ÜÇIN
Hesret çekýän, sebäp, men seni söýýän,
Gül açýan ýaşlygňy aýamaz, bilýän,
Gybatlar, gep-gürrüň, ýanama, hile.
Gözýaş bilen, gamly hesretleň bile
Jogap okamaly bolar täleýe
Bagtly günleň, süýji pursatlaň üçin.
Men-ä gamgyn... Sen şadyýan nämüçin?
MINNETDARLYK
Razy senden bolan zatlaň bary üçin:
Hyjuwlarmyň gizlin azaby üçin,
Dost töhmeti, duşmanlarmyň ary üçin,
Zäherli posalaň azary üçin.
Kalbymyň ody üçin, aglanym üçin,
Meni ähli zatda aldanyň üçin...
Alaç tap, indi bir solmazym ýaly,
Gaýdyp senden razy bolmazym ýaly.
M. LERMONTOW.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
1981ý.