13:01 Mugallym | |
MUGALLYM
Ene dek mähriban ählimize-de, Mähri bilen çoýan eziz mugallym. Bilim dünýäsine ätledip bizi, Bilim düýbün goýan eziz mugallym. Sözleri harpladyp, bogna böldürip, Kem-kemden öwretdiň, sözlem düzdürdiň. Sanlary sanatdyň, goşduň, böldürdiň, Ýaltanman, derini döken, mugallym! Niçe yhlas, niçe sabyr bar Sizde, Kä ödäp bilmesek, ynamyň biz-de, Bizi ýöretmediň şonda-da yzda, Göwünleri bir-bir söken, mugallym! Kerwen gurap, geçip barýar aý-günler, Näçe diýsek, sagbolsunmyz az görner. Siziň sözleriňiz bize uz görner, Nesile höwesli bakan, mugallym! Kümüş PIRHANOWA, Halaç etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň mugallymy. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |