10:58 Müñ dirhemlik hatyram / esse | |
MÜÑ DIRHEMLIK HATYRAM
Tahyryň Zöhrä: "Müň dirhemlik hatyramy bir dirhemge satmagyl" diýenindäki biçäre haly göz öňüme gelýär. Müň dirhem nirede, bir dirhem nirede?! Men-menligim barjak ýerine baraýypdyr öýdýän - özüm-özüme baha kesip ugran bolsam. Näme diýselerem, nähili pikir etselerem, Tahyryňky ýaly "müň dirhem" diýmesemem, gaty bir arzan-a däldirin. Buça bolanyna görä, indi, anyk aýt, gymmat bolaňda näçeräk bahaň bardyr öýdýäň? Özüme beren bu sowalym meni kürtdürdi. Oýun-oýun, ýöne gürrüňi çyna ýazdyrdym welin, başymy aşak salyp oturberdim. Ýok, kiçigöwünlisiräp "Dünýeden niçeme ägirtler, nähili weliler geçipdir" diýip pişikden gaçan syçan ýaly girere deşik gözlämok. Hakykatdanam men özüme uly baha kesýärdim. "Kesýärdim" diýýänim 13-14 ýaşlarymdan bäri özümiň gymmatymyň "bir dirhem" däldigini bilýärdim. Şony bilmesedim, oglanlykdan özüme nyrh goýmadyk bolsadym, belki, bu gün Tahyryň magşugyna diýen setirlerini özüme çekip, başyma agram salyp oturmazdym. Indi "ökünç bilen egilip", "uly döwletden galan köpüklerimi ahmyr bilen sanamalymy?" O wagtlar öýlenmedik oglandyk. Inimiň: "Şu gün dekanymyz käýýedi, gaharyna: "Doglan günüňizi bellärler, ýaşyňyzyň näçä ýetenini bileriňiz ýaly" diýdi" diýip gürrüň bereni ýadymdan çykanok. Ene bir dostumyz bardy. Ol doglan gün bellemek beýle-de dursun, "Şo gün öýüme barmaga, tanyşa-dosta görünmäge utanjyma uzak günümi şäheriň çola köçelerinde entäp geçirýän" diýerdi. Ony geň görmäň. Bu onuň özüne goýan bahasynyň agramy. Onda ýaşan ýaşyňdan utanyp, çola köçelerde entäp ýörmez ýaly "Müň dirhemlik hatyraňy bir dirheme satmalymy?" Ömrüňi bir bina diýip hasaplasaň, ynsan ol "binanyň" gurluşygy üçin nähili azap çekýär. Gije ýatanda-da ertirki çekjek zähmeti üçin dynç alýar. Gijeýedbedbgündizler gezekleşip geçip dur, ynsanam kerpiçme-kerpiç, çüýme-çüý ömür binasyny galdyrýar. Şeýdip salan jaýyňy, heý, satasyň gelermi? Müň däl, milliard berselerem satmaga dözmersiň, çünki sen bu bolmasa ýene birini salaýaryn diýere ýagdaýyň ýok. Bidöwletler bilen tirkeşip, dereksizleri öýüňe salaýan bolsaň ömür binaň gymmatyny bilmedigiň bolmazmy? Pula dözmedik jaýyňy ýele dözdügiň bolmazmy? Şahyr: "Ýaşlygymy gül edip jomartlyk bilen Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym" diýýär. Bilmedim, hatyramy şöhrata satdymmy, baýlyga, bol-elin durmuşa çalyşdymmy, keýpi-sapaň, lezzetiň ýeline sowurdymmy, "Söýmeýän gyzlarymyň döşüne dakdymmy"... Emma bir zady boýun alýan - ýüregimde ahmyrym, hatyramyň öňünde utanjym bar. Ýene bir zada anyk gözüm ýetdi - öz hatyrasynyň bahasyny her kimiň özi kesgitleýän eken. Ýogsa öňler ýogalan güňüň mazaryň başujuna ýygnanan milletiň üç gezek "Gowy adamdy" diýip gaýtalamagy saňa kesilýän bahadyr öýderdim. Emma bu edil beýle-de däl eken. Lä edri "Lä edri" arapçada bilmeýärin, bilemok diýmegi aňladýar. Pygamberimiz: Ylym üç zatdan ybaratdyr - Allahyň ap-açyk kitaby, Resulyň üýtgewsiz sünneti we bilmeýärin diýmek. Şundan soň ýene bir zatlar ýazjak bolmak, elbetde, öz-özüňe garşy gitmek bolýar. Içimden näçe gezek "Lä edri" diýsemem başarmadym. Düýn bir oturlyşyga gitmedik bolsam, belki, bir zatlar ýazjak bolup, siziň başyňyzy agyrtmasamam agyrtmazdym... Gysgajyk aýtsam, 5-6 sany çalarak serhoş pyýada goýnuň iýilmeýän ýeriniň ýedidigini sanap jedel edýärdiler. Olaryň biri barmak büküp sanamaga başlaýardy: "Öt, ajy içege..." Beýlekisem "Ýok, ödi sanadyň, ýamaşgan başla" diýýärdi. Gözümi ortadaky ýarsy içilen arak çüýşeden aýryp bilmän oturşyma başga oturlyşyklar ýadyma düşýär... Arak ýok welin, oturanlaryň haly serhoşyňkydan beter. Arada jedel. Kim gözüni süzübräge-de, ýuwaşdan gopbam ses bilen, kim dyzyny ýumruklap, agzyny köpükledip, öz pikirini aýdýar. Oturanlaryň sany ep-esli bolsa-da, içinde birem bir zat öwrenmek üçin beýlekini diňlänok, her kim özüni bilimli, sowatly görkezjek bolýar. Şeýle etmeseň bolar ýalam däl, ähli kişi akylly, sen samsyk bolup barýaň. Jedelem at ýaryşdyran ýaly bir zat. Aňsat-aňsat galasyň gelenok. Kelle gyzýar. Onsoň, içgi içilmese-de, joşuň ýetik. Üstesine-de, bilmeýäniňi boýun alaýsaň zat bilmeýän bolýaň. Bu ýerde esasy bilmeli zat - bilmeýäniňi bildirmeli däl. Şonda-da araňda has gepe çeper, sesine bat bermäge ökde tapylar. Özüňden artyk bilýän zadynyň ýokdugyny bilip otursaňam, onuň diýenini bilimlisiräp tassyklap, sypmaly bolarsyň. Ýogsa o seni ýeňäýse, sen zat bilmeýänleriň hataryna goşularsyň, "spisokdanam adyň çyzylar", onsoň sen hiç kim. Äsgerilmeýän, hasaba alynmaýan, baryň-ýoguň näbelli biri bolarsyň. Garaz, bilmeseňem bilýänlerden bolmagy başarmaly. Bilmeýäniňi bilmeseň-ä iň aňrybaşy. Onda seni aňsat-aňsat ýeňen tapylmaz... Her kim başyny ýerden galdyrmaga utanyp, biri bir zat gürläýse-de, ondan özüne peýdaly ylym aljak bolup, bilimsiremäge däl-de, bilmäge teşne köpçülikde-de bagtyň getirip oturýan wagtyň bolýar. Şonda-da bilimlisräp bir zatlar gürläýseň, oturanlar "hä" diýýä-de oňaýýa. Şeýtana: "Bu adam gürlände gürläni, dymanda has beter bagrymy ýakýar" diýdirýändirler. Seň "sözüňden" soň şeýle bir dymyşlyk bolar welin, bilimlisiräniňe puşman edip, ýere girip bilmersiň. Şeýtanyň bagry ýansa, seniň ýüzüň lap-lap gyzar. Ylym artan wagty gep-söz azalar, boş gep-gürrüňler köpelen wagty ylym azalar. Alym alymdygyny bilen wagty alymlygy gutarýarmyş. Çünki, hakyky alym dagdan beýik dagyň, alymdan güýçli alymyň bardygyny gaty anyk bilýär. Hakyky alym aňyrsyna ýetip bolýan ylmy, belki, ylym hem hasaplamaz. Şonuň üçin, çyn alym hemişe okuwçydyr, öwrene-öwrene ömrüni ötürer. "Näçe bildigimçe özümiň hiç zat bilmeýändigimi bildim" diýer. Çyn alymyň alymdygyny özi bilmese-de, il bilipdir. Bişr bin Haris hakynda il arasynda: "Ol süýji suwly çuň guýy ýalydyr, ondan içmek üçin her kim diňe nobata durup, ýeke-ýekeden, bir-biriniň yzyndan başyna gelip biler" diýlipdir. Megerem, ylym adamyň daşyny örtýän eşigi däl, onuň özüniň bir bölegi. Ýöne ylymyň eşige meňzeýän ýeri - adam eşiksiz bolsa gözeilginç bolup durşy ýaly, bisowatlygam ýaşyryp bolanok. Atam pahyr gaty gahary gelende "Bilmäsiňem, bileniňkä gitmäsiňem" diýip käýiner eken. Diýmek, bilýäni diňläp bilmegem ylym. Bir akyldaram: "Öňler alym gözlener eken, indi alym gözleýär. Gaçylmaly gözlenýär, gözlenmeliden gaçylýar" diýipdir. Günäniň iň ulusy edýän işiň günädigini bilmezlikmiş. Bilmeýäniňi bilmezlik günäsi ondan kiçimikä? Ýer ýarylmady... Haýa nämä gerekkä, bihaýalaram gül ýaly ýaşaşyp ýör-ä? Bihaýalyk bilen haýa hakynda gürrüňe başladym. Başladymam haýa hakynda gürrüň etmegiň özüniň bihaýalykdygyny duýdum. Özüm kim, haýa hakynda gürrüň açarça?! Akyldaryň "Köwşüni palçyga bulan adam batgadan gorkmaz" diýen sözüni galkan edinip, degene gözüm menden däl edibersemem bordy. Suwuň gadyryny çölde galan teşne biler, belki, haýa hakynda bihaýanyň sözlerini okamak has gyzyklydyr. Hakykatdanam, haýa ynsana näme üçin berildikä? Ýeke özüň öýüňde maýkaça gezip ýörensiň welin, birden bir ýerden myhman geler - derrew köýnek geýmelisiň. Ýa-da gelin keltejik, bolgusyzja ýaglyk bilen başyny çala bogup oturandyr welin, ardynjyrap gaýynatasy geler. Hasyrdap gyňajyny gözlemelidir, gyssag arada ony tapjak bolsaňam dertdir. Haýa diýilýän şu boljak bolsa, hakykatdanam ol nämä gerek? Nämä gerek, öz-özüňi aldap ýörmek?! Myhmançylyga maýkaly gitmesem boldy-da, gelen myhmany öz öýümde nähili garşylamda näme? Gelniň haly-ha hasam geň. Ýeri gaýynataň, mysal üçin, gaýyn eneden tapawudy näme? Biri ata, beýlekisi ene. Eje-kaka ýaly-da. Şonda-da biri bilen-ä arkaýyn gürleşip, derdinişip oturmaly, beýlekisindenem bogunyp, ýaşynyp dert-azara galmaly. Beýle haýa kime gerek?! Haýa etmek, utanmak duýgusy, ýalňyşmaýan bolsam, soň öwrenilýän zat däl. Gaýta, adam utanjyny ýitirse, soň aňsat-aňsat utanmany bilmeýän, başarmaýan ýaly. Adam ata, How ene jennetden çykarylmazynyň öň ýany utanypdyrlar diýen rowaýat bar. Aýby bolmadyk, belki, utanjyň nämediginem bilmez. Ynsany haýwandan tapawutlandyrýan zatlaryň biri hem utanç duýgusy diýýäler. Ýöne adamy haýwandanam beter şeýtandan tapawutlandyrýan zat haýa bolsa gerek. Sebäbi bihaýa adamlary göreniňde haýwan janawar göz öňüňe gelenokda, melgun ýadyňa düşýär. Mümkin, ýalňyşýandyryn, ýöne köplenç üsti örtülýän, töwerekden gizlenilýän zatlaryň aňyrsynda aýp ýygşyrylýar. Ynsan näçe dünýesini il-gününden, töwereginden örtmäge çalyşýan bolsa, şonça-da şeýtanlaşmaly bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, kä bir gowy adamlar hakynda gürrüň edilse "Göwni açyk, aňyrsynda zat ýok" diýilýär. Içiň bet pygylly, töweregiňe-de gowy görünjek bolmak, belki, bihaýalygyň çürbaşydyr. Häzir tanalýan biriniň oglanjykka köçäň ugrunda ýaşulular otyr diýip, olardan utanjyna mekdebe aýlawly çola köçe bilen gidişini eşdip haýran galdym. Ýene bir synçy adam: "Hakyky medeniýetli kişi köçede ýatan itdenem utanar" diýipdir. Gijeleriniň ýarysyny Alla ybadat edip geçirýän Ymam Agzam köçeden geçip barýaka, biri ony ýanyndaka görkezip: "Hol adam tutuş gijesini ybadat edip geçirýär" diýipdir. Bu sözi eşiden Ymam Agzam özi hakynda gowy pikirde bolan adamy ýalançy etmejek bolup, şol günden soň hakykatdanam gijelerini tutuşlygyna ybadatda geçiripdir. Ine, Ymam Agzamyň sözleri: "Bolmadyk häsiýetlerim bilen adamlaryň öwmesi sebäpli Alladan haýa edýärin." Men bolsa maýkaň, gözlenilýän gyňajyň gürrüňini edýän. SSSR-iň baknasy bolan milletleriň arasynda haýasyny iň gowy saklan, gelin-gyzlary eşigini üýtgetmedik millet diýip bizi görkezýärler. Munuň hakykatdanam şeýledigi barada oýlanyp oturanyňda, Ýer togalagynyň Ymam Agzamdan bäri nähili bihaýalaşandygyna düşünýäň. Bir gezek bir ýaşuly gepiniň arasynda: "Alla adamy öz perzendiniň öňünde utanmaly etmesin" diýip, dileg etdi. Men ol saçynyň garasyndan agy köpelen ýaşulynyň ýaşynyň soňunda çagasynyň öňünde utanar ýaly näme etmiş edenini bilemok, soramagam aýp gördüm. Häzir şol ýaşulynyň sykylyp, bir gysym bolup oturşy göz öňüme gelýär welin, Ýer togalagy diýilýän kiçelip, eliň aýasyna sygaýjak bolýar. Haýa ynsany kiçeldýän bolsa, Ýer ynsandan has haýalymyka diýýän. Onsoň ol neneň kiçelip eliň aýasyna sygaýjak bolmasyn?! "Ýer ýarylmady, men girmedim" diýilýär. Ýer görgüli näme diýýärkä? Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |