16:12

Nuhty Nazar: Atgulak

ATGULAK

Instituty gutaransoň Nuhty Nazar professor Myratberdi Könäýewiň kömegi bilen, özüniň geljekki ýokary göterilişleri üçin böküş basançagy bolup hyzmat edibiljek ylmy edaralaryň birinde laborant bolup işe galdy. Emma her näçe ýesersiresede, ýaşlykda ýüz uran pelsepesine görä ur-tut uly-uly işlere welin çekilibermedi. Ýüreginde besläp ýören arzuwlaryndan el çekäýesem gelmedi. Şonuň üçinem kakasy uly edaralaryň birinde işleýän, asly öz obalaryndan bolmasa-da goňşy etraplaryň birinden bolan bir gyza öýlendi-de, gaýynynyň üsti bilen azajyk “beýgeldi”. Jaý edindi. Iň esasanam şäher adamlarynyň arasynda “pylanynyň körekeni” diýen hormatly ada eýe boldy.
Daşyndan seredeniňde düýbünden şäher gyzyna meňzemeýän, hüýt gara, çöpe jan bitdi hor, hüwiniňki ýaly göm-gök, tes-tegelek gözlerini höwlendirip gözleriňe dikende aýaklaryňy tibirdetdiriberýän, jüýkburun gyz Nuhty Nazaryň özündenem dillije, dogumly, ýeserje bolup çykdy. Baran gününden başlap ärini hiç ýana butnatmady. Bile gitdi, bile geldi. Eglense hasabat sorady. Aýlygyny köpügine çenli jübüsinden silkip aldy. Aýdany-aýdan, diýeni-diýen boldy.
    Ýöne, aýalynyň bu hökmürowanlygy Nuhty Nazary gaty bir darykdyrybam durmady. Gaýtam onuň şol bolşuna birhili buýsanýan ýaly boldy.  “Aý, giç barsak Garagyýçak bizi öýe goýbermez”, “Şol rugsat bermese gymyldap bilmeris” diýen ýaly sözleri aýtmay gowy gördi, Öň-öňler daň atýança oturyp, iýişip, içişip ýören dost-ýarlarynyň arasyndan gyl ýaly sogrulyp gaýtmany, oturylyşykdan ýüz öwürmäni dagy hiç zatça-da bilmedi. 
    Onuň bu bolşy kysmatakaýyllykdanam däl-de, aýalynyň ähli hereketleriniň diňe içeriniň abatlygyna, agzybirligine gönükdirlendigine düşünýänligindendi. Çünki, hemişe haýbatly gürläp, halymsyrap ýörendigine garamazdan ol gelin hakykatdanam ärine-de, içersine-de diýseň yhlasly. Serenjamçyl. Arassa. Tertipli. Bar zady ýerbe-ýer. Myhman garşylamaga ökde. Biş-düşe ondanam ökde. Hyzmatam şolar ýaly. Äri yzyna adam tirkäp gelse ýükürgenmeýär, gaşyny çytmaýar. Ýöne, kemhyzmat bolmaz ýaly, myhman geljekdigini öňünden duýdurmaklygy welin, ärinden berk talap edýär. Myhman gelende gapa çykyp garşy almany, gidende gapa çenli ugratmany, “gelip duruň” diýmäni unutmaýar. Her näçe gaharjaň bolsa-da, myhmanyň ýanynda siltenmeýär, ärine igenmeýär. Näme göwnüne näjaý bolsa, ikiçäk galanlaryndan soň aýdýar. Äriniňki bolsun, özüniňki bolsun, dogana, garyndaşa yssysy güýçli. Mährem. 
    Merkezden uzak obalaryň birinde, onuň-munuň goçuny biçip, odunyny daşap, çaňňalak süpläp zar-zelillik bilen ösen çarwa oglany üçin şondan başga näme gerek? Muňa Nuhty Nazaryň özem düşünýär. Şonuň üçinem onuň kejine gaýdanok. Munyň däl diýenok. Näme diýse-de sesini çykarman diňleýär. Soňundan çürüje kellesini titredip bir wäşije söz oklaýar, şonuň bilenem “ýaz ýagşy” kiparlaýar. Özem hemişe aýalyna “Hüwüm” ýa-da “Garagyýçagym” diýip ýüzlenýär. O-da muny gaty görüp duranok. Çyn adynyň nämedigini bolsa Nuhty Nazaryň özünden başga bilýänem ýok. Bizem bilemizok.
    Ýene-de bir bellemeli zat, o-da ol gelin köplenç orsça gepleýär.  Üstesine-de iňňän çalt gepleýär. Gahary gelen wagt-a asylam näme diýýänine düşünip bolanokdy. Ýöne göwnese welin türkmençänem hiç kimden kem bilenok. Ikisinem garjap dürüşde-de ediberýär.
    ...Ine, onsoň günlerde bir gün şol, öwgüli gelniň obada ýaşaýan garyndaşlaryndan toýa çakylyk geldi. Oňa-da haýsydyr bir sebäbe görä özi gidip bilmedi-de, ärini iberermen boldy. Şonuň üçinem agşam sagat ýediden ýigrimi minut işlände:
    –Hüwim, hany bir çaý ber, –diýip bosagadan ätlän äriniň goltugyna bir sany gök fabrik halysyny düýrläp dykdy-da gözlerini tegeläp: 
    –Çaý içip, çepbe çeýnäp oturara wagt ýok, sen häziriň özünde oba gitmeli. Otla ýetişmeli –diýdi. Iýer-içer ýaly zatlardan doly sumkanam eline tutdurdy. Golamta gorsalan üzüm çybygy ýaly garalyp duran inçejik barmagyny diwardaky sagada tarap çommaltdy. –Häzir-ä sagat alty. Otlam pomoýemy otprawlýaetsýa pol wosmogo. Tak, çto sen öl, ýit welin, ertir gelnaljy ugramanka şu atgulagy şolara gowşur. Bar! Birden wagtynda ýetirmän şo heleýleriň ýanynda masgara edäýseň ot menýa dobra ne ždi. Özümem häziriň özünde jaň ederin, barýandyr, garşylaň diýip. Ertir toýy sowuş, birigünem özüňkilere görün-de soňky gün göni gaýt yzyňa. Soňkusy gün kakamyň doglan günüdir, bile barmasak bolmaz.
    Nuhty Nazar derman düwünçegi ýaly kiçijik kellesin iki ýana ýaýkady-da, ýekeje-de söz aýtman düwdenekläp daş çykdy. Çykyşy ýalam bir taksini saklady. Halysyny goltugyna gysyp durşuna yzky gapyna açdy. Aşak eglip kellesini saňňyldatdy.
    –Wagzala taşla bilmezmiň? 
    Agşamyň ümüş-tamyşlygynda sürüjiniň ýüzi saýgartmasa-da, sesi aýyl-saýyl eşidildi.
    –Kyrk-elli ädim bärräginden-ä öwrüljek.
    –Özüne eltibilmezmiň?
    –Aý, ýok. Pasažirim ba. Muň ugry başga.
    Sürüjiniň gapdalynda biriniň garalyp oturanyny Nuhty Nazar şondan soň aňdy. Göz-açyp ýumasy salym daş-töweregine göz aýlady-da, yzky gapydan kürsäp girdi. Halysyny öňüne kese basjak bolup uly basga galyp oturşyna kineli seslendi.
    –Ýeri bolýa-da, sür!
    Nuhty Nazaryň taksiden düşen ýeri çak edişindenem sowarak bolup çykdy. Üstesine ullakan tonneldenem geçmeli boldy. Tonneliň ortarasyna ýetiberendenem ýeňse tarapdan güýçli ýagtylyk peýda boldy. Göwnüne ol edil öz üstüne sürnüp gelýän ýaly hyrra yzyna öwrüldi. Çiňerildi. Gözi gamaşyp sögündi. Oňa çenlem goşa ýagtylyk ulyala gürrüldi bolup geldi-de, deňinden geçibräge-de saklandy. Depesi öçüp-ýanyp duran çyraly, sary-ala “Gaz 69” maşyna gözi düşenden Nuhty Nazaryň endamyna sowuklyk aralaşdy. Müýni ýok hem bolsa birhili gorky basdy. Galpyldady. Birdenem: depegenden daşrak diýipdirler, diýdi-de, tonneliň gyrasy bilen egni halyly, eli sumkaly ýegdekläp gaçmaga başlady. Maşynam “waz-z-z” etdi-de, ep-esli öňe gidip saklandy. Tapur-tupur bolşup içinden iküç sany ýaş milissioner çykdy. Nuhty Nazar yzyna tarap ökjäni göterendenem: “Dur!”, “Gaçma!” diýşip gygyryşdylar. Iki ätdirmän yzyndan ýetdiler-de, şapba tutdular. Halysyny elinden gaňryp aldylar. Bulary milissioner eşigine giren talaňçylardyr öýden Nuhty Nazar gyssanjyna:
    –Milissiýa! Milissiýa! Kömek ediň! Talaýarlar! –diýip ulyili bilen gygyrdy.
    Eýýämhaçan iki golundan tutup maşyna tarap idenekledip ugran milissionerler:
    –Ine, milissiýa gapdalyňda. Biz! Näme arzyň bolsa aýdyber, –diýşip hüňňürdeşdiler. Iki elinden tutup gapysy açyk duran maşynyň ýanyna eltdiler, dyzlary bilen syrtyna r-ras depibem: –Mün! –diýşip ýerli-ýerden gygyryşdylar.
    –Näm-aý, öýe barsaň-a oba tarap “marş” diýip gapynyň agzyndan yzyňa kowýalar, köçä çyksaňam maşyna “mün’ diýip syrtyňa depýäler, mundanam bir düzgün bormy-aý, – diýip Nuhty Nazar milissionerleriň hersiniň ýüzüne bir bakyp naýynjar dillendi. –Milissiýalygyňyz çyn bolsa golumy bir goýberiň. Eý wäk, gaňyrmaň! Gaňyrmaň diýýän men size! Soň puşman edersiňiz! Eşitýäňizmi?! Ýaman puşman edersiňiz!
    Sürüjiniň gapdalyna münen tos-togalak, tegelek ýüzli, dodaklary böwrek ýaly gabakman ýigit boýnunyň ýogynlygyndan ýaňa zordan yzyna öwrüldi-de, ýagjaryp duran etlek elleriniň arkasy bilen Nuhty Nazaryň eňegine “jalkyldatdy”.
    –Hany beýlekisi?
    Nuhty Nazar eňegini tutdy. Gözüni ýaşardyp öňküsindenem has naýynjar gepledi. 
    –Nämäň beýlekisi?
    –Nämäňkidigini görkezerin men saňa, bölüme bir baraly bakaly. 
    Nuhty Nazaryň golundan tutup oturan ak ýüzli agajetli ýigit aran ýaly barmaklaryny öňküsindenem berk gysdy.
    –Hany halyň beýlekisi?
    –Bary how şu. Bulam meňki däl...
    Öňde oturan ýigit bärsine bakman gürledi.
    –Bilýäs seňki däldigini.
    Ömründe birinji gezek bolsa gerek, Nuhty Nazar erbet aljyrady.
    –Meňki däl diýdigim, meňki däl diýdigim däl-de, neme diýdigim...aýalymyňky diýdigim...ýok, aýalymyňkam däl-de...Biz muny ...Men muny... ertir guşluga çenli...
    Şol wagtam maşynyň içindäki rassiýa “jagyr-jugur” etdi-de, aňyrdan kimdir biriniň “wajyr-wujury eşidildi. Sürüji trubkany göterdi:
    –Birin-ä tapdyk, ýoldaş maýor, ikinjisinem gözleýäs.
    Aňyrdan ýene bir iniňi üýşendiriji “jagyrdy” eşidildi, bärkem “ýest” diýdi, şonuň bilenem aragatnaşyk kesil;di. Gabakman ýigit agrassyran bolup oturşyna hälki soragyny ýene-de gaýtalady.
    –Howwa, hany indi muň beýlekisi? Ýa ýadyňa düşenokmy? Ýadyňa salaýynmy? Salmaýynmy?
    Ol ýene-de nuhty Nazary urmaga hyýallandy. Nuhty Nazar eli bilen eňegini penalap arkan gaýyşdy. Ürkek at ýaly kellesini ýaýkalady. Janyndan syzdyryp gepledi.
    –Ahow, siz näme hakda gürrüň edýäňiz? Nämäniň gürrüňini edýäňiz? Nähili haly hakda soraýaňyz? Düşündiriň-ä, näm bolupdyr, men näme edipdirin, kimden näme alypdyryn? –Nuhty Nazar bir baksa wokzalyň deňinden geçip barýalar. Ol etegine ot düşen ýaly “zöwwe” ýerinden galdy-da, sesiniň ýetdiginden gygyrmana başlady. –E-eý, gardaşlar! Gardaşjyklar! Nirä barýaňyz! Duruň! Halymam beriň-de düşüriň meni! Men wagzala barmaly! Otla münmeli! Oba gitmeli... Ertir guşluk bolmanka...
    Gapdalynda oturan ýigit golundan tutup bir çekende ony oturgyja çüýledi. Agzyny gulagyna eltip dişini gyjady.
    –Ýene bir gezek gymyldadygyň oňurgaňy ýazdyraryn.
    Nuhty Nazar birdenkä dogumlanyp başlady. 
    –Näme-e-e!!!..Oňurgaňy ýazdyraryn?..Senmi? Meňmi? Sen bar-a!..Sen  bar-a!.. Nädersiň sen ertiriň özünde öz oňurgaň ýazaýsa! Hä? Bir uranymyz geçdi diýip indi urubermelidir öýdýäňizmi bigünä adamy! Ýa jenaýat etdimmi men? Ýa eden jenaýatymy subut etdiňizmi meň? Ýa hossarsyzdyr öýtdüňizmi? Nä hakyňyz bar maňa el galdyrmana? Bilýäňizmi men kim? Bilýäňizmi men kimiň nämesi? Bilýäňizmi men şu halyny nirä alyp barýan! –Ol uçjak guş ýaly galkyjaklap ugrady. –Bilýäňizmi siz şumat kimiň göwnüne degip oturandygyňyzy?!..
    Bular ýaly haýbatly gürrüňleri her ädimde eşdip ýörmänlerindenmi ýa hakykatdanam ätiýaç etdilermi, milissionerler şondan soň Nuhty Nazara kän bir azar bermediler. Ýöne göni bölüme äkitmediler-de şo-ol, ondan-oňa aýladylar ýördüler. Bir ýerlere girdiler, çykdylar, awtomatdan jaň etdiler, özleri ýaly maşynly aýlanyşyp ýören milissionerler sataýşaýsa dag-a ep-esli gürleşip durdular, soň ýene-de aýrylyşdylar.Käwagtam öňküleri ýaly rasiýa arkaly bölüm bilen gepleşdiler. “Gözleýäs”, “öňki-öňkülik” diýen ýaly sorag-jogaplar alyşdylar. Bir ýerde üsti bidondan doly maşyny saklap içindäkiler bilen ep-esli gürleşdiler. Ahyram bir bidonlaryny alyp galdylar-da goýberdiler. Barmaklary bilen bidonyň gyrasyny ýalap oturyşlaryna “maýski-de-maýskiý” boluşdylar. Gapdallarynda ýat adamyň oturandygynam unudyp, çen bilen hersine näçe kilodan düşjekdigini hasapladylar. Başga bir ýeňil maşynyň sürüjisine yrsarap, adama ýigrimi bäş manatdan pul aldylar. Ýene-de bölüme jaň edip: “gözleýäs, tapamyzok” diýdiler. 
    Ahyram bir çolarak ýerde durup garbanmakçy boldular. Ozaldanam jany ýanyp duran Nuhty Nazar olaryň bu bolup ýörüşlerine hasam kejikdi.
     –Ahow, nirä eltjek bolsaňyzam eltiň-de dynyň meni bir ýere. Beýtmäň-ä. Aç men. Işden çykybam duz datman gaýtdym. 
    Emma olar muňa “diýýärmisiňem” diýmediler-de hersi bir ýerden dolanan somsamy, çişlikmi, birgiden köçede satylýan iýmitlerden kagyza çykaryşdyryp, sürüji bilen öňde oturanyň aralygynda goýdular. 
    Sürüji oturgyjyň aşagyna elini sokup bir çüýşe arak çykardy. 
    –Ýelmiýäňizmi?
    –Ýelmäliň, ýelmäliň.
    Adama bir gezek ýelmäp-ýelmemänkälerem “ýelimleri” gutardy. Gulaklary gyzan pyýadalar ýene-de töwereklerine garanjaklaşyp başladylar. “Pylanyňkyda-ha bardyr” diýşip, birki sany ýeriň adyny agzadylar.Olaryň indem arak gözläp kaňkajakdyklaryna gözi ýeten Nuhty Nazar sumkasyny sermendi. Onuň özlerine tarap bir çüýşe aragy uzadyp oturandygyny gören “azarly” pyýadalaryň barysy birden ala-goh boluşdylar.
    –Beh, magazzyn-a ýanymyzda ekeni-how!
    –Maladis-aý, bi...
    –Gowy adam ýaly-la how, biziň munymyz.
    –Wah, zeýrendem-le görgüli men gowudyryn diýip.
    Nuhty Nazar aýalynyň ýolda iýip-içersiň diýip sumkasyna salyp goýberen beýleki zatlarydanam çykaryp ortada goýdy.
    –Ine, meň agşamlygym şü. Işden gelşim ýaly garbanmaga-da howlugyp gaýdyşymdy. Ýolda otlyň üstünde iýip-içmelidim. Indem näme, otl-a gidendir, toýa-da barybir ýetişmen. Işdämem köýdi. Siziň nesibäňiz ekeni, iýiň noş bolsun. –Gabakman ýigit ýüzüni ýerden galdyrman Nuhty Nazaryň öz aragyndan özüne ýarym stakan uzatdy. Nuhty Nazar içmedi. –Içjek däl. Içsem onsoň siz başga bahana tapman, içgili ekeni, şoň üçin tutduk diýersiňiz.
    –Beh, syýasatdanam başy çykýan ekeni-how, muň –diýip, arak içensoň birneme dili açylan sürüji başardygyndan sypaýy gürlemäge çalyşdy. –Ýa ýokary bilimli dagymysyň?
    Nuhty Nazar oňa tarap eňegini çürreltdi.
    –Onda-da aňry ýany bilen. Häzirem ylym bilen iş salşyp ýörün. Özümem şu ýerli. Şähernoý. Tanşymyňam sanasaň sogaby bar. Ýaňam men size ýöne ýerden haýbat atamok. Çynymy aýtdym. Size nebsim agyryp aýtdym. Meň üçin indi sizi ymgyr heläk ederler. Iň bärkisi gaýnymyň kimdigini aýdaýynmy?
    Olar indi iň bolmanda beren aragynyň, çöreginiň hatyrasyna ony diňlemeli boldular. Şonuň üçinem, aşak bakyp sümrüşip oturyşlaryna burunlaryna salyp hoňňuldaşdylar. 
    –Aýt, aýt...
    Beýle arzyly gaýnyň kimdigini bilenlerinden soň welin olaryň barsynyň süňňüne sowuklyk aralaşdy. Hereketlerinde gowuşgynsyzlyk emele geldi. Darajyk maşynyň içinde käte bir turýan hälkije goh-galmagallar gaýdyp gaýtalanmady. Aragyňam, çöregiňem mazasy gaçdy. Henizem Nuhty Nazaryň goluny gysyp oturan ak ýüzli ýigidiň barmaklary öz-özünden gowşady. Nuhty Nazaryň tumşygyna kakan ýigit hasam kyn güne galdy. Ol esli mahal aşak bakyp, dişini synçgap oturdy-oturdy-da gabagyny galdyrman sorag berdi.
    –Nirä barýadym diýdiň sen ýaňy?
    Nuhty Nazar heşelle kakjak wagty ýa gahary gelende edýän endigine görä gözlerini süzüp eňeginiň ujuny gürrüňdeşine tarap gönükdirdi.
    –Oba.
    –Keýpinemi?
    –Toýa barýadym. Ertir gün guşluk bolmanka-da şu halyny toý eýesine gowşurmalydym.
    –Atgulakmy?
    –Howwa.
    Gabakman ýigit çep gözüniň gytagyny örän kynlyk bilen Nuhty Nazara tarap aýlady.
    –Çynyňmy özi?
    –Näme ol?
    –Toýa barýanyň, halyň özüňkiligi...
    –Weý, çynym bolmasa barlap göräýiň.
    –Kim subut edibiljek ony?
    –Aýalym subut edibiljek.
    –Öz aýalyňmy?
    –Iliňki bilen nämişim ba meň.
    Gabakman ýigit ýene bir salym böwrüni diňläp oturdy-da, täzeden sorag berdi.
    –Ýaňky diýeniňem dogrumy onsoň?
    –Haýsy diýenim?
    –Gaýynym neme diýeniň.
    –Dogrudygyny däldigini ertir gün guşluga galandan soň bilersiňiz.
    Gabakman ýigidiň sesi diýseň tukat çykdy.
    –Onda başda aýdaýmaly ekeniň-dä.
    –Sizem başda şu soraýşyňyz ýaly soraýmaly ekeiniňiz-dä, adam şekilli. Gep ýok, gürrüň ýok, geçip barýan adamy tapyr-tupur tutýaňyz, goluny gaňrybam basýaňyz maşyna.
    –Özüňden-dä, gaçdyň-da, bizi görenden.
    –Gaçmaz ýalymy bolup gelşiňiz.
    –Onda nämüçin milissiýa diýip gygyrdyň?
    –Sizi talaňçydyr öýtdüm.
    –Ýeri bolýa. Dokumendiň bamy?
    –Bar.    
    Gabakman ýigit bir oturyşyny bozman Nuhty Nazara tarap aýasyny serdi.
    –Hany al, göreli.
    Gördi. Kabinanyň içki çyrasyny ýakyp bloknodyna bir zatlar belleşdirdi. Soň dokumendi eýesine gaýdyp berdi.
    –Aýalyň görse tanarmy?
    –Menimi?
    –Ýok how, halyny.
    –Näme tanaman. Ýap-ýaňy şuny elime tutduryp goýberen şoň öz-ä. Toý edýänem şoň garyndaşy. Kakasynyň doganoglany. Olar ýaly ýeriň çagasynyň nähili ynjyk bolýanynam özüňiz bilýäňiz. Şoň üçinem men-ä indi ol öýe barybilmen. Gowusy siz meni äkidiň-de gelnimiň gahary ýatyşýança bölümiňizde saklaň bäş-üç gün. Soňam gelip özi alyp gitsin.
    Gabakman ýigit goltugyna ýandak gysdyrylan ýaly gollaryny galgadyp ugrady.
    –Ýo-o-ok, ýo-ok, ol bolmaz. Bigünä adamy biz bölümde bir günem saklabilmeris. 
    Nuhty Nazar bilgeşländen olaryň üstlerine süründi.
    –Öňürti özümi bir ýygnaň, günämem näme, soň assa-ýuwaş boýnuma goýar ýörersiňiz-dä...
    –Ýok, halypa, biz seniň o diýeniňi-hä asylam edibilmeris. Ýöne, mundan soň: bar gidiber, diýýäge-de goýberibem bilmeris. Sebäbi ýaňy özüň gördüň, bölüme habar etdik, hasaba girizdik...Şoň üçinem häzir öýüňejik gideli, halyny aýalyňa görkezeli, tanasa hem-ä biz arkaýyn borus, hemem özüň arkaýyn borsuň. Başlygymyza-da şeýle-şeýle ýalňyşlyk boldy –diýip aýdarys, düşündireris, soň gorjap ýörmezleri ýaly. Umuman bular ýaly ýalňyşlyk häli-şindi bolup duran zat...
    Nuhty Nazar arkan gaýyşdy. Kellesini ýaýkap, agzyny-burnuny towlady. Ellerini howada galgatdy.
    –Aýalyma düşündirmeseňiz, meň üçin ministre düşündireniňizdenem peýda ýok. 
    –Oňa-da düşündireris. Äriňe azar berme, o günäkär däl, günä bizde diýeris...
    Nuhty Nazar irkiljiräp oturan sürüjiniň çigninden peýjeläninem bilmän galdy.
    –Sür, olar ýaly bolsa! Men taýýar!..
    ...Dördünji mertebä galansoňlar Nuhty Nazar halysyny egninden düşürdi-de, eliniň tersi bilen derini çaldy. Ýüzüne gara gaýyş tutulan gapa tarap eňegini ülňedi. Gabakman ýigit jaňy basdy. Içerden ilk-ä gap-çanagyň şakyrdysy, soňam aýal adamyň gaharly sesi eşidildi.
    –Kto tam?!
    Göwnüne müňkürlik giden gabakman ýigit Nuhty Nazaryň ýüzüne howatyrly seretdi.
    –Aýalyň ors ýaly-la, how seň?
    –Aý, kimdigini ine, gapy açylansoň bilersiň.
    Oňa çenlem sorag gaýtalandy.
    –Ýa spraşiwaýo kto tam?!
    Agajetli ýigit ol ikisiniň üstaşyry gapa tarap boýnuny süýndürdi.
    –Milissiýa!
    –Bože moý, çto ýeşşo za milissiýa, –diýlen howsalaly sözden soň şakur-şukur gapy açyldy.
    Gara yçýan ýaly jaýtarylyp duran gelniň okara ýaly ullakan, göm-gök gözlerine, ol gözleriň üstüne saýa salyp duran gür gara gaşlaryna, jüýk burnuna, öňe çykyp duran kempije eňegine gözleri düşenden milisionerleriň ikisiniňem imany göçdi. Ikisinem şagga der basdy. Edil komanda berlen ýaly birden yza tesdiler. Nuhty Nazar olaryň öňüni gabsady. Elini içerik uzatdy. 
    –Giriň!.. –Olar içeri girensoňlar Nuhty Nazar gahardan ýaňa titräp duran aýalynyň alkymyna dykyldy-da, agzyny gulagyna golaýlatdy. –Myhmanlaryň habaryny al, Hüwim!
    Ýüzüni eňşedip duran Garagyýçak ellerini silkip diýseň ýangynly gepledi.
    –Myhmanmy bularyň ýa başga bir zatmy? Onsoňam hany seniň oba gideniň? Hany toý? Hany atgulagy gowşuranyň? Bu nä boluş bi? Nämäniň myhmançylygy bi? Näm boldy? Nebela gopdy? Çto sluçilos? Poçemu molçiş? A nu-ka, otweçaý şşas že! –Ol birdenem gabaryldy-da, öýe gireli bäri ýaýdanyşyp duran milissionerlere tarap ýörüş etdi. –Možet wy obýasnite mne çto sluçilos?..
    Özleriniň hakykatdanam ýalňyşandyklaryna doly göz ýetiren milisionerleriň ikisi iki ýerden gürläp başladylar.
    –Ýeňňe! Adamyňyz günäkär däl. Biz günäkär. Biz muny bir ýalňyzlyk bilen sakladyk-da... Bulam...Bizem...Otlam... Düşünişmezlik bilen .. Ine indem...
    Garagyýçak indi olaryň üstüne öňküsindenem beter süründi.
    –O nähili ýalňyşlyk? O nähili düşünişmezlik? Wy možete mne obýasnit tolkom çto sluçilos?
    Gabakman ýigit ölsem-öleýine salyp bir daban öňe süýşdi.
    –Menem şony aýtjak bolup durun-da ýeňňe. Bilýäňizmi näme, şu gün giç öýlän bir ýerde ogurlyk boldy-da, onda-da iki sany haly ogurlanypmy, nämemi...ine onsoň bize-de buýruk boldy padazrywaýemyý adam bolsa saklamaly diýip...Çykyşymyz ýalam siziň adamyňyz gabat geldi. Özem garaňky ýer, tüneliň içi... Bizi görendenem gaçyp başlady. Egnindäki halam edil şol, bize salgy berlen hala meňzäp dur. Bizem onsoň ...Ýöne soň düşünişdik. Ötünjem soradyk. Sizdenem soraýas. Asyl şu ýere gelenimizde-de şonuň üçin geldik. Bagyşlaň! –Ol gireli bäri çep elinde saklap duran papagyny kellesine geýdi-de, iki aýagyny jüpläp dim-dik boldy. Sag eliniň barmaklaryny gaşyna golaýlatdy. –Gaýtmana rugsat ediň, ýoldaş ýeňňe!..
    Ol ökjesiniň üstünde ýüz segsen gradus pyrlandy-da, gapa tarap ýöneldi. Ýüzugra Nuhty Nazar bilenem hoşlaşdy. Ýene bir gezek ötünjem sorady. Gapynyň tutawajyna elini ýetirendenem ýeňseden Garagyýçagyň çirkin sesi eşidildi.
    –A nuka, wernis! Wernis şşas že! Ýa komu goworýu!
    Gabakman ýigit ýyldyrym çaltlygynda yzyna öwrüldi. Dodagyny titredip durşuna papagyny ýeňseräk süýşürip maňlaýynyň derini süpürdi. Gözlerini gypyrjykladyp buýruga garaşdy. 
    Garagyýçak kesew ýaly aýaklary bilen gybyrdyklap bardy-da, milisioneriň daşyndan pyrlanmaga başlady.
    –Aha-a-a!..gaýdyberjekmidiňiz?! Ötägitjekmidiňiz?! Şeýdäýjekmidiňiz?! Bilmezlikden ýalňyşaýypmysyňyz?! Iş wagty burnuňyzdan gelinçä içip, bir bendäni ýolundan goýup, garyndaş öňünde dili gysga edip, indem siz-ä arkaýyn gidibermeli, bizem sizi bagyşlamaly. Şeýlemi? –Garagyýçak telefona tarap ýumlukdy. Trubkany göterip gözlerini gabakmana dikdi. –Haýsy raýonyň belasy siz? Hä? A nu, otweçaýte bystro, kto iz was starşiý?!
    Gabakman ýigit ylgap baryp ryçagy basdy.
    –Duruň-a düşünşeliň-ä... ine, men starşiý. Özümem günäkär. Günämizem boýnumyza alýas. Ötünjem soraýas. Ýaňam soradyk, ýene-de bir gezek soraýas. Hut şoň üçinem biz şu ýere geldik.
    –Şeýlemi? Etjegiňizi edip indem ötünç soraýaňyzmy? Biz indi şoň üçin size minnetdar bolmalymy? Siziň edeniňiz geçip durmalymy? Ras, ýalňyşdyňyzmy, jezaňyzam çekiň! Il çekýä, sizem çekiň! –Garagyýçak törki tama gidip kagyz-galam alyp geldi-de, burçda duran goňur diwana tarap barmagyny uzatdy.          –Oturyň ikiňem hoň üstüne geçiňde. Men häzir protokol ýazjak. Bu zatlary resmileşdirmesem bolmaz. –Ol stoluň başyna geçdi. Jaýlaşdy. Ärinem çat maňlaýynda oturtdy-da, oňa-da bir tagta kagyz bilen ruçka berdi. –Ýaz!
    Nuhty Nazar gözlerini süzüp eňegini aýalyna bakan çürreltdi.
    –Näme ýazaýyn?
    –Düşündiriş ýaz! Nämüçin tutdular, nädip tutdular, näme diýdiler, nähili hereketler etdiler, urdularmy, sökdülermi, barsyny ýaz, gapdalyna çatjak.
    Nuhty Nazar dili bilen dodaklaryny ýalap dylym-dylym etdi. 
    –Ýolda bir uly maşyndan bir piläk ary bal, başga bir maşyndanam ýetmiş bäş manat pul aldylar, onam ýazaýynmy ýa o hökman dälmi?
    Garagyýçak bir elini dik ýokary galdyrdy.
    –Buw-w-w, olar ýaly zady dagy perwyý oçered ýaz! –Şondan soň ol çugutdyryşyp oturan milisionerleriň ekabyryna tarap barmagyny çommaltdy. –Naçnýom s was. Kak waşa familýa? –Garagyýçak protokol ýazyp otyrka-da hüňürdisini goýmady. –Tapdyňyz bu taýda oýnajak adamyňyzy. Sada oglan, tutarys, urarys, sögeris, gorkuzarys, ýalan ýerden günäsini boýnuna goýubam ýolbaşçylarymyzyň ýanynda iş bitiren adam borus, goýbermeli bolaýsa-da kime arz etsin, sag-aman sypanna müňde-bir şükür eder, diýip göwün ýüwürden aga diýerler size. Siziň baryňyz şolar ýaly. Siziň baryňyzyň pikiriňiz bir. Beled-ä men size. Sizmi... Siz gorkmasaňyz sylamaýaňyz.
    Milisionerler ondan protokol ýazmazlygy köp haýyşt etdiler. Tä, ýazyp bolýança ýalbardylar. Ýazyp bolandan soňam ýalbardylar. Diňe, her edip- hesip edip ertir guşluga çenli şol atgulagy obalaryna eltip, toý eýelerine elinjek gowşurmagy boýunlaryna alyp, dillerinden dil haty berenlerinden soň Garagyýçak ýazan protokolyny ýyrtmaklyga razy boldy. Ýöne, tä, garyndaşlary atgulagy alandyklary barada telefon ýa telegraf arkaly habar edýänçäler ony öz güýjünde saklajakdygyny we bellenen möhlete çenli beren sözlerinde tapylmasalar üstüne öz ýazan  dil hatlaryn we äriniň düşündirşini goşup, ýanynyň arzasy bilen degişli edaranyň iň uly ketdesine tabşyrjakdygyny berk duýdurdy.
    Olar ikelläp razylaşdylar. Uludan sowuk demlerini alşybam çykyp gitdiler. 
    ...Gije başga bir otly bilen gitdilermi, daňdan samolýotly uçdularmy ýa ýörüte maşyn tutup daňdana çenli ýol ýöredilermi, o belli däl, ýöne şol atgulagyň gelinalyjy ugramazyndan sagat ýarym öň özlerine gowşandygyny toý eýeleri ertesi günortanyň öň ýany jaň edip habar berdiler.
    Elbetde, Nuhty Nazar şol gije “gaýnym” diýip milisionerlere gaýynyndanam has tanymal, düýbünden başga bir adamyň adyny aýdypdy.

1992-1995 ýý.

■ Sözsoňy.

Ine, hormatly okyjylar, biziň bir töwra adamlar baradaky hekaýalarymyz şu ýerde tamam boldy.
Şunça wagtdan soň meniň bu ajaýyp adamlary ýatlap oturmagymyň sebäbi näme? Onuň sebäbi – men şol adamlary ykbal-nesibeleri zerarly, özlerini ýüze çykarara mümkinçilik tapmadyk, tebigy zehinli ýazyjylar – hudožnikler, artistler ýa-da bir üýtgeşik häsiýetli bir töwra adamlar hasap edýärin. Goý ýalan bolsun goý, hiç haçan bolmadyk bolsun, goý ertekä, fantaziýa çalym etsin, barybir olar şol hekaýatlary bilen halky özlerine imrindirip bilipdiler. Halky käteler oýlanmaga, käteler toba kylmaga, käteler bolsa tüýs ýürekden gülmäge mejbur edipdirler. Halkyň ýadaw beýnilerine dynç berip, göwünlerini açypdylar. Olar, hususan-da Ýoldaş Goturowdyr – Emir kary, Mommat daýym dagylar şo döwürlerde entek il içinde doly ýaýrap ýetişmedik radionyň, telewideniýäniň, teatryň, kinonyň roluny täk özleri ýerine ýetiripdirler. Ata-baba gelýän özboluşly milli sungat mekdebini dowam etdiripdiler. 
Şolar ýaly gürrüňçil bolmasalaram, täsin ykbally, geň häsiýetli adamlar biziň obamyzda başga-da kändiler. Şu çaka çenli edip oturan gürrüňçiligimize gös-göni dahylly bolmasa-da, nämüçindir şu ýerde şolar barada hem bäş-üç agyz söz aýdaýasym gelip dur. 
Mysal üçin, Aryk aga. Bu ýaşuly haçan görseň ak eşeginiň üstünde, agaç pişegini öňüne kese basyp, işikme-işik aýlanar ýörerdi. Ýok, gedaý gezmezdi, ýöne, şeýle gezerdi. Sebäbi özbaşyna öýi-öwzary ýokdy. Kim, “düş” diýse düşerdi, eşegini daňyp öýe girerdi. Çaý içerdi. Nahar iýerdi. Mürehet etseň ýatybam giderdi. Sen ýat diýmeseňem barybir baryp başga biriniňkide ýatardy. Uzynly gije gören-eşidenlerinden gürrüň bererdi. Ýöne Gotur aga ýaly şowhunçam, Emir kary ýaly badyhowa-da däldi. Gürlände agzyny gyşardyp, bitaýrak gözlerinem gymşaýdardy-dsa ýüzüňe çiňňerilip, wazzyk-wuzzugrak geplärdi. Gapyňa gelenden: “Ä-ä-äý pänäni-i! diýip, burnunyň içi bilen seslenerdi. Ady tutulan kakaň bolsa-da, ondan öňürti sen ylgap çykarsyň welin eşegiň üstünde oturan ýerinden ýüzüňe jüýjeriläge-de: –Käkeň bämi hä-äw, şipänäjik? diýerdi. “Bar” diýeniňdenem “Heýnemi-i-i...” diýerdi-de, eşeginden usullyk bilen agyp düşerdi. “Ýok” diýseňem, elindäki taýagy bilen eşeginiň boýnuna kakyp: “Bähbit bonaýady-da...” diýerdi we irkiljiräp duran eşeginiň boýnuna kakyp ýüzüni başga bir öýe tarap öwürerdi. Erkeksiz öýe düşmezdi. Birem bir öýe köp düşüp bizar etmezdi. Gadryny gaçyrmazdy. Garypdy. Pul berseňem alaýardy, bir bölejik çaý berseňem. Başga bir baran ýerinde-de şojagaz zatlaryny çykarardy. Ýöne hiç kim “Aryk gelýä” diýip gapysyny ýapmazdy. Gizlenmezdi. Gaýtam her kimiň ony öýüne salybilse, naharlabilse armany ýokdy. Biziň göwnümize obanyň içinde şeýle adam hökman bolaýmaly ýalydy. 
    Hükgi işan diýibem bir täsin adam bardy. Özi hoja adamsydy. Elbetde, ol hem Goturow ýa Emir kary ýaly gürrüňçil däldi, ýöne obadaşlarymyz oňa uýýardylar. Halatly adam hökmünde garaýardylar.Ynanýardylar. Edil öz öýi, çagasy-çugasy bolmasa-da, obada onuň inisiniň dogan garyndaşlarynyň öýi bardy. Köplenç şolaryňkyda bolardy. Ýöne, barybir o-da gezendeçilik ederdi. Goňşy obalara, hatda goňşy etraplara çenli aýlap, hepdeläp aýlanardy. Öz hususy öýüniň ýokdugyny bolsa, oba adamlary onuň ömürboýy öýlenmän, dine ygtykat edip geçendigi bilen düşündirýärler. Ýöne onuň dindarlygy beleki dindarlaryňky ýaly däldi. Ol hatda namazam okamaýardy. Onuň dine bolan bar ynanjy, bar yhlasy kalbyndady. Ýüregindedi. Halatly adamdygy ýüzündenem içiňden geçip barýan ala gözlerindenem görnüp durdy. Ol gözler ýanar durardy. Ýüzüňe dikanlap seredende üýşendirerdi. Käbir zatlary öňünden aýdýardy. Onuň dini düzgünleri berjaý etmän, diňe öz tebigy özboluşlylygy bilen il-halkyň hormatyny gazanyp ýörşi, diniň güýjüniň diňe bir dini buýruklary köre-körlük bilen berjaý etmekde ýa iliň gözi üçin eliňe kündük alyp, bäş wagtyna eglip-galyp ýörmekde däl-de, her kimiň tebygy ýaradylşynda, ylahy ygtykatyndadygyny subut edýärdi. Ol şemal haýsy tarapdan öwüsse ýüzüni şol tarapa öwrüp, bir gün kommunist ertesi, hajy bolup ýören adamlardanam däldi gel men şeýle bolaýynam, diýenokdy. Onuň bar bolup bilşi şeýledi. Ol asyl özüni dindardyrynam öýdenokdy. Täze döwre, täze düzgünlere piçjiňem atanokdy. Gaýtam: “Orsuň okuwny okaň. Leniniň ugruna gidiň” diýerdi. Biriniň çagasy bolsa höküdikläp baryp: “Adyna injinar goýuň, suw ölçeýän goýuň” diýerdi. Gepi-sözi edil çaganyňky ýalydy. Äheňem aglawly çaganyň agy arasynda nalynjyrap gepleýşi ýaly ynjylydy. Käte-hä çaga ýaly sögünibererdem. Oba adamlary oňa-da pul bererdiler, ýöne Aryk aga berişleri ýaly garyp görüp däl-de, ylahylygy üçin bererdiler. Oňa niýetläp ýörüte sadaka aýdýanlaram bolýardy. Ýöne ol özüne düşýän pullaryň ep-eslisini obanyň oglan-uşaklaryna paýlaýardy. Käteler mekdebiň töwereginden geçip barýarkak, bizem çagyryp alardy-da, öňümizde dikejegine oturardy, “tüw-tüw-tüw” diýip, ýüzümize tüýkürerdi we mele çäkmeniniň gyrasy gyzyl syzgyly jübüsinden çykaryp, herimiziň elimize bäş-on manat pul tutdurardy. Käte oturan ýerinde sermenip-sermenip bir daşjagaz tapardy-da, geçip barýan gelinleriň birine: “A gyz, bärik gel!” diýip gygyrardy. Gelin ýanyna gelensoň  elindäki daşy bererdi-de: “Al, gyzym, seň ogluň bolýa” diýerdi. Hut şeýle-de bolardy. Bir gezek oba dükanyndan çykyp barýan bir ýaşulyny saklap: “Sen näme araky maňa aýdan janlyňy getirip bereňok” diýenini, o ýaşulynyňam durup-durup: “Be-e, dogrudanam tas ýatdan çykan eken-aý” diýip, başyny ýaýkaý-ýaýkaý gidenini men özümem gördüm. Şol günüň özünde şo ýaşulynyň janlyny Hükgi işanyň inisiniň işiginde daňyp gideninem gördüm. Ýöne, Hükgi işanyň özem mahal-mahal uly ili ýygnap, uly-uly sadakalar bererdi. Oňa goňşy obalardanam, goňşy etraplardanam, hatda Marydan, Aşgabatdan, Daşhowuz etraplaryndanam gelerdiler.
    Howwa, dogabitdi ýagyrnysy hükgerip duransoň oňa Hükgi işan diýerdiler. Hakyky ady bolsa  –Goşa işandy. Ine, şo pahyram indi ýok. Gotur aga bilen bir döwürräkde-hä diýmäýin welin, ondan ýedi-sekiz ýyl, ýok how, on ýyl dagy soň, Emir karydan bolsa ýyl ýarym öň ýogaldy. Obadaşlarymyz onam edil Gotur agany, Emir karyny ýatlaýyşlary ýaly hormat bilen ýatlaýarlar. Soňky döwürlerde-hä her öýde onuň suratynam asyp ugradylar. Görüň-ä, biz aklymyzy bilelimiz bärem etrabymyzda nijembir “men-men” diýen ýolbaşçylar, başlyklar, direktorlar, müdirler geçdiler. Emma halk şolaryň biriniňem suratyny dulundan asmady, Hükgi işanyňkyny welin asdy. Diýmek...halkyň ynamyny gazanmak wezipäňe ýa baýlygyňa bagly zat däl ekeni. 
    ...Oguljan däli diýibem bir zenan maşgala ýadyma düşýär. Men onuňam üýtgeşik gürrüňi bardy, ýa pylan hili hereketler edýärdi diýib-ä biljek däl, ýöne nümüçindir ýadyma düşdi-de ýatlaýdym.
    Onuň adama azary bolmazdy. Kim toý etse gelerdi-de, çaý gaýnadylýan tegelek, uly oduň başynda, uzynly gije oda sereder oturardy.Oturar-oturardy-da, birdenem, öz-özi güler goýberibererdi. “Nämä gülýäň Oguljan daýza” diýip sorasaňam: “Aý, hiç, magazine barýadym welin, çyra çüýşäm döwüläýdi” diýerdi. O nä magazin, o nä çyra çüýşe, bilibilmersiň. Şonuň üçinem obada kimdir biri çaýmaklabrak gepläberdigi: “Goýsana how, seňňem gepiň-gürrüňiň soňabaka edil Oguljan däliň gürrüňine meňzäp barýa” diýerdiler. Käteler oýnajak bolup oňa bolgusyz soraglar bererdiler. Şonda ol berilen samsyk soraryň aňry ýany bilen aýlanyp, sorag bereniň özüne deger ýaly edip, şeýle bir ýerlikli jogap bererdi welin, sorag beren kişi: “Bäý-bä-ä, bi od-a ýaman gyzdyrjagow” diýip otdan gaýra çekilen bolardy-da, toý ýerden garasyny saýlamak bilen bolubererdi. Oguljan däli kimiň toýuna barsa-da eli boş barmazdy. Bir köneje setiliň içine el ýaly nan atardy-da: “Al, dogan, menden az görme” diýip toý eýesiniň maşgalasyna eltip beerdi. Diňe şondan soň oduň başyna baryp oturardy. Deň-duşlary oňa seredip: “Ýaşka juda owadan gelindi şü, biz bilmedik göz boldumy, dil boldumy...” diýşerdiler. Duşundan başlaryny ýaýkaý–ýaýkaý geçerdiler. Oduň başyna çaý demlemäge gelenlerinde: “A gyz, çaý içdiňmi, nan iýdiňmi?..” diýip, hökman halyndan habar alardylar. 
    Ol bolsa sesini çykarman, şo-ol, oda sereder oturardy. Käwagtam bir elindäki çöp bilen ody gorjardy-da, ýylgyryp goýbererdi. Bir zatlar diýip pyşyrdardy. Toý sowlup, toýçular öýli-öýlerine sümlüşip, süýji uka gidenlerinden soňam ol şol bir oturan ýerinde sarsman oturardy. Ol diňe daň atyp, jahan ýagtylandan soň setilini süýräp öýüne gaýdardy. 
    ...Şu ýatlap geçenlerimiz ýaly dürli-dürli häsiýetdäki adamlar obamyzda başga-da kändi. Häzir welin ýok.
    Elbetde, ýoldaş Goturow ýaly ajaýyp gürrüňçileriň ýitip gitmekleriniň sebäbini-hä toýlardaky gürrüňçilikleriň ornuny güpür-tapyrly, “atasy-enesi” näbelli aýdym-sazlaryň, arakly çüýşeleriň, enteşip ýören serhoşlaryň eýeländiklerinden, Emir kary ýalylaryň döräbermeýändiginiň sebäbini bolsa agşamlaryna birek-birege gürrüňçilige barmaklyk däbiniň ornuny telewizor, radio, magnitafon, wideo, ýaly täze tehniki tomaşalaryň eýeländiginden, gündogaryň esasy alamatlarynyň biri bolan şowhunly çaýhanalaryň seýrekläp, ornuny meýhanalaryň, piwohanalaryň eýeländiginden görýäs welin, beýlekileriň ýitip gitmeklerine näme sebäp bolduka! Ýa bu ahwalat adamzadyň oňatlyga tarap bir ädim ätdigimikä? Bir gez beýgeldigimikä? Onuň üçin indi gaty bir gynanybam oturmaly dälmikä? Belki bu şeýledir, belki bu gowulygyň alamatydyr. Ýöne, özlerinden başga hiç kime meňzemeýän şol täsin adamlar kimlerdikäler? Aşyklyk derdine ömürlerini zaýaladan biçärelermi? Işleri oňmadyk, göwün-maksatlaryna ýetip bilmedik diwanalarmy? Yşk matasy satylan şowhunly bazara boş girip, boş çykan söwdaýylarmy? Allanyň ezizlerimi? Ýa olar şol döwrüň bezegimidiler? Ýa şol döwrüň betbagtlygymydylar? Tragediýasymydy? Bilemok! Ýöne şol döwri şolarsyz göz öňüme getiribem bilemok. Ýöne, bir zady welin bilýän, ýagny, ýaşlykda ýazlan ýaýlalaryňdan, çagalygyňy ötüren ýerleriňden daşlaşdygyňsaýy hatda şol döwrüň ýeke bir wäşi märekeman, gürrüňçil adamlaryny däl, eýsem däli-diwanalaryňam, sowdaýylaryňam göresiň geliberer ekeni. 
    ...Ala-güpürdi bolup duran zenzeleli toýlaryň bir çetine çykyp, daş-tňweregimi gurşap duran, birgiden serhoş pyýadalara käte bir göz aýlap durşuma men her gezek ýeke bir ýoldaş Goturow ýa Emir kary barada däl-de, ine şol soňky ýatlan adamlarym barada hem pikir edýärin. Oýlanýaryn. Olary küýseýärin. 
Her kimem bolsalar men şol adamlaryň hiç biriniňem älemden atsyz-sorsuz ýitip gitmeklerini islemeýärin. Belki haçanam bolsa bir wagt men size olar hakda hem aýry-aýrylykda, birin-birin gürrüň bererin. Belki-de gürrüň bermerin. Belki-de olar meniň indiki ýazjak eserlerimiň süňňüne siňip giderler. Bilemok. O zatlary öňünden aýtmak kyn. Galanynam näme, nesibe biler. 
Häzirlikçe bolsa men özümiň eziz gahrymanlarym bilen hoşlaşýaryn. 
Indiki duşuşyklarymyza çenli sizem hoş galyň, mähriban okyjylarym!..
                                                           
 1985-1990 ýý.
Aşgabat – Moskwa.   

Ikinji kitabyñ soñy.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 694 | Добавил: Нawеran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]