22:00 Ömrüň ajap aýdymy | |
ÖMRÜŇ AJAP AÝDYMY
Garrama geregim, baky juwan bol, Ömre ajap aýdym bolup siňenim. Seň baryňda özüm çaga saýaýyn, Käbäm ejem, eziz janym-jigerim! Ýylgyr käbäm, degre-daşym gül açsyn, Dünýäm ýazdyr boýlasam, köňül köşgüň. Siňdiren yhlasyň ýerine düşüp, Balalaryň bagt töründe ornaşsyn! Agtyk, çowluk, ýuwluk bezäp daşyňy, Oba bolsun, ýagşy niýet dowamdyr. Kyblam atam ýaran bolup ömrüňe, Gülüp ýaşaň, ýaşamaly zamandyr. Ýagşy dostlar örläp, toýa beslensin, Öwzaryna döwlet ornan ojagyň. Bagtdan gözün nemläp, gulaçlar gyzyň, Gül Watanyň bagta rowan gujagyn. Laçyn BERDIÝEWA ''ZENAN kalby'' žurnaly 05.2014. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |