23:59

Pyraga

Категория: Goşgular | Просмотров: 212 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garayolly25  
1449
Beýik Pyraga selle däl~de, ozalky baş geými ýaraşýardy.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, ýöne öňküsi ýatyş telpeklidi, ony bolsa hemme ýerde geýmeýärler

0
3 Garayolly25  
1449
Olam dogry, ýöne, çagalykdan bäri ozalka öwrenişensoň selle "ýaat" ýaly bolup dur.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Eger rugsat berlen bolsa, Aýhan Hajyýew hem, meniň pikirimçe, ony ilkibaşdan selleli çekerdi. Dogry, selle türkmeniň milli eşigi däl, emma molla ogly molla bolup, selläni Magtymguly geýmän kim geýsin? Ony aýtsaň, Magtymgulam mydama selleli gezýän mollalardan däl bolan bolsa gerek, sebäbi mollaçylygy okap pata alany bilenem ol rysgalyny mollaçylykdan gözlemändir. Zergär hökmünde senetçilikden çörek iýipdir.

Howa, A.Hajyýewiň Magtymgulysy ençeme ýyllaryň dowamynda okuw kitaplarynda we öýleriň dullarynda ymykly ornaşyp, stereotipe öwrülmäge ýetişdi. A.Hajyýewiň beýleki kartinalarynda-da ol pikirli we hasratly keşbi bilen öz edebi mirasyna gowy laýyk gelýärdi. Şahyryň keşbinde A.Hajyýewiň ol ýerleriň ilatynyň tipiki ýüz keşbiniň aýratynlyklaryny hem gowy öwrenendigi görünýär (Bu arada, nesilleriniň aýtmagyna görä, şahyr tipiki şar gara saç-sakgally däl-de, biraz saryýagyz bolan). Bir kemçiligi - A.Hajyýewiň Magtymgulysy medresede-de, iş başynda-da, uly märekede-de, ýolagçylykda-da ýatyş telpeginde "gezer ýörerdi". Gyzylbaşlarda ýesirlikde kellesi şonly duruşy düşnükli: ýatyrka gapyl basylýar.

Emma onuň hortaňlygy, hasratly, ünjüli keşbi, meniň pikirimçe, kemçilik däldi. Çünki diýlende, umuman, Magtymguly "hasratyň şahyry", "hasratyň aýdymçysy" diýilýänlerden.

Emma soň, şahyryň hortaň we gussaly keşbini ruhupeslik hasaplap, bu stereotipi üýtgedip, ony selleli we haýbatly şekillendirmek tabşyrylandan soň basym onuň şeýle heýkeli peýda bolupdy. Ol heýkeliň heýkeltaraşlygyň dünýä nusgalaryndan "karz alnan" ýerleri kän (men onuň paýtagtdaky sary kitap stoljykly heýkelini göz öňünde tutýaryn). Onuň ýüzi we pozasy maňa bada-bat rus suratkeşi W.Surikowyň "Утро стрелецкой казни" kartinasyndaky Pýotr patyşanyň keşbini ýatlatdy. "Haýbatly bolmaly" diýlensoň, belki, şoňa ýüzlenendirler, jeza geçirip duran Pýotr patyşadan haýbatly kim bar? Ýöne Pýotr at üstünden aşak bakýar, täze Magtymguly gyýa bakýardy. Onçasyny bilmedim, heýkeltaraşlar biri-birinden köp zat "karz alýarlar", her ýerden birazajyk alynýar öýdýän.

Umuman, selleli Magtymgulynyň heýkeli ýaşy durugşan Görogla has laýyk gelýän bolsa gerek, umuman, olaryň käbir heýkelleri biri-birine örän meňzeş. Elbetde, Göroglynyň göwresi has ykjam we atletik, emma ikisiniňem ýüz keşbi haýbatly we ýowuz.

Elbetde, suratyny çekeniňde, Magtymgulyny häzirem öňküsi ýaly hortaň, gözleri hasratdan doly şekillendirseň bolar. Ýatyş telpejigini hem geýdirseň bolar, ýöne märekede wagyz edýärkä beri selle ýa-da çynlakaýrak telpek geýdirilse ýagşy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]