10:08

"Kasasyl-enbiýadan"

Категория: Goşgular | Просмотров: 312 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Yusup  
50
Köne türkmen sözlerinden düzülipdir. Başgalara okatsaň awtory diridirem öýdmez. Andalybyň goşgusyny okan ýaly.

Sagbol awtor. Beýle goşgyny kaplaşdyrjak bolsaň başarnyk gerek

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Sag bol, Ýusup!

Täze edebiýatymyz barka, biz, elbetde, edebiýatymyzyň öňki döwrüne islesegem dolanyp bilmeris. Şonuň üçinem käbir sözleri köne kitaby terzde ("Ýusupnyň", "kylguwjy", "uklagan" (uklan)...) diýip, "hetjikläp" ýazmagymy çynlakaý däl-de, degişme äheňde, "Kasasyl-enbiýa" ýeňil-şahyrana öýkünme hökmünde kabul etmegem bolar.

Umuman, bu goşgy zenanyň, has dogrusy ynsanyň söýgüsi barada çetine degme, hoşniýetli kinaýa hökmünde kabul edilse-de sözüm ýok. Züleýha Ýusuba, has dogrusy öz biygtyýar söýgüsine gahar edip, öz ýanyndan özi ýurt mertebesi, zenanlyk borjy, maşgala ojagy, paýhas, erk-ygtyýar... barada rasional akyl-pikirleri gatbar-gatbar edip örüp goýýar, emma Ýusuba ýekeje bakyşda täzelenen söýgüsiniň ýelginine ol "mizemez" paýhaslar kagyzdan salnan bina dek dyr-pytrak bolup gidýärler, gülkünç dälmi eýsem?

Emma, her näme diýseňem, bu gadymy eser hakykatdanam "şekerden datly kyssa" bolup durýar. Mende bolsa goşgynyň ähli şekeri käsäniň düýbüne çöküp, iň soňky kelimede, örän gyzgyn arap kelimesinde ("mahbubyny") eräp gidýär. Ol labyz bilen okalanda okyjynyň dodagy Züleýhanyň şol wagtky edýän hereketini biygtyýar gaýtalaýar. Görşüňiz ýaly, ýeterlik derejede garagol, bet goşgy diýse bolar.

Elbetde, süýtde hemme zady görüp bolşy ýaly, goşguda çynlakaý many hem görüp bilersiňiz. Eger onda häzirem dünýäde ýoň bolan ksenofobiýa, jynsparazçylyga, anti-migrasion ýigrenje garşy kinaýany görseňiz, asla garşy däl. Eger gadymy Kenganyň häzirki Palestinadygy nazara alynsa, goşgynyň günümizde öňe çykan has aktual meseleler bilen baglanyşykly haýsydyr bir halka bagyşlanandygy hem kellä gelip biler, emma bu eýýäm öte geçme bolar. Goşgy bu wakalardan öň ýazylan. Şonuň üçinem "derdi-Kengan" diýilse, "Kengan ýurdy barada nostalgiýa" diýip düşünmeli, başga manyda däl.

Umuman, aslynda awtoryň öz döredenine teswir bermezligi, berse-de uzaga gitmezligi ýagşy, onuň üçin sözi size goýýaryn, sag boluň!

0
3 Injener  
1
Ýüsip Züleýha diýseler, göwnüme Zöhre Tahyr, ýa-da Şasenem-Garyp gelýädi welin, Züleýha "ol" gelin diýsene?

Adamyň dilinde bir gudrat bar bolmaly? "Z" harpdan başlaýan ýekejede gowy söz ýok diýip ýördüm. Zyndan, zibil, zyýan, zaýa, zyna, zynjyr, zemzem, zenan, zabun. Diňe Züleýha bilen Zeýnep ady azajyk oňaýsyzlandyrýady, ýöne indi Züleýhany hasapdan çykaraýmaly boldy...)))

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Size düşünýärin.

Emma "Z"-dan başlanýan mojuk zatlar öňem kändi: Zahhak, zulum, zalym, yzyndan, zorluk, zarlyk, zyna, zäher, zäk, zirk... Emma ajaýyp zatlaram ýeterlik: zenan, zyba, zyýada, zynat, zer, zerewşan, zülp, zagpyran, zümerret, zemin... Zemzem diýlende bolsa ol goturraksy jandar däl-de, aby-Zemzem göz öňünde tutulsa, ol hem şypaly we mukaddes zat bolar.

"Z"-dan başlanýan zenan atlary bolsa, arap, pars, ispan, grek, rus... bolsun, parhy ýok, labzy boýunça-da, manysy boýunça-da "şekerden datlylar": Züleýha, Zübeýda, Zülfiýe, Zähra, Zöhre, Zemfira, Zarina, Zoýa, Zinaida... Meselem, Zeýnep (zeýn-ab) "kakasynyň zynaty", ýagny "kakasynyň bezegi", "kakasynyň owadan gyzy" diýmegi aňladýar.

Şonuň üçinem, gep harpda dälmikä diýýän. "Z" harpy hem bu barada beýlekilerden tapawutly däl, yzyndan gelýänlere baglylykda "zäher" saçybam, "zerewşan" öwsübem bilýär.

Geçen ýyl Gruziýada, Tbiliside köp gatly jaýyň bir ýokarky balkonynda şu harpy görüp, polisiýany çagyrdylar. Ol ýerde bir talyp kireýine ýaşaýar eken, şol wagt okuwda. Anyklap görseler, ol ýörite ýasalan harp-simwol däl-de, oturgyjyň spinkasyny pugtalandyrmak üçin gyýak kakylan agaçdan emele gelen eken. Emma uzakdan seretseň, tüýs şol "Z"!

Size-de düşünýärin, bu harp adamzadyň köpüsi üçin häzir örän mojuk zatlaryň alamaty, emma bu geçer, bu harp hem beýle manyny daşamakdan dynar, onuň beýle manysy unudular.

0
5 Injener  
1
Adam dili barada mende bir fantastiçeski çaklama bar, hemişe bolşy ýaly...;)

Soňky 100 ýylyň dowamynda adamzadyň dilini ýuwaş ýuwaşdan üýtgetýärler, kim üýtgedýär diýseňiz dünýäni dolandyrýan gara güýçler (adyna näme daksaň dakybermeli). Islendik halkyň dili, ilki başda şygyr hökmünde gürlemek üçin oňaýly boldymyka diýýän, özem diňe gowy zatlary gürlemek üçin. Perişdeler we Hudaý şygyr hökmünde gürleýär. Diýmek her bir diliň Hudaýdan gelen öz konstruksiýasy bar. Onsoň şol konstruksyýany pozmak üçin, ýaramaz adamlar soňky 100 ýylyň dowamynda adam dilini üýtgetmäge çalşýarlar. Ol proseslar uzaga gidensoň biz olary göremzok. Üýtgedilmäge ymtylylýan diller hem her bir halkyňky däl, diňe uly we kuwwatly halklaryňky, mysal üçin ruslaryň dili üýtedilýär. Biziň dilimiz mysal üçin, gara güçlere gyzykly däl, şol sebäpden biziň dilimiz şol köne görmüşinde galdymyka diýýän, diýmek Z harp bilen bagly prikollaram ýöne ýere däl. Umumy edilýän işler adam dilini garyplaşdyrmak, köneden gelýän dogry kapýalary, (ýa-da bogunlar bolýamy) aradan aýyrmak, adamzada dogry pikirlenmäge päsgel bermek...garaz ýene fantastika urmaly bolýa...;)

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, uly tema, bir zat diýmek kyn. Öz dilimiz barada aýtmaga zat kän, ýöne ol teswire sygmaz.

0
6 Bagabat  
43
Diňe Magtymguly Pyragyň öz goşgularynda "Z" harpdan ulanan sözleri:

Zabt — basyş, mäkämlik, berk, gazap.
Zad — ogul, perzent, dogma.
Zag — garga.
Zagpyran — sary reňkli ysly ösümlik; Gündogar edebiýatynda edebi eseriň gahrymanlarynyň saralan ýüzi zagpyrana meňzedilýär.
Zagyf — güýçsüz, ejiz, naçar, hor.
Zahyr — 1. Daşky görnüş. 2. Mälim, aýan, äşgär, belli, beýan. Zahyr etmek — beýan etmek, äşgär etmek.
Zahyreddin Babyr — 1525-1530-njy ýyllar aralykda Hindistanda höküm süren we mogollar nesilşalygyny esaslandyran patyşa. Ol Teýmirleňiň neslindendir.
Zahyt — terkidünýä, sopy, dindar, galandar, öte takwa.
Zakkum — 1. Göýä dowzahda bitýän we ajy miwesi günälilere berilýän agaç.2. Kaktus, örän ajy zat, zakgun.
Zal — 1. Rüstemiň kakasynyň ady. Ol dünýä inen wagty saçy ap-ak eken. Şonuň üçin oňa Zal diýip at goýupdyrlar. 2. Garry goja, çal, ak saçly.
Zalal (Zelal) — gümralyk, azaşmaklyk. Rahy-zalal — Hak ýoldan azaşmaklyk, ýoldan çykmaklyk.
Zalalat (zelalat) — azaşmak, ýoldan çykmaklyk, gümralyk, günäkärlik; ýalňyşlyk, ýalňyş pikire düşmek, hak ýoldan daşlaşmak.
Zamyr — 1. Ýürek, göwün. 2. Gizlin pikir; mazmun; oý.
Zanbur (zenbur) — ary.
Zat — bir zadyň asly, esasy, özen, eýe, şahsyýet.
Zaw — gaýa, uçut, dag dilkawy; köwek.
Zaýyr — gatnaýan, barýan, mukaddes ýerlere gidýän, zyýaratçy, hajy, haja gidip gelen.
Zaýyg — zaýa, biderek.
Zaýyk — dadyjy, naharyň tagamyny dadyp görýän kişi.
Zebanyýa — dowzahyň gapy sakçysy, sakçy, perişdeler.
Zeberdest — 1. Pälwan, hökümli. 2. Eli çalt, ezber, ýiti, zor, çalasyn, başarjaň, eli üstün.
Zeberjet — gymmatbaha daş, hrizolit.
Zebun — 1. Biçäre, pakyr, ejiz, haldan düşen, haly harap, hor. 2. Ýeňlen, ygtybarsyz, ähmiýetsiz.
Zebur — 1. Ýazgy, tekst. 2. Hudaý tarapyndan Dawut pygambere iberilen kitap.
Zekat — malyň-başyň mukdaryna görä, degişli bölegi tölenýän salgyt. (Kyrk goýundan bir goýun, 30 sygyrdan bir ýaşar göle we ş. m.).
Zeken (Zakan) — eňek, alkym.
Zekewat — zekat sözüniň köplik sany.
Zelal — zeliller, harlar, ezilenler, sütem görenler, kemsidilenler; pesler. Zelil sözüniň köplük sany.
Zelil — hor-homsy, pakyr, biçäre, ejiz.
Zelillik — hor-homsulyk, harlyk, haly haraplyk.
Zellet (zillet) — horluk, betbegtlyk, muşakgat, pese düşmeklik, hormatdan düşme.
Zemaýyr — 1. Ýürek, ruh, içki dünýä, içki duýgular, göwünler, içki syrlar. 2. Ynsap.
Zemin — ýer, toprak, gum. Zemini-ýunan — grekleriň ýaşaýan ýeri, Gresiýa.
Zemistan — gyş.
Zemr — 1. Hyjuwlanma, joşma, duýgy joşma. 2. Bozlama, eňreme, bagyrma.
Zemzem — Mekgäniň golaýynda bolan bir çeşme. Dini rowaýatlara görä, bu çeşme Ybraýym pygamber zamanynda, biziň eýýamymyzdan takmynan, 2800 ýyl ozal gazylanmyş. Käbir rowaýata görä, Zemzem Ysmaýyl pygamberiň çaga wagty aýagyny depirjeklän ýerinden dörän bir çeşmedir. Çeşmäniň suwy mukaddes hasaplanyp, haja giden adamlar ondan alyp gaýdarlar.
Zen — aýal.
Zenbil — 1. Sebet. 2. Barbaris, (gyrymsy agaç we onuň miwesi).
Zenjebil — 1. Behiştdäki bir çeşmäniň ady. 2. Meý, şerap.
Zeň — 1. Pos. 2. Ýata suwuň ýüzünde ýygnanýan ýaşyl kerep. 3. Ekine kerep düşme.
Zeňgar — 1. Garamtyl ýaşyl reňk. 2. Tüsse sebäpli moruň — tüsse çykaryň içinde emele gelýän gurum. 3. Pos.
Zeňistan — 1. Zeňzibar (Zaňzibar). Gündogar Afrikada ýerleşýän bu ýurt. Tanganika bilen birleşdirilenden soň (1964 ý) Tanzaniýa atlandyrylýar. 2. Efiopiýa.
Zerbap — zer bilen dokalan lybas, zer bilen keşdelenen lybas.
Zerdap — 1. Iriň, sary suw. 2. Öt.
Zerefşah — zer sepiji, altyn ýaýyjy, zer pürküji.
Zereh — sowut, demir eşik, demir geýim.
Zerre — bölejik, ownuk, owuntyk, tike.
Zerrin— zerden, gyzyldan ýasalan, tylladan edilen zat, gyzyl çaýylan, altyndan bejerlen. Zerrin nakgaş — zer bilen nagyşlanan, zer çaýylan.
Zeýl — 1. Guýruk. 2. Syýn, yz tarap. 3. Şaha, ownuk bölek.
Zeýn — bezeg, zynat. Zeýn kylmak — bezemek, zynatlamak.
Zeýýennes-sema — Gurhany-Kerimiň 67-nji („Mülk”) süresiniň 5-nji aýaty: «Asmany (ýyldyzlar bilen) bezedik».
Zähm — 1. Ýara, baş, düwürtik, teni bir zat kesme, sypjyryk. 2. Kesel, dert. 3. Zelel etme, zyýan, ýitgi.
Zähr — zäher, awy. Zähri-katyl — öldüriji zäher, awy.
Zähra — 1. Lowurdawuk, nurly, röwşen. 2. Nurly ýüz, ap-ak ýüz, görmegeý. 3. Muhammet pygamberiň gyzy Patmanyň lakamy.
Zib — zynat, bezeg.
Zibir — zir-zöwzan, aljyraňňylyk, howsala düşmeklik.
Zikr — 1. Ýatlama, ýat etme. 2. Hudaýy we onuň sypatlaryny gaýtalama.

0
7 Bagabat  
43
Zin — eýer.
Zinde — diri, ýaşaýan, janly.
Zine — 1. Basgançak, merdiwan. 2. Üzeňňi.
Zir — 1. Bir zadyň astky bölegi, aşak, ast, teý, düýp. Ziri-paý — aýak asty, har, hor.
Zir-u zeber — 1. Astyn-üstün, agdar-düňder. 2. Arap elipbiýinde „l” we „e” seslerini aňladýan astyn we üstün belgisi.
Zir-zeberan — aşak-ýokaryk, agdar-düňder, elewreşip ýörme, tasap ýörme.
Zişt — erbet, ýaman, ýigrenji.
Ziwer — bezeg, zynat.
Zowal — zyýan, zelel; batma, ýok bolma.
Zowk — 1. Höwes, hyjuw. 2. Keýp, hezillik; inçe duýgy.
Zuha — 1. Guşluk. 2. Şugla, şapak.
Zulmat — 1. Garaňkylyk, tümlük. 2. Nadanlyk, körlük.
Zunuby — XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry; Magtymgulynyň halypalaryndan biri.
Zuwwar — zyýaratçylar. Zuwwary-älem — älemdäki ähli halaýyklaryň zyýaratgähi; hemmäniň zyýarat edýän ýeri.
Zülal — päk, arassa, sap, dury.
Züljelal — Beýiklik eýesi, Alla.
Zülpikar — 1.Iki ýüzli, iki tygly, iki keserli. 2. Alynyň gylyjy.
Zümerret — ýaşyl reňkli gymmatbaha daş, izumrud.
Zümre — ähli, hemme.
Zünnar — zorastrizm (zerduşt, otparaz) dininiň ruhanylarynyň guşanan guşagy. Musulmanlar hristian monahlarynyň guşagyny hem şeýle atlandyrýarlar. Gündogar edebiýatynda söýgüliniň bezegli guşagy.
Zürbe — bäbek, bala, çaga, perzent, nebere.
Zyba — owadan, görmegeý, gözel.
Zyban — dil.
Zybana — ýalyn, ot, alaw. Zybana çekmek — ýanmak, lowlamak, ot almak, alawlamak.
Zyna etmek — ahlak taýdan azgynlyk etmek.
Zynat — bezeg.
Zynhar — 1. Hergiz, asla. 2. Ätiýaçly bol, äge bol. 3. Gorag, gaçalga. 4. Aman.
Zyragat — ýer işleri, ýeri özleşdiriş, ekiş, ýer bejeriş.
Zyýa — ýalkym, ýagtylyk, şöhle, şugla.
Zyýada — artyk, köp, kän, zyýat.

0
11 yaran_yagmur_9  
1578
Magtymguly: "Munda eşek berseň, magşarda - byrag, çekerler gyzyldan zeýni (bezegi) bilen" diýendir öýdýärdim. "Zin" - eýer bolýan bolsa, "gyzyldan eýeri" bolmagy has göwne makul. "Çekerler" diýýär, eýer bolsa çekilip salynýar.

0
12 Injener  
1
Magtymgulyň döwründen soň baryýogy 300 ýyl geçdimi? Eýýam diňe Z harpdan gelýän şonça sözler ulanyşdan galdymy? Bolýa, ýiten sözleriň sinonymlary bar diýeli, ýöne 100 prosent sinonimlar bolanok diýýärler. Mysal üçin Aýdaly "Zyba" sözi görmegeý aýal bolýan bolsa, ol sözüň sinonymy owadan aýal bolmaly? Ýöne meň pikirimçe Zyba ýöne bir owadan dünýä inen aýal dälde, özini emeli usul bilen owadan saklaýan aýalmyka diýýän? (Kosmetika we şoňa meňzeş zatlar). Köne sözleriň yzy bilen, bir giden düşünjeler ýitrim bolýar, ol bolsa eýýäm erbet. Maýmynlar öz ara gürleşmek üçin plança ýüz sany ses ulanýalar diýýä welin, biz hem assa ýuwaşdan şol tarapa barýas öýdýän???

0
8 Injener  
1
Geçmişdemi bir ýerde kimdir biri ähli gowy däl sözleri bir harpa geçirmek islän bolmaly. Belki ýagşy ýaman saýgarlar ýaly, ýa-da çagalara medresede bir ýerde okuw aňsat bolar ýaly: —Çagalar Z harpdan başlanýan ähli zatlardan çetde duryň we şoňa meňzeş. Hökümet derejesinde diýseň aňsat bolýa ähli gadagan zatlary belli bir harpa geçirseň...;) Z harpdan başlaýan zatlaryň barsy gowy säl, seresaplyk bilen çemelleş. Geçmişde ýaşanlar biziňkilerden parasatly bolan bolmaly? Z harp bilen bagly soňky gowy sözler, ýokrda agzan dil üýtgetmä girýän bolmagy ähtymal..))) Garaz bu tesfir hem başga bir çaklama. Z harp elipbeýiň iň soňky harpy dämi???

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Dogrudanam, şol harpyň galapyn oňyn bolmadyk zatlar bilen asososialaşýany üçin onuň käbirimizde galyjy negatif duýgy oýarýan bolmagy mümkin. Köpüsi hem arap kökli.

Ýöne "zer" diýilse boýun gaçyrjagymyz ýok bolsa gerek.
: ). Ýöne oňa-da ýumrujy güýç hökmünde garaýanlar kän.

Magtymguly "zaýyf" sözüni "naçar", "aýal" manyda hem ulanýar: "Ýigidiň myrady ýagşy zaýyfdyr". Bu ýerde ýagşy zat.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]