08:10

Растоптанные чувства / рассказ

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 293 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
Berekella.
Şowly synanyşyk.
Türkmen dilindäki çeperçiligine biraz ýetip bilmänsiň, ýöne gowy. Hekaýaň ruhy gowy terjime edilipdir.
Ikinji abzasyňda: «Ритмы музыки» diýeniňde, «Ритм музыки» diýseň, dogry bolýar.
«Ритм музыки» diýen söz düzümini köpräk ulanýanyň ünsümi çekdi. Belki «в такт к музыке» diýip çalyşsaň, «ритмично» diýmän, «по лебединому плавно» diýseň, çümmüjegem bolsa hekaýaň çeperçiligine oňyn täsir etmezmikä?
Ýene-de: «На самом деле это было первое и ложное впечатление» diýip rus dilinde sap-dürs ýazman, «На самом деле, так мне только казалось» diýseň...
Garaz, ýene-de bir gezek “owadanlap” çyksaň.
Bu hekaýaň ene dilinde gürlände has ýiti, neşderli, täsirli, gozgaýjy “gürleýärdi”.
Ýöne terjimäňem, awtorlyk terjime bolany üçin gowy.
Ýene bir öwran eýlesine-beýlesine gulaş-kakyş edeňsoň, säginme-de, budclub.ru, author.today, readli.net, flibusta.net ýaly saýtlara-da, rus edebiýat gazet-žurnallaryny-da iber.
Işiň ugruna, galamyň ýiti bolsun.

0
2 Bagabat  
43
Hekaýaň ady hem sözme-söz terjime etmek isleseň-ä: "Растоптанное чувство" (Depelenen duýgy) diýip, köplük däl-de, birlik sanda bolýar welin, beýdip göni, sözme-söz terjime etmän "Растоптанная радость", "Радость растоптанная", "Наотмашь по душе" (Kalba ýüzikessir), "Радость в пыли", "Слова как грязные ноги", "Ногами в душу" diýen ýaly şahyrana, çeper terjime etseň näderkä?
Öňemmiri aýtmyşlaýyn: "Elbetde Dinozawr ekgäň özi ýahşi biledi!" welin :-).

0
4 Gurgencli  
324
Serdar aga rus dilini nädip, 0-dan çalt, gowy, dürs öwrenip bolýar? Tejribäň bolsa maslahat bermegiňi haýyş edýän, rus dilini öwrenmek isleýän ýöne nämeden nädip başlajagymy bilemok, rus dilindäki kitaplary okamakdan başlaýyn diýsem rus dilini umuman bilmänimden soňra okan zadymada düşünemok.

0
6 Bagabat  
43
1. Türkmen-rus sözlügini alyp, mümkin boldugyndan köpräk sözi ýat tutmaly. Munuň üçin öz öňüňde günde 40-50 sözi ýat tutmak boýunça borç goýmaly. Günüň dowamynda 4-5 gezek, ýatmazyň öň ýanynda-da 1-2 gezek gündiz ýat tutan sözleriňi ýatdan aýdyp, gaýtalamaly. 1-2 hepdeden rus dilinde bilýän söz goruň 350-700 söz bolar.

2. 350-700 sözlük gor bilen rus dilinde audiofaýllary diňlemäge we kinolary, multikleri görmäge, aýdym, goşgy, audiokitap diňlemäge hem-de olara düşünmäge azda-kände mümkinçilik döreýär. Eliň sypyndygy, boş wagt tapdygyň şolary diňlemeli, tomaşa etmeli. Düşünmedik sözleriň gabat geldigi olary bir ýere belläp, soň olaryň aňladýan manysyny sözlükden öwrenmeli. Şol birwagtda-da eliň degdiginden türkmen-rus sözlüginden täze söz öwrenmegiňi bes etmeli däl. Ýene-de 2-3 hepde şeýle düzgün.

3. Söz goruň 3-4 müň söze ýetenden soň rus dilindäki çeper eserleri okap başlamaly. Ilki rus halk ertekilerini, ýazyjylaryň ertekilerini, çaklaňja hekaýalaryny, soň has çylşyrymly eserleri, goşgy, hekaýa, powest, roman. Okan kitaplaryňda düşünmedik sözleriňi bellemeli-de, olary sözlükden tapyp öwrenmeli.

4. Diliň ýenjiler ýaly okaýan ýa-da diňleýän kitaplaryňdan parçalary daşyňdan sesli aýtmaly. Olary sesli aýdanyňda mümkin boldugyndan şol audiokitaplarda aýdylyşy ýaly aýtjak bolmaly.

Elbetde bu intensiw usulda rus diliniň grammatikasyny, orfografiýasyny suwytly öwrenmersiň, ýöne gürläp, düşünip hem düşündirip, okap, belli bir derejede-de ýazyp bilersiň.

Wessalam, gep tamam.

Görogly begiňki ýaly erenleň patasy bilen bir pursatda 72 dili bilmek bolsa, diňe dessanlardyr-ertekilerde bolýan bolaýmasa, @Gurgençli :-).

0
7 Gurgencli  
324
Köp, köp sagbol Serdar aga.

0
3 Bagabat  
43
Saýtda hekaýaň teginde-de awtoryň at, familiýasyny goýmak ýatdan çykypdyr eken.

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Sag bol agam!
Ynamyñyzy ödemek bize mertebedir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]