22:21 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Taňrysyny tanamasa ol kişi, Bilginiň, ýol almaz her tutan işi. Göwün hoşy alahöwren, al-arwah, Dowzahdyr tomusy, dowzahdyr gyşy. 20.07.2023. *** Diýerdim men oňa ýigidiň berki, Indi gözlerinde görýärin gorky. Munuň üçin oňa “gorkak” diýmerin, Diýdim: “Gorky-da gerekdir, belki...” 20.07.2023. *** Häkim bolsaň, taýak atma yzyňa, Degme namysyna, gelin-gyzyna. Ataň Gara gaýşak, eneň hem Küti, Degseň, degjek bardyr öýde uzuňa. 21.07.2023. *** Ak geýseň-de, bolup bilmeň perişdäm, Haýry degmez muňa müňläp serişdäň. Daşy gara, içi akdyr gazanyň, Ýadymdadyr hokga bilen dürüşdäň. 21.07.2023. Az bolmandyr heleýguly emir, şa, Mysaly kän munuň – Süleýman, Mişa... Gepe gidip ýykypdyrlar döwleti, Şeýle hökümdarlar musallat başa. 25.07.2023. *** At eşek ýüküni göterebilmez, Şagal towuk görse oturybilmez. “Bilmezler” kän, haýsy birin sanaýyn? Ýük ýükleseň, pyşdyl getiribilmez. 25.07.2023. *** Gaplaň, ýolbars, syrtlan... bary ýyrtyjy, Duşsaň, läşiň gara gana sürtüji. Ýöne weli adam atly bir mahluk, Agzyna nan diýip, iýýär gyrtyjy. 25.07.2023. *** Barlygy çyn bolsa Hudaýyň arşda, Neçün ýere göndermeýär perişde. Edeni öňünden geçip ýör mollaň, Kim ymam, kim sopy... bary dürüşde. 25.07.2023. *** Iki dostuň arasynda gep bolup, Göwün içre göwünlerde jet bolup, Gaýyryp ýör hapa işi ol gende, Ata-baba haýyr bilen çep bolup. 25.07.2023. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |