20:12 Saňa | |
SAŇA
Söz bermändiň maňa asmanda Aýy, Ýyldyzlary monjuk düzjek diýmediň. Didelerňe bakyp tapan özümi Ýitirmeklik üçin seni söýmedim. Telbe bolup ylgamadyň yzymdan, Ne ýalbardyň ýanyp-bişip köýmediň. Kakyp duýgularmyň inçe taryny Üzüp zyňmak üçin seni söýmedim. Intizar halymdan habar tutarňa, Isläpdim bolaryň kalba söýgedim. Süýji sözleriňe özümi aldap, Güýmemeklik üçin seni söýmedim. Tala daňlan umytlarym boşanyp, Özümi tapaýsam elwan öýmede. Men seni söýmedim Aglamak üçin Utulanym ýatlap ilki söýgüde. Annabeg AÝMAKOWA. | |
|
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |