20:03 Saña juda kän garaşdym | |
SAÑA JUDA KÄN GARAŞDYM
Göz-röwşenim, nury didäm, Saňa juda kän garaşdym. Aýlardan, ýyllardan idäp, Saňa juda kän garaşdym. Gül ysyna “Demiň” diýip, Ýel ýelpese “Eliň” diýip, “Ýürek dilim-dilim” diýip, Saňa juda kän garaşdym. Çeşmäň akymy bilen gel, Ýazyň ýakymy bilen gel, Aňyň, akylyň bilen gel, Saňa juda kän garaşdym. Günüň şöhlesi bilen gel, Aýyň şuglasy bilen gel, Ýazyň çabgasy bilen gel, Saňa juda kän garaşdym. Meni gam ýagşyna ezme, Adyňy almasyn özge, Gel, gyşyň aňzagna döz-de, Saňa juda kän garaşdym. Isleseň, gel gögi syryp, Isleseň, çyk ýeri ýaryp, Ýöne zeýrendirme zaryn, Saňa juda kän garaşdym. Erkime el bermez yşkym, Gözümiň öňünde keşbiň. Bilmen, ýolda nämä duşduň?! Saňa juda kän garaşdym. Körler kimin sermendigim, Maňzym bolup örňedigim, Bir gezegem görmedigim, Saňa juda kän garaşdym. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |