19:50

Sensiz günler

SENSIZ GÜNLER

Gussadan don geýen agras pikirleň
Yzy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok.
Kerwen günleň çep gursakda göterlen
Közi ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok.

Çykyp senli günleň ýatlamasyndan,
Nädeýin, yşk ykbalymdan asylsa.
Öňküsi deý aýlanyp dur pasyllar,
Ýazy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok.

Aýralygyň tygy ursa-da şine,
Ne-hä garaşmak bar, ne-de bar kine.
Günleriň ysgynsyz heňi bar, ýöne
Sazy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok.

Gör, henizem öňkim ýaly söýýärin,
Çünki sowulmaýar söýgiň eýýamy.
«Dünýäm» ýok, «Janym» ýok,
Hem şol «Dünýäniň»
Özi ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok.

Birsydyrgyn däldir ýaşlygam, näme?
Islesem, didämi ýaşlaýan, näme?
Ýaşaýan.
Ýaşajak.
Ýaşaman näme?
Duzy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok.

Agageldi ITALMAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 399 | Добавил: Мylayym | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

М.Н.Коншиной / Goşgular - 13.02.2023
Милая дева, зачем тебе знать, что́ жизнь нам готовит…» / Goşgular - 28.01.2023
Эры / Goşgular - 28.01.2023
«Месяц серебряный смотрится в волны морские…» / Goşgular - 11.01.2023
«В последний раз зову Тебя: явись…» / Goşgular - 13.02.2023
Встреча / Goşgular - 12.01.2023
Как листья в осень / Goşgular - 06.01.2023
Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023
Из письма к В.П.Горчакову / Goşgular - 27.01.2023
"Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp..." / Goşgular - 14.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]