17:59

Şeýle şahandaz iller bizde bar

ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR! 

■ Aýsapar Emelowanyň döredijiligi hakda / makaladan bölek

Şygryýet her bir ynsany tolgundyrýar: giň sähralardaky çopan-çoluklar, gök meýdanlardaky daýhanlar, zawod-fabriklerdäki işçiler, deňiz-derýalardaky balykçylar, harbylar, söwdagärler, ylym-bilim işgärleri, okuwçylar, talyplar… Garaz, bu gaýnap-joşýan umman kibi durmuşyň kenarynda galan ynsan ýok.

Şeýle joşgunly döwürlerde her bir adam üçin elmydama ýakyn bolan sungat herekete gelip başlaýar. Sungatyň bir geňsi tarapy, oňa baka hemmeleriň ýolunyň açyklygy, onuň her bir adamy çar ýandan gurşap alýanlygydyr. Asyl, ähli ynsanyň kalbynda sungatyň hasapsyz gory bar. Kimleriň bu hazynasy gozgalman galýar, kimler joşgunly pursatlary ýüze çykarýar, kimler bolsa ony işläp-bejerip halka ýaýýar. Adam ogluna iň ýakyn sungat poeziýa bolsa gerek. Onuň ömri hüwdüler bilen başlanyp, sanawaçlar, matallar, ýaremezanlar, küştdepdiler, öleňler, aýdymlar… bilen dowam edip, agy aýdymlary bilen tamamlanýar. Ynsanyň gaýry janly-jandarlardan dil bilen tapawutlanýandygy, erkin saýraýan diliň bolsa her ynsanda bardygy sebäpli, poeziýa hemmelere elýeterli.

Janly hem çeper diliň hut şu günki günde halk arasynda nähili derejede kämillige ymtylýandygyny öwrenmek üçin, ylham atyna atlanyp, Aziadanyň atlylary kimin, bagtyýarlykdan joşýan ýurdumyzyň çar künjegine şahyrana syýahata çykalyň. Maksadymyz – Watan mukaddesligi, ynsan mertebesi, yşk; gözlegimiz – zehin, talant, joşgun; wezipämiz – zehinleriň täze gorlaryny açyp, ile, dünýä ýaýmak.

…Salkyn howaly, Aşyk Aýdyň pirli, üç ýüz altymyş öwlýäli, Mahmt Zamahşarly, Ysmamyt ataly, aýdym-sazly… Daşoguz.Ozaly bilen nazarymyz oba-şaherlerde ýollaryň kenarynda ekilen hatar-hatar saýaly daragtlarda, gökje otlar düşelen böleklerde, birgeňsi ekilen gül-gunçalarda eglenýär. Bu gözellikleri döretmäge Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky Daşoguz şäher Arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň bag-bossanlaşdyryş işçisi, bag-bossançy şahyr Aýsapar Emelowa hem gatnaşýar.

Ýöne Aýsapar diňe bir töwerek-daşa däl, adamlaryň kalbyna-da gül ekmäge çalyşýar. Ýigrimi ýaşdan geçäýinçä, 2013-nji ýyla çenli goşgy ýazmak hakynda pikir hem etmedik bu gyzymyz Berkararlyk döwrüniň döredijilik ylhamy bilen joşýan ýaşlarynyň dünýäsine duýdansyz aralaşýar. Ol özlerini görmese-de, ýaş şahyrlar bilen habarlaşyp başlaýar. Şu tanyşlyk goşgy ýazmaklyk üçin badalga bolýar:

Biz bir ýere jemlenmedik hiç haçan,
Emma welin köp duşupdy pikirler.
Duýgulaarmyz tapyp birek-biregi,
Ylham derýasynda mejlis ederler.

Biz hiç wagt duşuşmadyk hiç ýerde,
Ýöne welin maksadymyz bir biziň.
Ýazanymyz kalba ýakyn şygyrlar,
Ýazmadygmyz ýüregmizde syr biziň.
(A.Emelowa “Şahyr dostlaryma”)

Şahyr dostlarynyň täsiri bilen ýakynda goşgy ýazmaga başlan A.Emelowanyň sadajadan gelen akgynly, içinde yşkly ýürek gürsüldäp duran şygyrlary bar. Käte okap barýarkaň, setirleriň biri-birine şeýle erkin seplenişini, bentleriň bir-biregi egin diräp goldaýşyny görüp, şu gyz şygyrda ulurak göwrümli eserlerem döredip biler diýip oýlanýarsyň. Ýitirilen söýgi hakda ýazylan goşgy dokuz bentden ybarat. Munuň özi liriki şygyrlar üçin uzak. Ýöne gowy zat köp bolup bilmeýär. A.Emelowanyň goşgularynyň ýeňiljek hem täsirlidigi, gahrymanyň saňa ýürejigini açýandygy sebäpli okap barýarkaň ýadamaýaň.

Öýkeledi bagtdan, näryza yşkdan,
Senden welin üzdi eýýäm tamany.
Bu setirler saňa ýazlan şygyr däl,
Bu biziň,… ýok, meň söýgümiň “Tamamy”.
(A.Emelowa)

“Ylham” seýilgähinde ilkinji bolup, örboýuna galyp duran aşyk, halky dilde ilkinjileriň hatarynda ýazyp başlan Garajaoglanyň döredijiligi şeýle bir halka ýakyn, şeýle bir akgynly hem owadan. Onuň garaýylary (türkmen halk döredijiligine mahsus, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Magtymguly Pyragynyň söýgüli şygyr görnüşi bolan goşuk Kiçi Aziýa türkmenlerinde şeýle atlandyrylýar) ýöne bir okap barýarkaň-da, öz-özünden owazlanýar. Bu tebigy hem mähriban ýoda ýollara ulaşyp gitdi. Birtäsin ýeri bu ýol hiç wagt hiç kimi ýadatmaýar, her döwürde döwrebap ýaňlanyp ýaltanmaýar. A.Emelowanyň “Ähmiýetsizlik” atly goşgusy biygtyýar bu ýoly ýada saldy. Bu gaýtalama ýa öýkünme däl. Biz bu ýerde tolgunyp duran gyz ýüregini görýäris:

Tozap ýatyr şol köneje ýodalar,
Gelmejegňi duýsa kalbym ot alar,
Emma seni getirmejek ýodadan
Ýöränimde näme, duramda näme?!
(A.Emelowa)

Goşgulardan diňe birki bendi mysal getirsek-de, hakyky lezzeti diňe goşgyny doly okanyňda almak mümkin.

Ýaşlar gözlegde. Ýokarky bentdäki ritoriki soragy bendiň başynda goýup, şygryň täsirliligini has-da artdyrmak mümkin. Bu aslynda, Gorkut ata döwründen bäri türkmen edebiýatyna mahsus ýagdaý. A.Emelowa şeýle emeli ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyr. Onuň özi bu forma babatynda pikirem eden däldir, belki. Belki, gadymdan gan bilen gelýän milli ýörelgeler öz hyzmatyna girişendir?!:

Seni düýşümde gördümmi?!
Göz öňüme geldi ýylgyryp durşuň.
Sen tarapa ädim ädesim geldi,
Emma, aýaklarym birgeňsi gurşup,
Saňa gitmegime garşy ýalydy,
Garşy ýalydylar duşuşmagmyza,
Bu düýş bolsa, belki, oýanamdan soň
Bagtyň ýodasynda duşuşarys-a?!
(A.Emelowa)

Bu sowal indiki bentleriň hersiniň başynda ýaňlanýar we okyjyda joşguny, täsirlenmäni, heserlenmäni oýarýar. Ritoriki soraglar A.Emelowanyň beýleki goşgularynda-da ýerlikli ulanylypdyr:

Seni bilmän ynjytdym men,
Özüm bilmän ynjytdymmy?!
Saňa duşup unutdym men
Lälikligmi, ynjyklygmy.
(A.Emelowa)

Şu pikiri nygtamak maksady bilen getiriljek mysaly aljak indiki goşgymyz sadalygy, akgynlylygy, joşgunyň möwç urýanlygy bilen tapawutlanýar. Ýönekeýje sözler, sözlemler, setirler bir-birini goldaşyp, biri-birine sepleşip eňip barýar. Ahyrynda, bularyň hemmesi jemlenip, sazlaşykly urup duran bir ýüregi ýatladýar. Janly gyz ýüregi. Şonuň üçin bu goşgudan bir-iki setirini däl-de, dolulygyna okasak gowy:

Ýürek saňa amanatdyr,
Ömrüm saňa serpaý bolsun!
Diýdim, diledim Alladan:
“Dileglerim berjaý bolsun!”
Söýgüňe ömür diledim,
Ynam diledim kalbyňa.
Emma, sen ne meni söýdüň,
Ne ynam bagladyň maňa.
Arman, maňa düşünmediň,
Wah, maňa bir düşünsediň…

Öz dünýämi terk eýledim,
Göçüp bardym seň dünýäňe,
Meň söýgimi duýmaz ýaly,
Sen kör ýa-da bir güň däl-ä.
Gün kän-ä ýüregňi açmak isleseň,
Men diňlärin lal açan deý, ses-üýnsiz.
Sabyrly bolaryn giň ýürek bilen,
Sen maňa bolsaň-da juda rehimsiz.
Arman, maňa düşünmediň,
Wah, maňa bir düşünsediň.

Sen gideňsoň meň dünýäme,
Aralaşdy geň tukatlyk.
Duýgularym sygman dünýä,
Bolup barýar bir kitaplyk.
Seni bilmän ynjytdym men,
Özüm bilmän ynjytdymmy?
Saňa duşup unutdym men
Lälikligmi, ynjyklygmy.
Ynanjymy saňa baglap,
Diňe saňa ynandym men.
Arman, maňa düşünmediň,
Wah, maňa bir düşünsediň…
(A.Emelowa)

Hem şu goşguda, hem beýlekilerde awtoryň zenan maşgaladygyny, onda-da kalby yşkdan, söýgüden joşup duran gyzdygyny soraman biläýmeli. Goşgularda bu barada habar berýän, ümleýän haýsydyr bir habaryň, maglumatyň ýoklugynda onuň awtorynyň nähiliräk adamdygyny, kimdigini aňlap bolýan bolsa, bu şahyryň kämillige tarap ymtylýandygyny aňladyp biler. Şunuň özi bu gyzyň şygryýetde öz ýoluny tapjakdygyndan nyşan bolsa gerek.

Baýram AKATOW.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 585 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Modernizm we minimalizm: Bir şygryň anatomiýasynda - 14.03.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Aysapar Emelowanyñ goshgylaryny ozal laynda da urc edip okayardym. Gaty gowy yazyar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]