00:14

Şygryýet gözelligi - Älem gözelligi

ŞYGRYÝET GÖZELLIGI – ÄLEM GÖZELLIGI 

Hormatly Prezidentimiziň edebiýaty, sungaty ylham atyna ataryp, döredijilik joşguny bilen joşdurýan zamanasynda döwür bilen deň gadam urmak üçin yhlas edýän bu günki poeziýamyzyň aýratynlyklary nämelerden ybarat? Ol zamananyň talabyny ödäp, halkyň söýgüsini gazanyp bilýärmi? Gadymyýetden gaýdan, Pyragynyň parladan şygryýet baýdagynyň howalasy nähili? Dünýä bilen sazlaşyk duýulýarmy?.. Şeýle soraglara jogap gözläp, “Garagumuň” şygryýet sährasyna seýrana çykdyk.

■ I. Gözel many şygryň örki.

Adam, halk hakda aladanyň şygryýetiň süňňüne siňmegi zerur. Hut şu alada şahyryň adyny edebiýatyň taryhyna ýazmaga kömek etjek ilkinji şertdir. Bu hakykat ähli döwürlere, şol bir wagtyň özünde şu günki şygryýetimize-de degişli. Halk hakyndaky alada şahyryň raýat hökmündäki ornuny kesgitleýär. Her bir adamyň jemgyýetde öz orny bar. Şahyryň orny şu meselede has berk bolmaly. Onda halkyny söýýän joşgunly ýürek gürsüldäp durmasa, döredijiliginiň ömrüniň biologiki ömri bilen deň tamamlanjagynyň ujy iki däl. Ýöne bu söýgini, ýagny halka, adama, adamzada bolan söýgini aýdyp-diýip gursaga guýup bolmaýan ekeni. Belki, “Sen türkmen gyzyl gülün soldurdyň…” diýip janykýan, “Aňsa öldir bu dessany ol Fetdah” diýip janyny orta goýýan Magtymguly Pyragy kimin şahsyýetler doglanda şeýle söýgi bilen dogulýandyrlar.
Adamy baş gymmatlyk diýip ykrar eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şygryýetinde halk hakynda alada barha köp duýulýar. Sowuk sähralarda, gyş gijelerinde ýakylan çopan oduna meňzäp, adamy mährine çoýmak isleýän O. Atahanowyň gahrymanynyň ýanyp duran ýüregi bilen ýollary ýagtyldyp, halkyny tüm tokaýdan çykaran Dankonyňky ýaly ýüregi bar:

Şol ot deýin ykbalyma ýetirsin,
Ynsan ýüregine nur çaýmak bagtyn.
O.Atahanow. Çopan ody.

Şahyr S.Ilamanowyň agtygyna edep öwredýän gojasy dünýäni hem agtygy kimin bagtyýar etmek isleýär:

Aýbogdaş gurdurýar agtyjagyna,
Hem salam öwredýär –
Öwredýär edep.
Şeýdip, öz bagtyna guwanýar ata,
Hemem diýýär:,,Bolsady, wah bolsady,
Şeýdip bu dünýäni bagtyýar edip”
S.Ilamanow.Halky sylamak bagty.

Ruhubelentlik, ýaşaýşa, haýra, adalata, gözellige… bolan ynam ýaşamaga kömek edýär. Şol ynam bolmasa, ýaşaýyş manysyny ýitirýär. O. Annaýewiň many-mazmun hem galyp taýdan özboluşly döredijiliginiň özeninde-de ähli derdi-belalardan beýik bolmaga, kynçylyklary ýeňmäge çagyryş bar. Munuň özi ýöne bir ýüzleý çagyryş däl. Şahyr ilki dünýäniň aladasyny-howsalasyny içgin beýan edýär. Şundan soň uly ynamyň has-da gymmaty artýar.
“Harasat” atly goşguda tebigat hadysasynyň janly suraty çekilipdir. Garaňky tümlükde, agyz-burnuňy gumdan dolduryp, “ýeri başga ýana togalap barýan” güýçli harasatda ýalňyz galan gahryman özüne mähriban birini küýseýär. Emma ol mähribanam bir görnüp, ýitirim bolýar. Nijeme aýlap suwsuz guran çölleriň gülüň möwsüminde gözellige bürenişi ýaly, birden ähli ýer gyrmyzy öwüsýär. Bu düýş. Ýöne şahyryň kalbynda bolup geçen hakyky düýş. “Tümlük” atly goşguda-da gahryman gözedürtme garaňkydan ejir çekýär. Adamyň okyja göni aýdyp bilmeýän närseleri dörände, şygryýetiň obrazlylyk häsiýeti kömege gelýär. Begendirýän ýeri, O.Annaýewiň liriki gahrymanyny harasat hem, tümlük hem ejizledip bilmändir:

Herne kyn bolsa-da, ýeterin daňa,
Gutularyn, tümlük gursa-da duzak.
Arşdan Aý jemalyň göründi maňa,
Men halas bolaryn – eliňi uzat!..
O.Annaýew. Tümlük.

■ “Durmuş Nobatguly däl”. 

Ol aladalardan, kynçylyklardan, gussalardan, şatlyklardan doly. Kynçylyklaryň köpüsini adamlaryň özleri döredýär. Nesimi “Enel-Hak” taglymatyny öňe sürende, adamy Hak bilen bir hasaplaýar. Şahyryň maksady adamy beýgeldip, ýamanlyklary aradan aýyrmak. Adam Hak bolsa, onda ol rehimlidir, mähribandyr, adyldyr, halaldyr… Her bir adam şu hakykata uýanda jemgyýetde kynçylyk, mesele galmazdy. Şahyr S.Ilamanowyň hem gelejekde “bahar ýaly” adamlaryň dörejegine ynamy uly:

Bahar diýmek jebislikdir,
Özge zady ýokdur dünýäň.
Bir gün bahara düşünýän
Dörär bahar deý adamlar…
S.Ilamanow. Bahar – jebislik

Asyl, şahyr ýaşap ýörmek, säher altyn deý ýanýan güneşe garap bilmek bagtyny tüçjar baýlyga deňeýär:

Bu dünýäde ýaşap ýörse her adam,
Älem içre baryp ýatan tüçjardyr…
Säher Gün doganda, altyn deý ýanyp,
Hazynadan gönenýän hut bu jandyr.

Şöhlesinden sagyp alyber onsoň,
Seňkidir,
Seňkidir altyn göweji.
Säher altyn Güni ömrüňe çaý-da,
Şanyna söwüş et, eçil öweji.
S.Ilamanow. Tüçjar

■ Yşk, ýene yşk… 

Yşk bolmasa, poeziýa-da bolmazdy. Yşkyň köňüllerdäki telwasy adamy adatylykdan, sowuklykdan, diňe bir öz aladaňa gümra bolmakdan daşlaşdyrýar, dünýäni, durmuşy, barlygy, bakylygy… başgaça bir göz bilen görmäge mejbur edýär. Dünýäniň ähli derdi-belalaryndan halas edip biljek, adamlary dostlaşdyrjak ýeke-täk güýç hem şu Yşk bolmaly. D.Annamyradowyň liriki gahrymany şu uly hem datly Yşkyň tagamyny dadana meňzeş:

…Saýry köňüllere, gör, gardaş bolup,
Ýatlar içre ýakynlara sataşdym.

Baglar maňa hödürleýär peýkerin,
Nätanyş gözelleň sypap başlaryn.
…Garran agaç doga okap,
küýkerip,
Nikasyny gyýýar ençe yşklaryň…
D.Annamyradow. Yşkyň nikasy.

Yşky-pelsepewi garaýyşlaryň täsiri uly. Nusgawy edebiýatymyzda köpleriň kalbyny telwasa salan ylahy yşk ideýasyna laýyklykda, adam dünýäniň aladalaryndan bir yşka daýanyp halas bolmak isleýär. Ol yşky gözleýär (Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan… Magtymguly), ony dost, ýar ýaly söýgüli sözler bilen ezizleýär, oňa gowuşmak isleýär. Owal akan ýerinden akýan şygryýet akabamyzyň käbir pursatlarynda bu pikirleriň hem ýaşaýandygy duýulýar:

Ygyp gezseň gaýda,
gyşda,
ýagyşda,
kä galandar, kä padyman eşikde.
Şygyr düzseň gaýyp dosta bagyşlap,
Ýürek zaryň ýa eşider eşitmez.
Telwasyň düşlegi. D. Annamyradow.

■ Dostluk. 

Poeziýa iň bir ýagşy niýetleri özüne baýdak edinmeli. Şeýle päk niýetleriň biri agzybirlik, dost-doganlykdyr. Söz adamlary dogan edibem, duşman edibem bilýär. “Söweşi kesýän söz hem, başy kesdirýän söz hem bar” (Ýunus Emre), “Iki adam uruşsa öter ýaly ýol bermeli däl” (Mollanepes). Adamlary biri-birinden daşlaşdyrmak üçin bahana hasapsyz: milleti, jynsy, häsiýeti, keşbi… ýakynlaşdyrmak üçin ýeke-täk bir närse bar: ol – Söýgi. Söýgi ylahdan. Bu pikiri şahyr oňat nygtaýar:

Ýakyny ýardamlap, öwen bolýarys,
Ýatlary ýazgaryp döwen bolýarys,
Adam Ata, How Eneden çen tutsak,
Hemmämiz asyl bir dogan bolýarys.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

B.Ataýewiň jahankeşdelige göwün berip, dünýä syýahat edýän liriki gahrymany hem dost-doganlyga uly sarpa goýýar. Nirede dürli milletler deň hukukly dostluk gatnaşygyny saklaýan bolsalar, şol ýurduň abadançylygy hem, rysgal-döwleti hem beýik:

Bu ýerde milletler agzybir, jebis,
Dürli halk kän araplardan başga-da.
Ykbalyndan razydyr, bagtlydyr her kes,
Ýaşap ýörler göýä-ki bir maşgala.
B.Ataýew. Katar täsirleri.

Adamyň ahlak päkligini gazanmakda şygryýetiň gymmaty uly. Ilki dilden dile geçip, ýörjen-ýörjen bolan, soň aýak bitip, halk arasyna ýaýran şygyrlar adamlary ahlak arassalygyna çagyryp ýörendir her dürli pursatlarda.
Ykbal çeken zähmetiňe, eden işleriňe görä abraý eçilýär. Ol abraý saňa öňki ýagşylyklaryň, ýagşy gylyklaryň üçin ýapylan serpaý. Ýöne ol serpaýy diliňe çolap, mydama şonuň bilen abraýly boljak bolsaň, edil minnetli ýagşylygyň sogaba däl-de, günä öwrülişi ýaly, abraýyň hem saňa agram daşy bolýar. Baýlyk seniň begiň däl, sen baýlygyň begi bolmaly, abraýyňy hem arkaňa hopba edip ýörmeli däl:

Dostlarym bar,
Kä kişi deý abraýny
Münmegiň ýerine mäkäm eýerläp,
Gaýta arkasyna hopba edip ony,
Şonuň agramyndan bolýarlar heläk.

Her bir eser, durmuşda bolup geçen her bir waka adamy barha kämillige tarap itermeli. Eger şahyr, adam bulardan netije çykarmagy başarmasa, onda ösüşiň ýoklugydyr. O.Annaýew ýokarky pelsepeden şeýle netije çykarýar:

Bu zatlaryň bary durmuşdan sapak,
Doldurýar o zatlar aňda boşlugy.
Şunça ýaşap men öwrenip bilmedim
Özümden,
ömrümden göwnühoşlugy.
O.Annaýew. Ahmyr

Edep-terbiýe meselesiniň gozgalyp başlanmagy şygryýetiň özi bilen tas ýaşytdaş bolsa gerek. Belki, owaly söýgi, soňam şu adamy beýleki mahlukatlardan tapawutlandyrýan ynsan edebi şygryýetiň döremegine sebäp bolandyr. O.Annaýewiň “Netijesinde” bagryny ezip garaşan, kyrk ýaşda ýüzi düşen perzendiniň dil bitensoň, kakasyna “Sen bir otursana” dýmesini okap gynanýarsyň. Çagamyzy söýenimizde, gazaply bolmalydygy (G.Ezizow) dogry bolsa gerek. Islendik zat, şol sanda söýgi hem gereginden artyk bolsa, zähere öwrülýär.
O.Annaýewiň goşgulary simwollara baý. Şahyr oturyň üsti bilen durmuşda her kimiň öz ornunyň bolmaylydygyny (“Otur”) nygtasa, tikenini gizlemeýän kirpiniň üsti bilen käbir adamlaryň ikiýüzlüligini (“Kirpili tymsal”) ýazgarýar. Şeýle janykýan, jemgyýetiň, adamlaryň dürli taraplaryny ýiti göz bilen görmäge çalyşýan şygyrlar eserleriň ömrüni uzaldýar, okyjylaryň ruhy taýdan kämilleşmegine gatnaşýar. Ýöne öteräk sarkazm bilen beýan edilen “Duýduryş” atly goşguda anyk bir ýaramaz häsiýeti ýazgarmak däl-de, umuman, birinden nägilelik duýulýar. Şahyrlar has anyk bir häsiýetleri açmaga çalyşsalar dogry bolardy.
Belent pafosda, hörpi beýiklik, köplenç, duýgy bilen iş salyşýan şygryýete mahsus häsiýet. Ýöne hörpi beýikligiň hem öz ýeri bar. Şahyr O.Annaýew ynsan häsiýetlerini dürli tarapdan açmaga ýykgyn etse, şahyr S.Ilamanow belent pafosa ýugrulan goşgularynda toprak, Watan, halk, asman, dünýä, dag, sähra, türkmen… ýaly düşünjelere köpräk ýüzlenipdir. Ýüzlenilýän bu temalar, hakykatdan-da, belent pafosda, uly joşgun bilen ýazmaga, ýokary perdeden gopmaga mynasyp. Goşgularyň arasynda ,,Sil bolup ýeňýärin doňňara gyşy” diýip, öz joşgunyna buýsanýan “Siliň söýgisi” özboluşly filosofiýasy bilen ýatda galýar: sil Zemini, durmuşy söýýär, ol Zeminiň perzendi, onuň joşguny ençe wagtlap aýralykda ýaşan çaganyň enesine topulyşyny ýada salýar. Käte bolsa belent pafos real keşbi döretmäge päsgel berýär. “Ýaşuly” goşgusynyň gahrymany “kölde Ylýas, dagda Kowus, çölde Hydyr, oňa gündiz Gün, gije Aý ýylgyryp bakýar, ol bar zady bilýär, bar zady görýär…”. Belki, ýaşulynyň durmuşyň dürli pursatlarynda özüni alyp barşy açylan bolsa has ynandyryjy bolardy.
Umuman, has dabaraly joşgun, howala bilen gürlemeklik islendik bir temada ýazylan goşgyny dogruçyl açmaga päsgel berýär:

Äleme meşhur bolupsyň orun alyp ýer ýüzünden…
B.Ataýew. Ýerewanda.

Ähli döwürlere degişli meseleler bolýar. “Lebiz” hakyndaky meseläniň köneljek gümany ýok. Diýmek, S.Ilamanowyň “Lebzi” hem öz hiç bir döwürde öz ähmiýetini ýitirmez. “Duz-çörek, mukaddes toprak, Watan kasamy…” ýaly mukaddes lebiz ähmiýetini ýitiräýse, dünýäniň başyna başga bir gowga zerur bolmaz. Şahyr goşguda ata-babalarymyzdan miras galan türkmen lebziniň nähili bolmalydygyny täsirli beýan edipdir.
Özlük diýen bir düşünje bar. Ähli zadyň, yns-jynsyň diňe özüne mahsus aýratynlyklary bolmaly, olar özlügiň özenini düzýärler. Adamyň özlüginiň bolmagy has-da zerur. Adamy hut özüniň nusgasynda ýaradanyň özboluşly bolşy mysaly, adamlaryň özlügi, özeni saklanmasa, ýaşaýyş, durmuş bulam-bujarlyklardan dolup giderdi. Dünýäde ýaşaýan nijeme milliard adamyň hersiniň öz orny bolar ýaly täsin gurlan dünýä bu. Şonuň üçin O.Annaýewiň liriki gahrymany özlügini saklamak üçin yhlas edýär:

Belki, olar mamla,
Samsyk biz diri,
Şonuň üçin beýle gazap bolmaň-a!
Durmuşa ýeterlik siz ýalyň biri,
Goýuň meni maňa özüm bolmaga…
O.Annaýew. Uýulmajak maslahat.

Şahyrlyk bilen suratkeşlik juda ýakyn sungat. Biri söz, beýlekisi reňk bilen surat çekýär. Şahyrlarymyzyň çeken suratlarynyň arasynda çeper portretler azlyk edýär. Belli bir kär-hünär bilen meşgullanýan adamlaryň çekýän zähmetiniň özboluşlylygyny, kär-hünäriň adamyň daşky hem ruhy dünýäsine, hereketlerine ýetirýän täsirini açmaklyk şol hünäre, onuň eýesine bolan söýgini döredýär. Adam bu dünýäde öz zähmeti bilen tanalýar ahyry. Dünýäni öwrenmäge uly üns berýän B.Ataýewiň Katarda ýaşaýan türk “Buzgaýmakçysy” juda şadyýan, keýpihon. Belki, juda beýle-de däldir, çagalaryna çörek puly gazanmak, söwdanyň oňup-oňmazlygy baradaky pikirler serinde ser-sepildir. Emma ol bu gowgalary daşyna çykarmaýar. Käri şeýle: adamalry ruhlandyryp, begendirip, söwdanyň gyzmagyny, harydyň geçmegini gazanmaly. T.Muhammetdurdyýewiň al-asmanda ýalňyz uçýan “Bürgüdi” hem pelsepä ýugrulan çeper portret. Adam paýhasyna daýanyp, has belentliklerden uçmagy başarsa-da, bürgüdiňki ýaly “beýige” (bu ýerde merdi-merdanalyk, halallyk, päklik… hakda gürrüň gidýär) çykyp bilermikä?! Y.Abdyllaýewiň oýa batýan “Gojasy” bilen A.Saryýewiň “Lukmany” has pelsepewi berlen bolsa, goja hem lukmana mahsus sypatlar çuňrak açylan bolsa gowy bolardy. Portrete näçe köp häsiýet siňdirseň, şonça gymmaty artýar.
Syýahatçylyk, geografiýa, dünýä baradaky goşgular toplumyny neşire hödürlän B.Ataýewiň döredijiligi poeziýamyzyň örüsiniň barha giňeýändigini aňladýar. Dünýäni öwrenmek, onuň täsinliklerine akyl ýetirmäge çalyşmak, täsin däp-dessurlary, gylyk-häsiýetleri, edim-gylymlary… öwrenmek dünýägaraýşyň giňemegine, aň-düşünjäniň kämilleşmegine ýardam edýär. Görlen ýurtlar, olaryň gözellikleri beýan edilse, okyjyaryň syýahata höwesi artýar. Ýöne şol ýurtlaryň halkynyň hakyky häsiýetini, jemgyýetçilik özboluşlylygyny açmak has hem zerur. “Italiýa täsirlerini” okap gadymy Rimiň gowgaly hem şanly taryhy göz öňüňe gelýär, her dürli sarsgynlara durnukly bolup, özboluşlylygyňy saklamak baradaky pikirlere ser berýärsiň. Ine, “Owadan Pariž” welin diňe görki, binalary bilen owadan däl. Onuň howasyndan azatlygyň, erkinligiň, deňligiň ysy gelýär. Ýurtlaryň, şäherleriň, binalaryň, täsinlikleriň diňe bir daşky gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, olaryň ruhy dünýäsini, ýurtlaryň dünýä ähmiýetli kada-kanunlaryny, halklaryň özboluşly edim-gylymlaryny, adamlaryň hüý-häsiýetlerini açmaga çalyşmak, bularyň içinden hem adamzat gymmatlyklaryna goşulan, biziň üçin hem peýdaly bolan aýratynlyklary nygtamak şygyrlaryň ähmiýetini has-da artdyrardy. Bir zamanlar Baýronyň Ispaniýa, Şweýsariýa, Italiýa, Gresiýa syýahat edip, her ýurduň şol döwürdäki aladalaryny, adamlarynyň şatlygyny, gussasyny eserlerine siňdirişi kimin.
Pelsepewi pikirler, dünýäniň, ýaşaýşyň, adam oglunyň dowamaty baradaky oý-hyýallar şygryýetiň agram daşy, onuň ömrüniň uzaklygyny kesgitleýji şertleriň biri. Dünýä özi kimin dowamaty bolan hadysalary gowy görýär. Pelsepewi garaýyşlaryň şahyryň döredijiliginde öz ýüzüni görkezip başlamagy – onuň bir kämillik basgançagyna gadam basandygynyň alamaty.
Adamzadyň ezelde päk bolşy ýaly, hemme çaga päk dogulýar. Arman, soňra durmuşyň köneden gelýän hapalary oňa-da täsir edip başlaýar. Öňki päkligi saklamak başartmaýar. Ýaşlyk arzuwlaryňy, aýdymlaryňy “dyrnagy demirden talaňçy dünýä” (Magtymguly) ýeke-ýekeden eliňden alýar:

Ömür çaýy başda mährem gadyr ýap,
Soňra akarynyň suwy bulanar…
D.Annamyradow. Ömür çyragy.

Her hal köne dünýäniň oýunlaryna garşy berk durmaga çalyşmaly. Arzuwçyl bolmakdan, päklige, halallyga ynanmakdan utanmaly hem gorkmaly däl. Bu häsiýetler seni ýaşyňa görä sadalaç görkezer. Ýöne munuň özi aladalara, gam-gussalara erkiňi aldyryp, sussypesligiň mojuk heýkeline öwrülip galanyňdan has gowy. Arzuwlar owadan boldugyça, onuň eýesi hem şonça owadan bolýar. Owadan arzuwlar ýüzde şöhlelenýär.
S.Ilamanowyň liriki gahrymanynyň hem ýaş bilen işi ýok. Ol gözel arzuwlary etmekden ruhy lezzet alýar, dünýäniň hem şeýle arzuwçyl bolmagyny isleýär:

Asman arzuw edýär ýere ýetmäne,
Zemin arzuw edýär ýetmäne arşa,
Guşlaň göwni – adam bolup ýaşamak,
Ynsan göwni bolsa öwrülmek guşa.

Ýyldyzlaryň göwni ýerde nur saçmak,
Ýyldyza öwrülmek çyralaň göwni.
Ömür dowam edýär ýüwürdip göwün,
Durmuşyň öz göwni, göwnüň öz döwri.
S.Ilamanow.Göwün we paýhas.

Ýaşlygyna garamazdan, eýýäm goşgularynda pelsepä mynasyp derejede orun beren H.Hajyýewanyň agras, pikirlere baý goşgulary onuň gelejegine uly ynam döredýär. Näme barada ýazsa-da, ony owadan pelsepä ýugrup bilmeklik ussatlykdan nyşan. Onuň “arzuwlaryň ajabyny ekmeli, derýa gözler bilen suwarmaly, yhlas pili bilen çilini çekmeli, keşdeleň gowusyny gaýamaly…” “Göwnüniň”, “huşuň oduny gorsaýan, kä sere, kä dile getirilen, saz soňuna sygmadyk nota meňzeş, başa dag başyna duman deý çöken…” “Ýazylmadyk setirleriniň”, tas portret hökmünde janlandyrylan köne dosty bolan “Duralgasynyň”, ýaman bolsa “daňa degen daş bolup ýene ataňa degjek”, ýagşy bolsa “bagt gapysyny açjak” “Sözleriniň” her setiri inçeden işlenip, täze gözlegler bilen bezelip, many-maňza ýugrulypdyr.
Şygyr we döwür. Şygryýet gadymdan bäri bäş-on temanyň daşynda aýlanýar. Ol temalaryň hersiniň müňlerçe öwüşgini, gözelligi, syrlary bar. Şonuň üçin olar hakynda ýazylan kämil eserler halk hakydasynda orun alýar. Şygryýet üçin ikinji derejeli mesele, närse ýok. Ol haýsy bir meseläniň ýakasyndan ýapyşsa, şony öz okyjysynyň öňünde birinji mesele edip goýmagy başarmaly. Şeýle-de bolsa, ene-ata, Watan, beýik şahsyýetler… ýaly mukaddes düşünjelere örän seresap çemeleşmek zerur. Beýikler hakynda beýik ýazmaly. Mysal üçin, türkmen nusgawy edebiýatynda ene hakynda goşgy az. Munuň özi oňa bolan söýginiň azlygy üçin däl, gaýta, tersine, tüýs ýürekden aýalyp, kalplarda goralýan mukaddes düşünjedigi – beýikdigi üçin şeýle.
Ylham çeşmämiz beýik Magtymguly Pyragy hakynda ýazylan eserleriň özi aýratyn bir akaba öwrüldi. D.Nuryýewiň “Ylahy kelamy” hem şu akaba goşulsa gerek. Ylahy pelsepä ýugrulan, Pyragynyň ýaşan döwrüniň aladalaryny özüne siňdirmäge, olardan şu günümiz üçin netijeleri çykarmaga çalyşan, galyby gunt, çeperçiligi gant ýaly bentlerde Pyragynyň ömrüni gysga kelama sygdyran bu eser awtoryň bu temadan eser döretmäge mynasypdygyny subut edýär. On iki bölümden ybarat bolan eserde Pyragynyň dogluşyndan başlap, çagalygy, bilim, ylym alşy, kämillik gözlegleri gysgaça beýan edilipdir.
Taryhy eserler galyp hem beýleki talaplar taýyndan ýazaryň ýaşaýan döwrüne görä ýazylsa-da, gahrymanyň ýaşaýan zamanasynyň, onuň dünýägaraýşynyň, pikirleriniň tagamyny özüne siňdirmeli. Şol bir wagtyň özünde gahrymanyň derejesine mynasyp gözel bolmaly. “Ylahy kelamda” Pyragyny eserde janlandyrmak üçin onuň dünýäsine aralaşmaga çalyşylypdyr, şahyryň owazy tebigy suratda, bilniksiz ýagdaýda esere aralaşypdyr:

Paýhas ummanynyň bolup guwwasy,
Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdy.
Ylahy kelam. D. Nuryýew

Edil şonuň ýaly, eserdäki owadan pursatlar Pyragynyň dünýäni nähili gözel görýändigini açmaga ýardam edipdir:

Dolan Aý barypdyr düýnki ýerine,
Süýt bolup dökülýär onuň şuglasy.
Ylahy kelam. D. Nuryýew

“Ylahy kelamda” beýleki taryhy eserlere mahsus näsazlyklar hem bar. Ozaly bilen akyldaryň başyna düşen gowgalary, ideýany anyk hem dartgynly bir sýužet liniýasyna, diňe baş gahrymanyň üsti bilen däl, eýsem, ikinji, üçünji derejeli gahrymanlaryň obrazyna daýanyp açsaň, okyjylar has oňat ýatda saklardy. Şeýle-de, gahrymany ertekileriň gahrymany kimin ideallaşdyryp görkezmekden gaça durulsa gowy. Kynçylyklary, kemçilikleri bolan, durmuş öwrümlerinde ýalňyşýan, kämilleşýän ýa tersine, erbetleşýän gahrymanlar açylmasa, eseriň ynandyryjylygy az bolýar. Sebäbi her bir adam adamzadyň içinde ýaşaýar we adamzadyň üstünliklerini hem asgynlyklaryny göteriji bolup çykyş edýär. Şu ýagdaý eseri okyja has ýakynlaşdyryp ýa daşlaşdyryp biler. Ähli eserlerdäki wakalaryň içinde, gahrymanlaryň bolşunda okyjy ilki bilen özüni görýär, öz soraglaryna jogap gözleýär. Okyjynyň ömri bilen gahrymanyň ömründe galtaşýan nokatlar näçe köp boldugyça, eser okyja şonça kän ýakynlaşýar.
Mysal hökmünde: Moris Simaşkonyň “Pyragynyň perýady” atly eserinde Magtymguly Pyragynyň Garaja şahyr ýaly ýaranjaň goşgulary ýazyp blmeýändigi, karara garşy gidip, ejir çeken oglanjyklara ýardam edişi, dessura ters gidip, aşyklara kömek berşi, kalbyndaky “gul-gulasy” sebäpli çekýän kynçylyklary inçeden açylypdyr. Dartgynly sýužet, döwrüň pajygasynyň pidasy bolan dürli gahrymanlaryň ykballary, howsalaly zamana şahyryň aladaçyl, ilhalar, agras portretini çekmäge goldaw beripdir. Bularyň barysy jemlenip, okyjyny esere imrindirýär. Şeýle bir wakanyň hakykatda bolandygy ýa-da bolmandygy, oňa Pyragynyň gatnaşyp, gatnaşmandygy anyk däl. Ýazyjy bu ýerde çeper hakykata daýanyp, durmuş hakykatyny, ynsan obrazyny açmaga çalyşýar. Çeper edebiýatyň şeýdip taryhy janlandyrmaga haky bar. Diýmek, soňky döwür ýazyjy-şahyrlarymyz hem taryhy hakykaty açanda dartgynly sýužet liniýasyna, täsirli obrazlara daýansa, has kämil eserler dörejek. Bolmasa, diňe bir terjimehaly (onda-da, Pyragynyňky ýaly nijeme soraglary jogabyna garaşýan terjimehaly) şahyrana setirlerde gaýtalan ýaly bolýar we gahrymanyň hakyky dünýäsi açylman galýar.
Awtoryň öz eserine bolan gatnaşygy eseriň kämil çykmagy üçin ilkinji şertleriň biri. Bir tarapdan, çeper eser awtoryň içki dünýäsini açýar. Ikinji bir tarapdan, gysga liriki şygyrlar däl-de, uly göwrümli, aýratynam, taryha ýüzlenilýän eserlerde awtoryň meni özüni orta çykaryp, pikirini aýdyp dursa, okyja ynamsyzlyk eden ýaly duýgy döreýär:

“Ýok”, “Ýok”, ýene müň bir sapar “ýok” diýýän,
Bu ýol gabahatdyr, tutumy şerden.
Ylahy kelam. D. Nuryýew

Taryhy eserler barada aýdylan pikirler Ö.Mäterowyň “Magtymguly Pyragy” atly sonetler çemenine hem degişli. Şahyr, aýratyn hem, şol günler bilen şu günleriň baglanyşygyny has ynandyryjy, has janly deliller bilen açmaga çalyşsa, ol baglanyşygy gönümel aýtman, okyjynyň özbaşdak pikirlenip bilýändigine, eseri okap, belli bir netijelere gelmek ukybynyň bardygyna ynam etse, gowy bolardy.
Döwür goşgynyň süňňüne siňmeli, her bir detaldan döwrüň tagamy duýulmaly. Käbir goşgulardaky birje mysal hem okyjyny şübhä goýup, esasy pikirden daşlaşdyryp biler. Şeýle pursatlar köp bolsa, goşgy döwürden, okyjy şygyrdan yraga düşer. Häzirki zamanyň gyzlaryny wasp edýän aşaky şygyrdaky “otaga” sözi şygryň reallygyny peseldýär:

Otagaly gyzlar barýar…
Gyzlar barýar. T. Kerimow

Nusgawy edebiýat – nusgalyk edebiýat. Okyjylar şu günki şygryýetimizi okanlarynda hökman nusgawy edebiýatymyzyň täsirini duýarlar. Ýöne şol täsirlenme käteler ýerine düşýär, käte bolsa öňki aýdylan pikirleriň juda çalymdaş hem ösdürilmedik gaýtalanmasy bolup gelýär. Ikinji ýagdaý janly hem ösüşde bolmaly, okyjylara mydama täze gözellikleri hödürlemeli şygryýet üçin bähbitli bolup bilmez. Ylmyň taryhy-deňeşdirme usulyna daýanyp, täsirlenilen goşgulardan mysallary getirmänimizde-de, okyjylaryň özleri edebiýatyň taryhyndan (Magtymguludan, G.Ezizowdan) aşakdaky setirleriň juda tanyş nusgalyklaryny tapsa gerek:

Gözel gördüm gözellerden zyýada…
M. Hydyrow. Dady heý.

Az iýseň, az ýatsaň, azam gepleseň…
A. Berdiýew. Bentler.

Sagbol, Asman!
Sagbol keremiň üçin,
Sagbol, sahawatly ýüregiň üçin,
Sen diňe eçilýäň gowy zatlary,
Durmuşa hem ömre geregmiz üçin.
S.Ilamanow. Sagbol asman.

A.Maýewiň “Bagt” atly goşgusynda eser ýazyp oturan awtoryň ýanyna agtyjaklary gelýär, G.Ezizowyň “Gyzlarym Ýazgül bilen Arzygüle” diýen setiri öňýazgy edilip alnan goşguda gyzjagazlar döredijilige päsgel berýär. Şahyrlaryň ikisi-de hakyky sungatyň ýaňkyja azar beren çagajyklardygyny boýun alýarlar.
I. Nuryýewiň “Çapyksuwar” atly goşgusynda maksada okgunly bolup, ýagşy niýetleri, pälleri durmuşa geçirmäge bolan hyjuwly çagyryş bar. Bu çagyryş çapyksuwaryň hem-de ok ýaly atylyp barýan bedewiň keşpleriniň kömegi bilen berlipdir. S.Ilamanowyň “Aýlawda” atly goşgusynda şahyryň özi ylham atyna atlanyp, seýrana çykýar. Goşgular belli bir derejede ruhdaş, ýöne gozgalýan meseleler başga.
Käbir täsirlenmeler öňki pikirleriň ösdürilmegi, täze döwrüň talaplaryna laýyk getirilýändigi bilen begendirýär. Şahyr D.Allaberdiýewiň rubagylaryny okanyňda, onuň Pyraga nähili belent sarpa goýýandygyny duýmak kyn däl. Ýöne bu ýerde pikirler başgaça röwüşde berlipdir. Aşakdaky pikirlerde hem Pyragy otyr, ýöne ol atanyň ogulda özüni görşi ýaly, hatda galyby boýunça-da başga bir şygyr görnüşinde (rubagyda) özüni görýär:

Aşyk bolsaň, görki hoş hal dünýäniň,
Göz ýetirseň düýbi boş hal dünýäniň.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Öz göwnüme baky ýaly gelenim,
Haýyrmyka munça ýüwrüp-ýelenim,
Kowalap ýörşüme gaçgak dünýäni,
Görmändirin garrylygyň gelenin.
Rubagylar çemeni. D. Allaberdiýew

Ikinji rubagyny okap “Owaly oglanlyk, soňy garrylyk, // Aralykda düýş ekeniň ömrüm, heý” (Magtymguly) diýen setirler biygtyýar ýadyňa düşýär. Aşakdaky rubagydaky pikirleriň Ibn Sinanyň rubagysy bilen çalymdaşlygy täsirlenme däl-de, garaşsyz ýagdaýda dörän umumylyklar bolmagy mümkin:

Gara ýerden asman jisimlerne çen,
Älemiň syrlaryn bile bildim men.
Emma welin bilýänmi men özümi,
Özümi hiç bilmeýänim bildim men.
Ibn Sina

Ýagşylaryň kimdigini tanadym,
Ýamanlaryň kimdiginem tanadym,
Özüm hakda welin hiç zat bilemok,
Maňa meniň kimdigimi tanadyň!
Rubagylar çemeni. D. Allaberdiýew

Şeýle ruhy ýakynlyklar XX asyr türkmen edebiýatynyň wekili K.Gurbannepesowyň “Atamyň köp gaýtalan sözleri” atly şygyrlary bilen D.Allaberdiýewiň “Atamyň aýdanlaryndan” atly şygyrlar toplumynda hem bar.
Pikir, ideýa, galyp ýakynlyklary döwürdeş şahyrlaryň arasynda-da gabat gelýär. Şahyr D. Annamyradowyň “Ötegçi” şygry bilen R. Mejikowyň “Şolduryn men” atly goşgulary hem ruhy taýdan örän ýakyn.
Öte täsirlenme, gönümel gaýtalanýan setirler şygryýetiň gymmatyny gaçyrýan ýagdaýlaryň biri. Öňki aýdymlarda, goşgularda gabat gelýän juda tanyş setirler täze goşgyny okamak, täze manylardan lezzet almak isleýän okyjynyň lapyny keç edýär. Beýle täsirlenmeden gaça durup, täze görnüşde berlen pikirleri döretmek zerur:

Pagtasy bar, nebiti bar, gazy bar,
Nagmasy bar, aýdymy bar, sazy bar,
Hiç sowulmaz bahary bar, ýazy bar…
A.Bazarow.

… Ak çägeli depeleňden ineýin
A.Bazarow.

Baglarynyň almasy bar, nary bar,
Daglarynyň gaplaňy bar, şiri bar. 
Ö. Mäterow. Magtymguly Pyragy. Sonetler çemeni.

Enary bar, injiri bar, hozy bar…
T. Kerimow. 

Goja daglaň jülgesinde ýaşasaň.
Türkmenistan – Ermenistan bag-bossan,
Gül goýny zerewşan, dillere dessan.
B.Ataýew. Ermenistan täsirleri.

Käte şahyr belli bir obraza, belli bir çeperçilik serişdesine aşyk bolýar. Onsoň, bu pursat onuň döredijiliginde ýygy-ýygydan ýüze çykyp başlaýar. Has şowly gaýtalamalar ulgamlaýyn getiriliberse, okyjynyň aňynda yzygiderli, bir ulgama düzülen düşünje döreýär. Ýöne bu ýerde şol bir serişdeler dürli bir pursatlary, wakalary, peýzažlary döretmek üçin ulanylsa ýagşy. Tersine bolanda, şahyryň has köpdürli meňzetmelere baý bolmagyny isläp başlaýaň. Şahyr A.Maýewden bir mysal:

Säher çar tarapa sepende gülap,
Elwan güller täsin ülpüldeşdiler…
A.Maýew. Säher.

Elwan säher çar ýana gülap suwun sepende…
A.Maýew. Dilberim.

Halk döredijiligi şygryýetiň süňňüne siňse, okyjynyň eseriň maňzyna aralaşmagy has ýeňilleşýär. Ýerlikli ulanylan nakyllar şygryň many agramyny artdyrýar. Nusgawy edebiýatymyzyň köpüsindäki nakyllaryň aslynda halk döredijiligine degişlidigini ýa-da şol şahyrda ilkinji gezek aýdylandygyny anyklamak müşgil mesele. D.Nuryýewiň “Ylahy kelamynda” nakyllar ussatlyk bilen ulanylypdyr:

Jaýdar aýdylan söz ýürege ýetip,
Gylyjy çykarman saklar gynyndan.
Belent çynar egişine başyny,
Ýagşy söze ýylan çykýar hininden.
D. Nuryýew. Ylahy kelam.

Halk döredijiligniň sadadan çuňňur hem täsirli äheňleri D.Annamyradowyň “Gel, dutarym, sözleşeli” atly goşgusynda-da duýulýar. Şahyr goşgynyň öňünde “Halk äheňinde” diýip belleýär. Şeýle tejribäni halk döredijiliginden kän peýdalanýan beýleki şahyrlar hem ulansa gowy bolardy. Soňra belli bir şahyryň şygyrlary aýratyn bir diwana ýygylanda şeýle şygyrlary “Halky äheňler” diýen bölümde ýerleşdirmek bolar.
Many sygymy goşgynyň gymmatyny esasy kesgitleýji närseleriň biridir. Pyragynyň goşgularynyň köpüsinde bir sözlem bilen birnäçe pikir aňladylýar. Ol pikirleriň hemmesi hem hakykatyň gözünden urýar. Şol bir sesler, sözlemler bilen bir däl-de birnäçe pikiri aňlatmaklyk ussatlykdan nyşan. Mysal üçin:

Hiç köňül şatlygy çykmaz
Bir köňül ýykmaýan ärden;
Ýagşylyk tamasyn etmäň
Ýamanlyk çykmaýan ärden. 

Magtymguly Pyragy adamyň köňlüni ýykmagy ündeýärmi? Onuň özi: “Gurhany köýdürip, butga sežde kyl, // Merdumga azar iş ediji bolma” diýmeýärmi näme? Bu mesele babatynda hiç birine nädogry diýip bolmajak üç many çykarmak mümkin: 1-nji many. Ýaman niýetli adamlaryň köňlüni ýykmasaň, ile ýagşylyk edip bolmaz. 2-nji many. Şahyr “bir köňül” diýip adamyň öz köňlüne ýüzlenýär. Halka ýagşylyk etjek bolsa, adam ilki bilen öz köňlüni ýykmaly, öz göwnüne dözmeli. 3-nji many ikinjä çalymdaş, emma inçe aratapawut hem bar. Är ýagşylyk etjek bolsa, öz köňlünden ýamanlygy çykarmaly, päklenmeli. Bu manylaryň üçüsi hem hakykat. Erbet pälli adamlardan, öz köňlüňdäki nädogry pikirlerden halky, ýagşylygy, ýagşylary goramak gerek.
Pyragyny köňlüniň aýdymyna öwren D.Allaberdiýewiň şygyrlarynda-da köpmanylylygyň nyşanlary bar.

Yzdan gelýänlere garaşyp durma,
Öňdäkileň yzlaryndan ýetjek bol.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Azaşarsyň, göge tutsaň tumşugy,
Ýoluň ýitmez, ýere bakyp ýöreseň. 
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Dek gezeniň dok boljagy aýdylan,
Dokuň welin dek gezjegi gümana.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Ýöne bu meselede pikirleriň has aýdyň nygtalmagy zerur. Ýazar balykçy bolsa, many diýeniň balyga çalymdaş. Gaty çyndan ilmese, ilki düşmejek, soňra-da sypjak bolup, ýa başga ýana urduryp gitjek bolup dur. Aşakdaky setirleriň manysy hakynda-da anyk bir zady aýtmak kyn:

Meýlise iteklär kesbiň kemaly…
Oglanlar. A. Soltanow

Yşkyň rowaýaty – dideler çakmak,
Yşkyň ybadaty – gijeler mahmal…
Ikimize. A. Soltanow

Elbetde, poeziýa syrlylgy bilen hem gözel bolup biler, gözelleriň bolşy ýaly. Ýöne ylahy hikmetlerden nusga alsaň (agaç miwe bermek üçin gülleýär, bulut ýagmak üçin toplanýar, ary nektar toplamak üçin uzaklara uçýar…), her bir şygryýetiň syrynda-da oňa düşünmäge tarap barýan bir aýanlygyň bolmagy zerur.
Okumyşlyk. Kämil şygyrlary ýazmak üçin ilkinji zerurlyk – ylahy zehin. Ýöne ylahy zehiniň berildigi entek seniň taryha adyňyň ýazyljakdygyny aňlatmaýar. Öňde kän kötel ýollar garaşýar. Ýollaryň iň lezzetli kynçylyklarynyň biri-de okumyşlyk. Her bir okan eseriň, kitabyň, beýleki ylymlara degişli kitaplaryň goşgularyňda öz ýüzüni görkezer durar. Bir romanyny ýazmak üçin müň ýarymdan köp kitap okan ýazyjylar bar. Şahyryň aşakdaky setirleri bu hakykaty tassyklaýar:

Egri sowal bolup, jahana geldim,
Höwesli okadym, öwrendim bildim,
Baryny özüme magşugym saýyp,
Ýedi müň kitabyň aşygy boldum.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Bu ýerde okamaklyk hökman çeper edebiýat boýunça ýörite bilim almaklygy aňlatmaýar, hut şu ugurdan diplomly bolmak hem zerur däl. Gaýta, näçe köp ugurdan habarly bolsaň, döredijilik şonça täsirli bolýar. Ibn Sina lukman, rubagylary ne ajap, Çingiz Aýtmatow oba hojalykçy, dirilikde dünýäniň nusgawy ýazyjysyna öwrüldi. Häzirki zaman türkmen şygryýetinde-de çopan, “Gök guşagyň” gülçisi, hukuk işgäri, lukman… hünärli şahyrlar bar.
Dünýä edebiýaty bilen gatnaşyk her bir halkyň edebiýatynyň ösmegi üçin zerurlyk. Şunsuz mümkin däl. Edebiýatyň romantizmden realizme geçýän döwri her halkyň edebiýat taryhynyň dürli asyrlaryna gabat gelýär. Türkmen edebiýaty XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda klassisizmden, romantizmden realizme geçiş döwrüni başdan geçirdi. Azerbeýjan edebiýaty bolsa günbatar edebiýatynyň täsiri bilen has irräk realizme ýüz urdy. Romantizme ynsany, beýleki obrazlary tebigat täsinlikleriniň üsti bilen açmak mahsusdy. Emma realizm bu däpden el çekip, adamyň hut özüniň tebigy gözelligine üns berip başlady. Azerbeýjan edebiýatynyň görnükli wekili Mürze Şafy şeýle belleýär:

Men oňa Güldir öýtdüm, gül gülmeýär hiç haçan,
Men oňa Gündir öýtdüm, nur salmaýar hiç haçan.
Men perişde diýerdim, perişde söýgi bilmez,
Oň görküne hiç bir zat deň gelmeýär hiç haçan.
Mürze Şafy.

Şahyr D.Allaberdiýew hem bu hakykaty öz rubagysynda nygtaýar:

Olar jiger bagryn ezip bilmeýär,
Duýguly dünýäni syzyp bilmeýär.
Şahyry perişdä deňejek bolmaň,
Perişdeler şygyr ýazyp bilmeýär.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Munuň özi bir tarapdan, romantizmden realizme geçişi aňlatsa, ikinji bir tarapdan, hem günbatarda, hem gündogarda belli bir döwürde höküm süren, ylmyň, sungatyň, edebiýatyň ösüşine täsir eden Täzeden döreýiş döwründe öňe sürlen ideýalaryň esasy gymmatlyk bolup galýandygyny subut edýär. Irki orta asyrlarda, ondan öňräkler hem edebiýatyň, ylmyň, sungatyň üns merkezinde adam bolman, keramatlylar, perişdeler, ylahy düşünjeler… bolupdyr. Täzeden döreýiş döwründe bolsa Adam ylmyň hem edebiýatyň üns merkezine süýşüp, “dünýä atly tegelek ýüzügiň göwher gaşyna” (Omar Haýýam) öwrülipdir.
Täsirli setirler ýadyňda galýar. Öýde, işde, myhmançylykda, duşuşykda, durmuşyň her bir pursatynda şeýle setirleri dile alanyňy duýman galýarsyň, hut şeýle setirler şahyryň uly döredijiligi bilen tanyşmaga, ýazaryň dünýäsine aralaşmaga iterýär. Bu ýerde ýaňy halka hödürlenen goşgular bar. Olaryň haýsy diňe kagyz sahaplarda galar, haýsylary dile geçer, haýsylary ýürege ýazylar? Bu wagtyň meselesi. Häzirlikçe diňe mazmuny ýa galyby taýdan birgeňsi gören setirlerimizi belläp geçmekçi:

Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle,
Ýa şübhe ynamyň ýaraladymy?
M. Aşyrowa. Ýar.

Ähli zat uçdy serimden,
Unduldy işjagazlarym.
Tenimiň açyk ýerinden,
Gyş urýar dişjagazlaryn.
O. Annaýew. Gyş.

Eýerläp tupanly tüweleýleri,
Atlanasym gelýär ýellere meniň.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Öňki gujur-gaýrat, känim ýok meniň,
Diriler deňinde şanym ýok meniň,
Şol gyz tenden şirin janym alypdyr,
Ajala bermäge janym ýok meniň.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Gundagda gursagma guýulan gurşun,
Ene hüwdüsi!
A.Täzebaýew. Ene hüwdüsi.

■ Şygyr we şahy.

Şygyrda şahyryň öz dünýäsi açylýar we şahyrlaryň öz köňli bilen gepleşýän, geňeşýän, derdinişýän pursatlary aýratyn bir topar edip derňemäge mynasyp. Zahyreddin Babyr, Magtymguly Pyragy, Gurbannazar Ezizow dagy köňli bilen derdinişipdir. Olar köňüllerini ýürekdeşi saýyp, dertlerini aýdýarlar. Emma islendik pursatda, öz köňlüne ýüzlenende-de, bu akyldar şahyrlar diňe bir öz aladasy bilen bolmandyrlar. Gaýta, olarda il-günüň aladasy, söýgüsi gaýnap dur. Olaryň köňlüniň gama batmasy hem şol alada bilen bagly. Häzirki köňle ýüzlenilen goşgularyň käbirinde diňe şahyryň öz aladasy bar we beýle goşgular okyjylaryň hormatyna mynasyp bolup bilmez.
Şahyr G.Geldimyradowa öz özi bilen söhbetdeş bolanda, özüniň aýdyşy ýaly, “duýgularynda galplyk duýulmaýar”. Özüňe şeýle tankydy, derňeýji göz bilen garamaklyk galkynmaga tarap bir täze badalga:

Galplyk duýulmasyn duýgularymda,
Diýdim-de, ynsabym derňedim ýördüm…

Nebsim öte aljyratdy käýarym,
Islemeýän zadym etdirmek üçin.
Diýmeli sözlerim dilimde doňdy,
Diýmesiz sözleri sözledim neçün?!
Ynsap. G. Geldimyradowa

Poeziýa şahyryň durmuşdaky boluşlaryndan bütinleý başga adamy orta çykarýar. Durmuşda biz, köplenç, göwnümize görä ýaşap, tebigy bolşumyzy bolup bilmeýäris. Il näme diýer?! Köp etsem-petsemlerimiz, aýtjak-goýjaklarymyz kalbymyzda syr bolmagynda galýar. Ine, şu kalbymyzdaky “meniň” diri galmagy, ýaşamagy üçin şygryýet kömege gelýär. Şygryýetdäki durmuşda şahyr özüni bütinleý erkin saýýar we tüýs ýürejigini açýar. Bu barada filologiýa ylymlarynyň doktory M.Amansähedow özüniň lirikadaky şahyrana şahsyýeti, obrazlar sistemasyny öwrenýän doktorlyk işinde has giňişleýin durup, şygyr gahrymanyny toparlara bölüpdir. O.Annaýew hem şygyrda özüni erkin duýmak isleýär:

Bilýän, bu aýdýanlam meniň boýum däl,
Bilýän, bu aýdýanlam asla oýun däl!
Durmuşda beýle däl,
goşgymda berin,
Walla, meni öz günüme goýuň-da…
O.Annaýew. Haýyş.

Şahyr S.Ilamanowyň öz adyny deňiz, tebigat hadysasy bilen adam aňynyň arasyndaky dilmaç hökmünde getirmegi, öz döredijiliginiň heňňamlardan aşyp ýaşamagy hakyndaky arzuwyny açmak üçin ulanmagy şahyryň öz ýagşy pällerine, göwün gözelligine beýik ynamynyň bardygyny aňladýar:

Deňiz güwwüldeýär: joşýar, gaýnaýar,
Oň sesine kim düşüner, kim biler?!
Meger, düşünmäge adam saýlaýar,
Meger, dilmaçlyga Süleýman geler!
S. Ilamanow. Deňiz güwwüldäp gürleýär

Il ýüregi gürlär biz hakda bir gün,
Müňläp asyrlaryň duýman heňňamyn.
,,Görüň, Süleýmanyň ylham atyny!
Görüň onuň ýyldyrym deý eňýänin!”.
S. Ilamanow. Aýlawda.

Käte şahyr öz eserine has gönümel gatnaşýar we “menleri” juda köp ulanýar. Bu söz çekinmeli we seresap çemeleşmeli söz. Onuň ornuny menlik ýöňkemäniň goşulmalary bilen çalyşsa bolardy. Emma olar hem şol bir meni aňladýar. “Men” bilen söze başlamaly däldigini Magtymguly hem nygtapdyr. Bu sözüň dürli manylara ýorulmagy mümkin:

Watanym, men seni ýüregme deňäp,
Seniň bilen birligimi duýdum men,
Setirlermiň ajabyny sünnäläp,
Ykbalyňa bar yhlasym guýdum men.
Watan waspy. A.Hydyrowa

Men daşyňdan aşyk boldum,
Tanaňok sen entek meni…
Bilýän. O. Annaýew

Eý, näzik ýüregim, eý ýüpek göwnüm…
Nesihat. J. Seýitmyradow

Logika bir hötjet närse. Bütin barlygyň belli bir sazlaşykdan durşy ýaly, ol barlygy özünde şöhlelendirmäge çalyşýan şygryýetiň hem berk sazlaşyga eýermegi zerur. Şygyr sungatynyň mümkinçilikleri barlyk atly has uly sungatyň kämil tertibini nälaýyk açmaly däl. Käbir goşgy setirlerindäki pikirleri okap, “şu ýerde şahyr näme diýjek bolduka?” ýa-da “pikirler biri-birini inkär edýän ýaly-la?!” diýip oýlanýarsyň. Beýle pursatlara taýýarlyksyz okyjylar nähili düşünerler? Akyldar şahyrlarymyzyň iň bir syrly setirleriniň hem juda inçeden açylýan logiki düşündirişi bar. Syr diňe öňde-soňda açyp bolýan bolsa syrdyr. Dünýäde asla syr hem ýok.
Aşakdaky mysallarda nämeleri nygtamak isländigine, belki, şahyrlaryň özleri has aýdyň düşünýändir. Okyjylar üçin şeýle setirleriň manysyna aralaşmak kyn:

Bilýäňiz-ä bu ýodalar pelekdir…
A. Soltanow. Oglanlar.

Barlygymy dünýä deňlänim,
Ýoklugy ýowuz emmanyň…
A. Soltanow. Bilýärmiň.

Gülleriňi meň ykbalym suwarsyn…
G. Geldimyradowa. Eserim.

Ädimleňde ýetir meni salgyma…
O.Pirjikowa. Söýgi.

Asman belent bolsun, ýerem Gün bolsun…
O.Amandurdyýewa. Siňsem.

Şahyrlar käte bir meseläni, pikiri, mukaddesligi nygtamagyň hatyrasyna beýleki bir meselä, pikire, mukaddeslige kembaha garaýarlar. Şeýle pursatlarda deňeşdirilýän mukaddeslikleriň biriniň beýlekiden kemligi hakynda düşünje döreýär. K. Soltanmyradowa “Ak bugdaý” atly goşgusynda çöregi ähti, dini-imany bilen deňeşdiripdir:

Rysgal berekedim, şöhrat-şanym sen
Saçakda çöregim, hany-manym sen
Orta goýlan ähtim, din-imanym sen,
Ak bugdaý. 
K. Soltanmyradowa. Ak bugdaý.

Meşhur parasatly pikire görä, “adam diňe çörek bilen ýaşamaýar” ahyry. Çörek bilen din-imanyň hersiniň öz orny bar mukaddeslikleriň hatarynda. Akyldar Konfusiýniň paýhasyna görä, dolandyrmak üçin ynam çörekden hem esgerden has zerur: “Szygun dolandyrmak hakda sorady. Mugallym jogap berdi:
– Dolandyrmak üçin çörek, esger we halkyň ynamy zerur.
Szygun ýene sorady:
– Eger zerurlyk dörese, sanalanlaryň haýsyny aýrardyňyz?
– Esgeri aýrardym – diýip Mugallym jogap berdi.
– Eger ýene zerurlyk dörese, haýsyny aýrardyňyz?
– Çöregi aýrardym. Gadymgan bäri ölümden hiç kim gutulyp bilenok. Halkyň ynamy bolmasa welin, asla saklanyp bolmaz”.
Şahyryň döredijiliginde öňe sürülýän pikirleriň jemi liriki gahrymany şahsyýet derejesine ýetirýär. Şunda gahryman bir mesele babatynda dürli garaýyşda bolsa, onuň öz ynam-ygraryna logiki yzygiderlilikde eýermeýändigini aňladýar. Makalanyň başynda S. Ilamanowyň dünýäni söýmek baradaky pikirlerini okapdyk. Şahyr “Dünýä hakda” atly goşgusynda-da şu ygraryna wepaly. Diňe iň soňky setirde üns bermeli bir söz bar:
Ulan-da ýerinde goý-da gidiber!
S.Ilamanow. Dünýä hakda.

Dünýäni söýmek hakynda joşýan, şeýle akgynly okalýan bu goşgynyň soňundaky “ulanmak” işligi şygryň süňňüne kybapdaş däl.
Satira we ýumor durmuşyň kemçiliklerini gülki bilen açmaga, ruhubelent ýaşamaga ýardam edýär. Şahyr O.Annaýewiň özboluşly goşgularynda satiranyň täsirli ulanylýan ýerleri bar. Şahyr dürli obrazlaryň, dürli detallaryň üsti bilen okyjyny ajy ýylgyrmaga mejbur edýär. Şol ýylgyryş şahyryň iň uly üstünlikleriniň biridir. Diýmek, ol okyjyny häzirki zamanyň hasapsyz maglumatlar akymynyň içinden sogrup alyp, özüne imrindirmegi başarypdyr. Öz-özünden göwnühoş, gomparyp ýören, töwerek-daşyny pitiwa etmeýän adamlar bolýar. Olaryň häsiýetini açmak üçin O.Annaýew esasan sürüjileriň arasynda köp ulanylýan kär-hünär sözi bolan “domkrat” sözüni hyzmatyna laýyklykda hondanbäri adamyň häsiýetini açmak üçin ulanyp utuş gazanypdyr:

Tanyşlaň içinde ýok däl ýek-tüki,
Ýatsa-da dünýäsi boşap-taňkyrap,
Öz-özünden,
Öz ömründen göwni hoş,
Gezýär öz göwnüne goýup domkrat.
O.Annaýew. Ahmyr

“Bolşy ýaly görünmegi ýa-da görnüşi ýaly bolmagy” (Jelaleddin Rumy) başarmaýan, hakyky özlügini gizleýän adamlaryň häsiýeti bolsa tebigatyň bir täsin jandary bolan kirpileriň üsti bilen açylypdyr:

Boýun alýan çynym bilen.
Gowy görýän kirpileri.
Gizlänok olar tikenin,
Ine, olaň artyk ýeri.
O.Annaýew. Kirpili tymsal

Şygryýetdäki ýumor bilen uly meseleleri açmak bolar. Şahyr K.Gurbannepesowyň uruş döwürlerini beýan edýän eserlerinde-de mylaýym ýumor bilen uly meseleleriň gozgalýan pursatlary bar. Şeýle pursatlar D.Annamyradowyň goşgularynda gabat gelýär:

Maňa şol ynjyk ýardan,
Mährem çykdy papagym…
Ömür hikmeti. D. Annamyradow

■ Şygryýetiň gözel görki

Şahyrana sintaksis goşguda uly ähmiýete eýe. Käte sözlemler gereginden artyk ýoýulýar we pikirleriň garjaşmagy bilen sözlem hyzmatyny ýerine ýetirip, belli bir habary berip bilmeýär. Käte bolsa aýdyljak bolunýan bir sözlemdäki pikir birnäçe bendiň dowamyna ýaýylýar. Häzirki zaman poeziýamyz goşgy bentleriniň belli birine baglanyp oturmansoň, sözlemi bermekde hem käbir ýeňillikler döreýär. Indi sözlemi birnäçe bendiň dowamynda bermäge-de, bir bendiň soňunda başlap, indiki bendiň başynda gutarmaga-da mümkinçilik bar. Mysal üçin, aşakda birinji bentde başlanan şert eýerjeň sözleminiň ikinjide dowam edýändigi sebäpli, bu sözlemiň otur-nokadyny ýerinde goýup, bitewi bir bentde berseňem bolardy:

Alaç – öýden çykylmasa,
Otursaň mydam tünekde.
Gaşlaryň hiç çytylmasa,
Bolsaň ähli zatda ökde.

Belki onda duýmarsyňam,
Gyşyň gelip, geçenini,
Kalba gussa guýmarsyňam,
Synlap ýazyň peçegini.
Gyş. O. Annaýew

Kada görä, sözlemiň diňe bir eýesi bolmaly ýa-da deňdeş eýeler bolup biler. Bu kada şygyrlarda-da saklansa gowy. Sözlemiň habarydyr beýleki agzalary babatynda-da ýagdaý şeýle. Aşakda kyssawy sintaksisiň hem, şahyrana sintaksisiň hem kadalaryna laýyk gelmeýän birnäçe mysallary getirýäris:

Ýaňaklardan syrygýan ak damjalar –
Kalbyň ylhamyndan olar güýç alar.
A. Bazarow.

Şägirdin gaşynda oturdyp ussat,
Söýünçli nazaryn dikip ogluna,
Her aýdýan sözüni üzüp jigerden,
Şeýle diýdi ol tolguna-tolguna.
Ylahy kelam. D. Nuryýew

Gelin-gyza belent sarpa goýulyp,
Olara çyn sarpa goýular eken.
Magtymguly Pyragy. Sonetler çemeni. Ö. Mäterow

Mar ýaly towlanyp ýatan ýodalar,
Gaýalaň boýnuna oralyp ýatyr.
Alysda galan çagalyk. M. Aşyrowa

Käbir goşgular juda prozalaç eşidilýär. Eger şahyr muny ýörite etmeýän bolsa, şeýle ýagdaý şygryň gözelligine şek ýetirip biler. B.Ataýew “Ankara” atly goşgusy “Ankara ajaýyp şäher ekeni…” diýip juda prozalaç başlanýar. Ýöne hut şu setir bilen gutaran bu goşgynyň many-mazmuny, çeperçiligi şahyryň beýle usuly ýerlikli ulanandygyny aňladýar.
Şahyrana meňzetmeler şygyrlaryň manysy bilen gelişdirilip berlende, onuň gymmatyny artdyrýar. Adaty zatlar adaty bolmadyk görnüşlerde hakydada galýar. Şahyrlar O.Annaýewiň, D.Annamyradowyň, S.Ilamanowyň, T.Kerimowyň, O.Atahanowyň goşgulary şu mesele babatynda aýratyn saýlanýar:

Saçlam güýzüň ýapragy deý döküldi,
Gurap gitdi şol jenana küýsegim.
Bossanyma gyş ýöredýär hökümni,
Galypdyryn yşk bagynda küýkerip.
Hany, yşky diller? D. Annamyradow

Häzir men juda öýkeli,
Enaýy däl meň gylygym,
Ýöne sendäki gynynda,
Ýatyr meň poslan gylyjym.
Meniň ýagdaýym. O. Annaýew

Giden mähelleli adam akymy
Akyp dur,
Akyp dur, misli suw ýaly,
Olar meň göwnüme giň akarlarda
Ýüzüp barýan ak ganatly guw ýaly.
S.Ilamanow. Akym.

Guýularyň suwy kimin,
Horjuny sogapdan doly.
Guýy ussasy. T. Kerimow

Ekinlere goýlan garantga ýaly,
Sazaklar tümlükde bolup dur çelgi.
O.Atahanow. Çopan ody.

Mazmun hem galyp bitewiligi tebigatdaky her zada mahsus. Şundan misil alsaň, şygyrlar hem şeýle bolmaly. Bularyň biri agsasa, beýlekisiniň kämilligine zeper ýetýär. Şahyrlaryň käbiri mazmuna, käbiri galyba üns berýär. Döredijiliginiň ilkinji etaplarynda şahyr I.Nuryýew galyby ikinji derejede goýupdyr. Ol “Açyk hat” atly goşgusynda “gohçul tankytçyny” ýaňsylaýar, goşgynyň manysyny esasy zat hasaplaýar, many bolmasa kapyýanyň ýöne bir bezeg bolup durýandygyny ýatladýar. Ol kapyýany, owadan sözleri pikirleriň daşyna gurlan haýat hasaplaýar we, gerek bolsa, şol haýaty ýumrup pikirlerini dünýä uçurmaga taýyn. Tankytçynyň Magtymguly baradaky sowalyna I.Nuryýew döwürleriň dürlüdigini, halk köpçüligine düşnükli bolmak üçin beýik Pyraga kapyýanyň kömek edendigini nygtap, düşünjeli jogap berýär. Iki döwür hakynda aýdylanda, şahyryň pikiri dogry. Ikinji bir tarapdan, hakykatdanam, bir şahyry başga bir şahyr bilen deňeşdirmek bolar, ýöne birini beýlekä nusgalyk etmek bolmaz. Sebäbi şahyr öz ýoly, ýüzi, tapawutly taraplary bolmasa, edebiýatyň taryhynda yz galdyryp bilmez. Şahyr “rifma bütinleý ölsün diýenok. Ol diňe rifmanyň hatyrasyna pikir gunçasynyň ýolunmazlygyny” isleýär. Muňa seretmezden, ýa şol tankydyň täsiri bilen, ýa-da kämilleşeni üçin, garaz, soňky goşgularda kapyýa tagaşyksyzlygy az duýulýar. Bar bolan ýerlerinde-de goşgynyň bütin dowamyna agram salýan pikirleriň hatyrasyna bagyşlanmaga mynasyp.
Işlik zamanlary gaty inçeden üns bermeli mesele. Olar şygyrdaky pikirleri belli bir wagta baglaýarlar. Eger-de zamanlar ýerlikli ulanylmasa, okyjynyň aňynda wagt baradaky nädogry düşünjeler döreýär. Aşakdaky mysalda “oguldym” diýen sözündäki işligiň “-dy” öten zaman görnüşi “diňe öň şeýle oguldymyka, indi beýle dälmikä?” diýen pikire iterýär. Bent bolsa gahrymanyň öňde-soňda şeýle ogul boljakdygyny nygtaýar:

Ýeňdim apatlary, öňe eňmeli,
Ejiz däl men, erki güýçli oguldym.
Ýaşamaly, göreşmeli, ýeňmeli,
Men bu dünýä şonuň üçin doguldym.
Durmuş deňzi. M. Hydyrow

Şahyr O.Annaýew şert işliginiň -sa, -se goşulmalaryny işligiň däl-de, atlaryň, modal sözleriň yzyna goşup ulanyberýär. Belki, munuň özi pikiri gysgaça aýtmak üçin peýdalydyr. Şeýle görnüşde ulanylyşyň gepleşige girip gitmegem mümkin. Şygyrda pikir aňlatmaga we galybyň gözel bolmagyna ýetirýän täsiri bolsa jedelli:

Soňky çägim eger pellehanasa…
O.Annaýew. Jogapsyz sowal
Eger ýüz-gözleri gotursa-da oň…
O.Annaýew. Otur

Hereket etmäge ýoksa mejalym…
O.Annaýew. Ýoluň dowamy

Işlik kapyýalary ýerliksiz ulanylanda, şygryň mazasyny gaçyrýar. Goşgynyň many-mazmuny näçe güýçli bolsa-da, işlik kapiýalary okyjylarda juda ýeňillik düşünjesini döredýär. O.Ilhanowa, A.Geldiýewa, O.Amandurdyýewa, O.Saparmyradowa, T.Muhammetdurdyýew, A.Gaýlyýewa dagy öz döredijliginde şeýle kapiýalardan gaça dursa gowy bolardy.
Kömekçi goşulmalar ýerlikli ulanylanda, şygryň akgynlylygyny, täsirliligini, janlylygyny artdyrýar. Şeýle goşulmalary ussatlyk bilen peýdalanýan O.Annaýewiň döredijiliginden mysallar:

Diňledip bilmedim sözümi,
Boldum özüm gep-ä çeken,
Ikimiz bardyk söýgüde,
Täk özüm-le jepa çeken.
Kyn ýagdaý. O. Annaýew
Çydap bolýar-la entegem,
Gazaply-ha däl aýazam…
Gyş. O. Annaýew

Gysyp owradyberme sen,
Ýakyp gowurberme-de sen,
Walla , aklym çaşdy meň-ä,
“Ýar” diýip zowladybermesem…
Biçärelik. O. Annaýew

Bogun goşgynyň dogry hem owadan okalmagyna ýardam edýär. Şahyrlaryň köpüsi bu meseläni ünsden düşüripdirler. Şol bir wagtyň özünde bogun gysgaltmalaryny ýerlikli ulanan şahyrlar hem bar. On bir bogundan ybarat aşakdaky bendiň soňky setiriniň sekiz bogunda berilmegi pikiri nygtamaga – Magtymgulynyň söýgüsini aňlatmaga kömek edipdir.

Her günde görmese magşugyn ýürek,
Tora düşen bilbil bolup urunýar.
Indi gözlerine Magtymgulynyň,
Diňe Meňli han görünýär.
Ylahy kelam. D. Nuryýew

Aşakdaky bendiň üçünji setiriniň ýeke özüniň on üç bogunda berilmegi şygryň akgynly okalmagyna päsgel berýär:

Adamyň durmuşda ulanan zady,
Özi dek bolarmyş, bolsa näjüre.
Ynanyp ömür üçin ýasalandygyna,
Şat, parahat bakýan köne hanjara.
S.Ilamanow. Yrym.

Setir gaýtalamalary, köplenç, bentleriň soňunda getirilip, bir pikiri yzygiderli nygtamaga ýardam edýär. Emma şeýle gaýtalamalar köp boldugyça, şygyrlaryň gymmaty peselýär. Muňa mysallar: “Janym Türkmenistan – eziz Watanym!” (Eziz Watanym. M.Hydyrow), “Tagzym saňa, söhrat saňa Pyragy!..” (Pyragy. G.Mämmiýewa), “Eziz obam ýürek seni küýseýär” (Obam. G.Mämmiýewa). Şahyrlar A. Geldiýewa, K.Soltanmyradowa, O.Amandurdyýewa dagy hem gaýtalama köp üns berýärler. A.Geldiýewa “Watan” atly goşgusynyň bentleriniň soňky setirini “Watan” sözi bilen tamamlaýar. On bir bogundan soň goşmaça goşulan bu iki bogunly artykmaç söze uly man ýüki ýüklenipdir. Ol söz Watanyň manysynyň agramyny artdyrýar: “Alnyňda günleriň ak daňy atan – Watan!..; At-owazaň bütin äleme ýeten – Watan!..; Toprakdan egsilmez baýlygyn tapan – Watan!..; Ýürekleň töründe ornuny tapan – Watan!..”.
K.Soltanmyradowanyň ejä bagyşlanan mesnewisinde gahryman düýşünde ejesini görýär we iň soňky üç harpdan ybarat “Eje!” sözüne gahrymanyň ýürek awusy, derdi, yzasy, näçe küýseseň-de görüp bilmeýän mähribanyňy görmek hakyndaky çydap bolmaýan küýsegi siňipdir:

Gözüm açýan, ejem küje, zat küje…
Eje!

Ses sazlaşygy, fonetika şygyrlaryň akgynly okalmagyna, owazly aýdymlara öwrülip gitmegine ýardam edýär. Ýöne ses gözelligi many kämilliginiň zyýanyna gazanylmaly däl. Ses sazlaşygynyň hem galyp gözelligini, hem many goýazylygyny nygtamaga täsir eden pursatlaryndan käbir mysallar:

Diňle, düňle dünýäň simfoniýasyny…
A. Soltanow. Säher pelsepesi.

Ýow güni ýoldaş siz ýowuz ýollarda…
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.
Gundagda gursagma guýulan gurşun…
A.Täzebaý. Ene hüwdüsi

Atyň goş, al abraý – at…
S.Ilamanow. Güýç goşmasaň.

Uzyn-gysga sesleriň her biri aýratyn bir fonema we olar sözüň, sözlemiň manysyny bütinleý üýtgetmäge ukyply. Muňa garamazdan, dürs ýazuw düzgünlerinde bu fonemalary aýratynlandyryp ýazmak üçin şertleriň ýoklugy sebäpli, sözi dogry okamakda kynçylyk çekilýär. Sözüň hakyky manysy diňe kontekstde ýüze çykýar. Şonuň üçin şahyrlar uzyn fonemalary tapawutlandyryp, sözleri dogry okamaklygyň hatyrasyna çekimliniň öňünden däl-de, yzyndan iki nokat goýýarlar. Şahyr A.Soltanowyň döredijiliginde bu belginiň dogry hem nädogry ulanylyşyna mysallar:

Ümzügi gerçege baka:n?!
Geçmişden geljege bak:an
A. Soltanow. Serwi gyz gelýär.

Dyngy belgileri juda ýerlikli ulanmaly. Bolmasa, olar pikiriň manysyny ýoýup biler. O.Annaýew “käte demiňi dürsäp, özüňe gelmäge kömek edýän, sesini çykarman hormatlan ýeriňde otursa-da, hiç ynjalyk bermeýän, ýönekeýje bir otur bolsa-da, ýalňyş goýulsa myrtar, dogry goýulsa ähmiýetli, oturjak ýerini özi bilýän…” oturyň many aňlatmakdaky hyzmatynyň üsti bilen adam häsiýetini hem açýar.
Aşakdaky mysalda goşa dyrnak belgisi aýdyljak bolunýan ajap oňyn pikirden başgaça bir göçme manyly pikir bar ýaly diýen manyny berýär:

Adamlar bir-bire “jana-jan” bolsa…
S.Ilamanow. Enä şöhrat

■ Sözlük. 

Şahyrlar diliň sözlük düzümini baýlaşdyrmaga kömek edýär. Gadymy sözleriň şygyrlarda ulanylmagy diliň öz kökleri bilen bitewiligini, aýratyn bir dil hökmünde umumylygy emele getirýändigini aňladýar, şygra gadymyýetiň nagyşlaryny çaýyp, gözelligini artdyrýar. Beýle sözleriň öz ýerinde, degişli manysynda ulanylmagy diňe gutlanylmaga mynasyp:

Bilmen,
haçan düşlär magşar riştesi…
D.Annamyradow. Ömür çyragy

Agzy utunly guýular,
Asty çöwlükli guýular.
T. Kerimow. Guýy ussasy.

Jem bolan olarda tagbyry döwrüň…
D. Nuryýew. Ylahy kelam.

Şirin heňler ýamanlyga naýyp däl.
D. Allaberdiýew. Rubagylar çemeni.

Egne geýen köýnegi
Çepbetöwmi, ýar-ýar?
T. Kerimow. Öleňler.

Azabyňa gutluk ýokdur.
O. Annaýew. Hakykat.

Käbir sözleriň ulanylyşy bolsa dürli soraglary döredýär:
Örýän bähre düşekden,
Budur söýgiň hikmeti?!
D. Annamyradow. Ömür hikmeti.

“Bähre” diýen pars sözi “peýda, nep, gazanç (Dünýä menden hezl etmez, men hem bähre almazmen… Kim bähre tapypdyr bu jepalardan…)” (A.Meredow. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. Günbet Kabus, 1997. 105-nji sahypa) diýen manylary aňladýar. Belki, şahyr bu ýerde başga bir manyny aňlatmak isländir.
Söz ýasalyşyň fonetik (sesleriň dürlüçe aýdylmagy, basymyň, uzyn-gysgalygyň, säginmegiň kömegi bilen) morfologik (goşulmalaryň goşulmagy bilen: gül+dan), sintaktik (sözleriň goşulmagy bilen: gül+desse), morfologik-sintaktik (hem sözleriň, hem goşulmalaryň kömegi bilen: gül+ýüz+li) we leksik (many özgermesiniň kömegi bilen: göwnüň gül ýaly açylmagy ) usullary bar. Şahyrlar bu usullar bilen täze sözleri döredýär. Olaryň öňe çykaran täze sözleriniň ýuwaş-ýuwaşdan diliň sözlük düzümine girp gitmegi-de ähtimal. Ýöne diliň sözlük düzümi gaty berk kadalara laýyklykda ösýär, örän hatyrjemlik bilen täzelikleri kabul edýär. Hut şonuň üçin dürli diller özara garyşyp gidibermän, özboluşly aýratynlygyny saklaýarlar. Şahyrlaryň döredijilgindäki gabat gelýän käbir sözler diliň sözlük düzüminde ulanylmaýar ýa-da seýrek ulanylýar.
Şükarada ünsi sowlup çaganyň…
Ylahy kelam. D.Nuryýew
“Şükara” sözi şu, iki hem ara sözleri birleşdirilip, sintaktik ýol bilen ýasalypdyr. Bu söz käte orfoepiýada, ýagny dürs gepleşikde-de şeýle ulanylýar. Bu sözüň uzak gelejekde şeýle ulanylaýmak ähtimallygy hem bar.
Käbir sözler bilen aýdylmak islenilýän manyny diňe ýazaryň özi biläýmese, okyja düşündirmek kyn. Belki, aşaky mysalda bir nätakyklyk bardyr:

Jogap şeýle bolýar: “Şükürlirana bolup,
Haka sygyn, Taňrym berer myradyň!”…
Ylahy kelam. D. Nuryýew

Indiki getiriljek mysallardaky “ybyldaşýar” işligi mekge gulpagynyň şemala adaja hereketini gowy aňladypdyr. “Uwlundy”, “berjitsem”, “kagşap” işlikleri, “yşraz” sözi bolsa seýrek ulanylýar hem-de düşündirişe mätäç:

Guran mekge gulpagy deý,
Ybyldaşýar sary saçlar.
O. Annaýew. Güýz.

Kän uwlundy yzda heýhat,
Jyda düşüp huşlar bilen.
D. Annamyradow. Ýüreklerde joşlar bile.

Düşsem ketjal duýgularmyň söbügne,
Berjitsem olary, söbügne basyp.
O.Pijikowa. Eje.

Kagşap gitmäýin doňakly günde…
O.Amandurdyýewa. Ezizim.

Bir serçejik geňsi yşraz gözledi…
S.Ilamanow. Hoşallyk.

Barlygyň her bir beýleki hadysalary ýaly, şygryýet üçin hem hereketsiz galmak ýokluk bilen barabar. Bu günki şygryýetimiz hereketde, janly. Hereketdäki zada ösüşler, tesişler, galkynyşlar, ýalňyşlyklar… mahsus. G.Ezizowyň “Bizi şahyr eden jedeller dälmi? // Halyl, bizi şahyr eden jedeller”, “Jedelde söweşsek, almarys ýara, – // Diňe goşgymyzyň ýarasy biter” diýşi ýaly, edebi sreda bir nahar taýynlanýan gazana meňzemeli. Datly tagamlaryň taýynlanmagy üçin onuň gaýnawynyň ýetmegi zerur. Bu makalada şu janly hadysanyň, naharly gazanyň şu günki ýagdaýyna derhal hem gysgaça seslenmäge synanyşyldy, kämillige gol beren, şeýle-de, entek ýaş şahyrlaryň döredijiligine bir göz bilen garalmaga çalyşyldy. Şahyrlaryň ezýetli hem lezzetli döredijilik ýoly dowam edýär. Okyjylaryň tamasy uly!

Baýram AKATOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 737 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]