08:40 Siziñki | |
SIZIÑKI
Ýer-suwdan paý alan garyp ýoksullar, Agdaryñ, dönderiñ, ýer-suw siziñki. Ýap gazyp, pel çekip, düzediñ ýerler, Garyp zähmetkeşler, ýer-suw siziñki. Reforma bir ýaşyn doldurdy geçdi, Sansyz zähmetkeşin gözlerin açdy, Süýthoryñ dilegi tersine düşdi, Ynkylap miwesi - ýer-suw siziñki. Traktor şereketini birleşip açyñ, Täze durmuş isläp, köneden geçiñ, Kooperatiwe üýşüp, çastnydan gaçyñ, Güýç birgerip işläñ, ýer-suw siziñki. Koşçynyñ soýuzyn asla ýatyrmañ, Ýer-suwlar gaýdar diýip, göwne getirmäñ, Güzeran düzediñ, bikär oturmañ, Süýthorlara garşy göreş siziñki. Işçi-daýhan birleş hemme işlerde, Söýenşen ýykylmaz, bolsa her ýerde, Zalymlar duşmandyr bize her derde, Partiýanyñ dogry ýoly siziñki. Okadyñ ýaşlary, ogul-gyz diýmäñ, Koşça ýerleşdiñ, zähmetkeş goýman, Okuw okañ, könä edip puşeýman, Nadanlygy taşlañ, döwran siziñki! Oktýabr, 1926 ý. Mollamurt. | |
|
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |