19:40 Söm-sömüñ | |
SÖM-SÖMÜÑ
Onda-munda işleýärin diýse-de, Ýokdur asyl belli käri söm-sömüñ. Täze işe başlaýaryn diýse-de, Ýalandyr sözüniñ bary söm-sömüñ. Işlemeli bolsa gaçar zyp berip, Hikir-hikir güler otyr lepberip, Ara bozar, her kime bir gep berip, Bolmaz belli dosty-ýary söm-sömüñ. Bar zada eýedir bolsady ekip, Ketje gürrüñ tapar içiñi ýakyp, Aýalynyñ gazanjyna göz dikip, Kölge söýüp ýatmak käri söm-sömüñ. Garry enesini iberip işe, Atasynam sermendirer hemişe, Her ýerde paltasy degse-de daşa, Bolmaz eken namys-ary söm-sömüñ. Durmuş sili bilen joşup akmasa, Ýeñlerini çyzgap, derin dökmese, Deñ-duşlary ýaly zähmet çekmese, Suratyny çeker Çary söm-sömüñ. Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |