18:35 Söz nire, men nire?! / esse | |
SÖZ NIRE, MEN NIRE?!
Geljegiňi bilýärdim. Dost diýeniň şeýle-de bolmaly, kelte ýarag ýaly tüýs gerek wagtynda öňüňden çykar. Eger gelmedik bolsaň hem muny maňa düşündirerdiler, bitmejek ýara bilen birlikde. Dünýäň gurluşy şeýle, kim depäňden gaýnag suw guýup aklyňa aýlandyrýar, kim sowuk suwa salyp çykarýar. Amallar niýetlere görä diýilipdir ahyryn. Dost, sen maňa her kelläňe geleni ýazyp ýörmeli däldigini aýtdyň. Ýazanlarymdan mysal getirmän aýtdyň. Sen: “Kimiň aýdanyny, kime aýdanyny, haçan aýdylanyny we näme maksat bilen aýdylanyny bilmeseň, şol maglumata esaslanma, mysal getirme. Ýogsa, pikir öwürmeleriň ýalňyş bolar” diýdiň. Indi otuz ýyldyr söz bilen bile ýaşaýan. Çagalarymyň hersi öz höwürtgesine uçdy, uçmadygy hyýalynda ýaşaýar, emma söz welin, maňa hasam mähremleşýär. Indi bize birek-birekden aýrylyşmak, birek-birekden ýüz öwürmek ýok. Men söze 13-14 ýaşlarymda aşyk bolupdym. Söz bilen Dostoýewskiniň sowuk ýagşy çisňäp duran Petrogradyň çola köçelerinde duşuşypdym. Balzagyň goşa at goşulan kaşaň faetonynda aýlanyp, Parižiň gysyk baýlarynyň gapysyny kakypdym. Gurbannazaryň şygyrlaryny däl, şygyr okaýşyndaky sazyna melul bolup daň atanyny duýmadyk günlerim sözüň gözel görküni duýupdym, “Ýapraklaryň ýüzündäki deri” Gurbannazar bilen synlapdym. Emma o döwürler söz bilen goş birikdirmeli bolaryn öýtmändim. Neneň niçik boldy, hiç kime ynanmajak duýgularymy söze aýtdym. Üstümden gülmedi. Menem sözi sogan ýerine satmazlyga çalyşdym. Çagajyk gurjajygyny huwwalap ýatyran bolýandyr, üstjagazyny ýapýandyr. Ýogsa çaga-da bolsa onuň jansyz gurjakdygyna akyly ýetip durandyr. Ýetse-de oýnasy geler. Boýun alýan, menem mahal-mahal sözi şol gurjak kimin gördüm. Ony allalap, oýnawaç sallançagymda hüwdüledim. Şonda-da meniň çynymdy, diňe söze gurjaga garan ýaly garapdym. Emma söz oýnadyp, ýalanymy ýaşyrmadym ýa-da tersine, ile ýaýmadym. Belki, oýunjak ýaly görenim üçindir, mahal-mahal sözi taşlamaga çalyşdym. Sözden irdim, ýadadym. Emma Dostoýewskiden, Gamsundan… ýadamadym, doýmadym. Göwnüme, olaryň sözi söz däl ýalydy ýa-da tersine meňki söz däldi. Bu bir biwepanyň bahanasyna-da meňzeýär. Şonda-da söz maňa biwepalyk etmedi. Oňa gynanjymy ynandym, hesretimi siňdirdim, gyrkyşdyryp göwnüme ganat ýasadym – sähelçe-de gaşyny çytmady. Gaýta men ondan närza boldum. Sözden şöhrat isledim, at-abraý gözledim, emma tersine bolmalydyr diýip pikir etmedim. Söz Magtymgulyny meşhur etdimi, sözi Magtymguly? Bu barada oýlanmadym. Ýok, kiçigöwünlilikden däl, akylsyzlykdan. Söz nire, men nire diýip başymy bürenen bolsam, belki, men sözi gözlemezdim, söz meni tapardy. Sözi kömelek gözlän ýaly gözledim. Kömelek ders dökülen ýerde köp bolýamyş diýseler, ders dördüm. Içini gurt iýen bir kömelek tapsam, hem töweregiň meniň tapyndymy görenini isledim, hem saçlarymy ýolup höwrüni gözledim. Kömelek gözleýäniň ýagdaýy özüňe belli, gözi hem ýerde, hem töweregindäkilerde. Ýoldaşlarym bir zat tapsa, tapandyryn öýdüp sähel eglense-de şol tarapa howlugdym, onuň indiki tapjagyny tapmanka öňürdip tapjak boldum. Töweregimdäkilerem şeýle. Sözüň has başga ýerde, has çuňlukda güberçekleýänini kömelek gözleýän näbilsin?! Biz her gezek biri-birimizi öwmek bilen gözleglerimizi tamamlaýardyk. Bir günem Kur’anyň düşündirişini, Pygamberimiziň (s.a.w.) hadyslarynyň terjimesini okadym. Ol sözler gözlenip tapylan sözler däldi… Mundan soň başga biri ak kagyza bakmaga, eline galam almaga utanar, emma meňki ýene tersine. Megerem, söz bihaýadan gaçýan bolarly, haýa etdim. Haýamy ýene söze ynanmasam kime ynanaýyn? Söz meni taşlap gidenem bolsa, onuň basyp giden yzlaryny ogşasym gelýär. Owal sözüň görküniň aşygydym, indi agramynyň, güýjüniň. Söz bilen näçe oýnan bolsamam ony oýynjak edinmändim. Çaganyň elinden gurjagyny alsaň, uly ili bilen aglaýşy ýaly, sözümi elimden alsalar, dünýäm elimden alynjakdy. Belki, şu duýgym sebäplidir, sözüň özümden daşdadygyny bilsemem eteginden ýapyşýaryn. Ýöne bihaýalyk bilen däl. Jelaletdin Rumy “Her kes söz satma höwesindedir, men bolsa dymmany başaranyň guly-kölesidirin” diýipdir. Göwnüme meni hem ýazanlarym däl, ýazmadyklarym halas edäýjek ýaly. Märekede akmagy dymmagyň masgara bolmakdan halas edişi ýaly. Ýöne... Gurbannazaryň: Bizi, öňde-soňda, ýürekden dömüp, Ýazylmadyk şygyrlarmyz öldürer - diýen setirlerem gulagymda ýaňlanyr dur. Iki arada hallan atyp durun. Ýazmalymy, dymmaly? Bilmedim. Her niçigem bolsa, sag bol dostum! Sen maňa sözi tanatdyň, sözem maňa özümi… Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |