21:52 Surat we ses / hekaýa | |
SURAT WE SES Adam gijäniň bir çeni ýalpa gözlerini açdy. Diň saldy. Şonda ilki gulagyna gelen ses otagyň burçunda stoljukda duran golçalardaky gülleriň ösýän sesi boldy. Bu ümsüm, rahat gyş gijesinde gülleriň baldaklarynyň, ýapraklarynyň ösüşiniň, diriligiň sesi aýdyň eşidilýärdi. Adamy biraz tukatlyk basmarlady, belli däl, nämüçindigi. Ol ýene diň saldy. Şonda köçeden ulaglaryň güwwüldisi gulagyna geldi, güwwüldi nämüçindir onuň ýadyna deňzi saldy. Göýä äpet-äpet gomlar kenarlardaky daşlara urulýan ýalydylar: ,,Şagg-şagg-şagg..” Gomlar harsaň daşlara urulşyna, şeýle ses edýärdi. Ol hyýalynda köçäniň, ulaglaryň suratyny deňziň, daşlaryň hem gomlaryň suraty bilen çalyşdy. ,,Gör, nähili oňat boldy. Men deňziň kenarynda ýatyryn” diýip, adam göwün ýüwürtdi. Emma onýança köçeden äpet bir ýük ulagymy ýa-da hereketlendirijisi näsaz işleýän ýeňil ulagmy, belli däl, deňiz gomlarynyň şaggyldysyna asla meňzemýän çirkin ses gopduryp geçip gitdi. Adam şol wagt hyýalyny dörjeläp, fantaziýasynyň bir ýerlerinden ýaňy bir çarlaklaryň sesini hem şekilini tapypdy we olary hyýalyndaky deňziň, kenar daşlarynyň, gomlaryň üstüne ,,ýelmemek” barada oýlanypdy, emma… Emma bu köne ulag ýa-da äpet ýük maşyny bularyň barysyny berbat etdi, bozdy, bulaşdyrdy oturyberdi. Göýä nepis suratyň üstüne çotka ýuwulýan hapa suwly çüýşe ýykylan dek boldy. Adam biraz deňiz barada pikir etmesini goýbolsun etdi. Ýene diň saldy, köçe ümsümlikdi. Ýok, köçe däl-de, deňiz. Ol köşeşipdir. Megerem, gomlaryň bady gaýdyp, deňiz hem uka giden bolsa gerek. Adamyň gabaklary agralyp başlady. Gözleri süzüldi-de, kirpikleri çatlyşyp, uka gitdi. Adam uklady. Ol deňziň sesine oýandy. Deňizde harasat gopýan ýalydy, äpet-äpet gomlar batly gelip, özlerini kenar daşlaryna urýardylar. …Adam işe barýardy. Saba şemaly onuň çal hem ösgün saçlaryny oýanaýardy. Onuň gabaklary biraz ýellenen bolsa-da, ýüz-gözi açykdy. Garaýşy ýap-ýagtydy, mähirlidi. Baglar, salmalar, dükanlar, ulaglar, asman, guşlar oňa baş egip salam berýärdi. ,,Eý, Adam, ertiriň haýyrly bolsun, işe barýarmyň?!” diýip soraýardylar. Adam olara: ,,Hawa, men iş bilen badaşdym. Rysgalymy zähmetden tapýaryn” diýip, jogap berdi. ,,Sen mamla, Adam. Bizem seniň gullugyňdadyrys. Seni söýdük, söýýändiris, söýeris. Bütin barlyk, älem-jahan seniň daşyňdan aýlanýar. Barlyklarda, gaýyplarda many-da sensiň, mazmun-da. Gazabyňdan daglar eýmener, mähriňden daşlar erär. Ýol haýyrly bolsun”. ,,Sag boluň”. Baglara, salmalara, dükanlara, ulaglara, asmana, guşlara şeýle diýip, jogap berdi Adam… | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |