10:54 Kitap / hekaýa | |
KITAP
Dekabryň aýaklaryna men ony gözledim. Howa sowukdy, çapgyn şemal ýüzüňi daglap gelýärdi. Men onda şol kitabyň bardygyny bilýärdim. Kitabyň onda bardygy adaty ukusyz gijeleriň birinde ýadyma düşdi. Ol kitaby nämüçindir köpden bäri ýatlamaýardym, indem birdenkä ol kitaby okasym geldi. Men ony tapmaly hem kitaby birnäçe günlügem bolsa, alyp okamaly diýen netijä geldim. Şenbe güni, adatdakylardan ir oýanyp, sakgalymy syryndym-da, öýdäkilere bir möhüm işimiň bardygyny aýdyp, ýola düşdüm. Duralga geldim, heniz sabanyň ümri sowulmandy. Duralgada köp garaşmaly bolmadym, 19 belgili awtobus geldi. Men awtobusa münüp, onuň ýaşaýan etrabyna ýola düşdüm. Men baranymda, ol hernä öýünde ekeni. Ol meni ýadaw hem parhsyz halda garşylady. Gapynyň agzynda köwşümi çykaryp, uzyn hem insiz däliz bilen yzyna düşüp barýarkam, onuň küýkeren arkasyna seredip, wagtyň adamlara ýöredýän hökümi baradaky oýlar serime gelip gitdi. Ol öňüme düşüp barşyna yzyna gaňrylman: ―Hawa, şepe, wagt diýleni ýowuz närse. Ol hiç kimi aýap goýanok. Sen geçiber. Men häzir―diýip, törki otaglaryň ýarym açyk gapylarynyň biriniň aňyrsynda ýitirim boldy. Men onuň edil ýap-ýaňyja içki pikirimi okandygyna haýran galmakdan dörän howsalamdan aýňalyp ýetişmänkäm, eli ullakan kitaply dolanyp geldi: ―Ynha, bu şol kitap. Çaň basyp gidenini geň görüp oturasy iş ýok. Meniň özümem ençeme ýyldyr muny elime alamok ― Ol şeýle diýdi-de, elindäki köneräk esgi bölegi bilen kitaby yhlasly süpürişdirdi-de, ony meniň öňümde duran stoljugyň üstünde goýdy: ―Ynha, al. Aslynda meniň özümem muny saňa gowşurmaly diýen netijä gelip ýördüm. Hernä, özüň geläýdiň. ―Sag bol!―diýip, men kitaby zordan elimde saklap (ol agyrdy), onuň sahaplaryny açyp synlamaga başladym. ―Hernä oňa syçanlar degmändir. Soňky döwürde öýde syçan peýda bolupdyr. Olar meniň gaty köp kitaplarymy harapladylar. Ol nazaryny diwardaky asylgy duran tebigat şekilendirilen, köne çarçuwaly surata dikip çuň pikire batdy. Soňra maňa seretmän, söze başlady: ―Elbetde, kitaplara nebsiň agyrýar. Ýöne nätjek, bu-da olaryň kysmatydyr-da. Hawa, şeýleräk özi... Men dymýardym hem-de onuň ýene sözüniň yzyna garaşýardym. Ol birhaýukdan ümezleşip duran gözlerini ýüzüme dikip, gussaly dillendi: ― Senem bu kitaby wagty-sagady gelende, indikilere berersiň. ―Sag boluň. Men onda turaýyn. ―Sen nä, eýýäm gitmekçimi?! Belki, çaý içersiň? Ýeri, bolýa-da. Aman gez. Men seni ugradaýyn. Ol meni işige çenli ugradyp, yzymdan gapyny ýapdy. Men köçä çykyp, kürtdürdim. Nirä gitjegimi bilmeýän ýalydym. Soňra kitabyň henizem elime agram berip durandygyny ýadyma düşdi. Onuň ýüzüni süpürip, adyny okamakçy boldum. Emma kitap şeýlebir könedi welin, hatda awtorynyň, öz ady-da sürtülip ýitip gidipdi.... Men öýe gaýtdym. Ýolda awtobusyň aýnasyndan daşaryny synlap gelşime kitap we onuň eýesi barada oýlanýardym. Ondan bu kitaby men aldym, menem wagty-sagady gelende, ony saňa gowşuraryn, hoşmy?! Hemraguly HUDAÝGULYÝEW, ýazyjy. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |