23:46 Şygyrym | |
ŞYGYRYM
Dost diýip dost bilmedim betpygyly, Bähbidinden daş gitmedi çygyry. Derdi-halym soraşanlar bolandyr, Syrdaş saýdym diňe ýalňyz şygyry. Agsanymda ýol ýöresem diregim, Gämi münüp, suwda ýüzsem küregim, Hyýal çür başyna tarap Eregiň, Gözlerime röwşen bolan şygyrym. Bolmandyň sen il derdine ýasama, Ynandyň çyn, ýürekdäki kasama, Sepdigiň –nan bugdaý, alkyş azala, Süle däl, ýweýäň, kilwan, şygyrym. Nägilekäm käte özüm-özümden, Çekdigim derdimi bildiň gözümden. Nädip direlmejek ýürek sözünden? Mähir-muhabbetden elwan, şygyrym, Çepiksije, ýöne pälwan, şygyrym. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |