21:49 Türkmenime | |
Didarberdi ALLABERDIÝEW
▶ TÜRKMENIME Geçip asyrlaryñ içinden parran, Goluñda Oguzyñ baýdagy parlan. Köñlünde keremli Kelamyñ pendi, Diliñde Pyragyñ setiri, bendi. Asal tili bilbil bolup saýrapsyñ, Ýer ýüzüne gudrat bolup ýaýnapsyñ. Baryñy paýlapsyñ mätä adama, Sahylykda bäs edipsiñ Hatama. Dälilikde däli Jeýhuna meñzäp, Beýiklikde daga gerşiñi deñläp, Eden işiñ eýlenipdir ynsaba, Her ädimiñ düz gelipdir hasaba. Ýeri gelsd geçip hany-manyñdan, Ar-namysy eý görüpsiñ janyñdan. Hemra bolup egri gylyç, ýaý saña, Batyrlykda tapylmandyr taý saña. Has ýowuz synaglar düşse-de paýa, Sen gulluk edipsiñ diñe Hudaýa. Hak berdigi at arkasyn bagtyña, Çalyşmansyñ Süleýmanyñ tagtyna. Döwlet gurup dowamata ugrañda, Bedewiñe orun berdiñ tugrañda. Sende il paýhasy beýikden-beýik, Seniñ kowumlaryñ hemmesi beýik. Men seni beýgeltsem, hoş ýakar saña, Sen meni beýgeltseñ, hoş ýakar maña. Ýeke Watan, ýeke Tañrymyz barka, Äleme ýañ salan añrymyz barka, Düz tutup niýeti, diñläp ýüregi, Geliñ, beýgeldeliñ birek-biregi! | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |