05:24 Üç nama | |
ÜÇ NAMA ■ Ýol aýdymy Ýollaň azabyndan gorkmazym ýaly, Maňa ýa dost gerek, ýa-da ýar gerek. Bolmasa biderek azara galyp, Kötelli ýollarda ýadaýar ýürek. Hyýalymy alyslarda aparan, Nirde sen gün-günden daşlaşýan ýarym?! Kalbymda turýanam bolsa topalaň, Meň ömrüm täzeden başlanýan ýaly. ■ Dert Gaflata gark boldum, ýuwutdy zulmat, Bu pidaýy uky ne kyn zat eken?! Men şol pursat duýdum, bar zatdan gymmat, Daşyň gurşap alan ýakyn-ýat eken. Geregi ýok ýaly göreşmegiň-de, Häzir uklasaň bes, emma, wah, emma... Eziz ynsanlaryň göreçlerinden Ýagtylyp başlaýar garalan dünýä. ■ Oýanmak Ýaňyja turup otyryn, Oýanyp ukudan häzir. Hyýalda entek ýatyryn, Endigimiň çekip näzin. Diňe men şeýlemi, ýa-da Şeýle bolýarmy hemmede?! Şaýat bolýan täsin zada, Million küý bar hum kellede. Ýöne barysy ugursyz, Pytraşyp ýatan boş peşeň. Samsyk awçy deý ulumsy, Oky nyşandan daş gaçan. Men-ä gülüp başaramok, Başarsaň-da gülme maňa. Ýa men dünýä düşünemok, Düşünenok dünýe maňa. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ода Анакреона / Goşgular - 07.02.2023 |
√ Jogabyny tapyp bilmedik sowalym / Goşgular - 08.02.2023 |
√ Güýz gijesi. Noýabr / Goşgular - 30.01.2023 |
√ «Завтра – я не различаю…» / Goşgular - 25.01.2023 |
√ Duralganyň ýanyndaky agaç / Goşgular - 08.01.2023 |
√ «Тихо вечерние тени…» / Goşgular - 02.02.2023 |
√ «Я призываю вас шашкой…» / Goşgular - 15.02.2023 |
√ В горах / Goşgular - 12.02.2023 |
√ Başlyk hakynda ballada / Goşgular - 29.01.2023 |
√ «Что в имени тебе моём?..» / Goşgular - 05.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |