23:45 Ýat iller, ýaman iller | |
ÝAT ILLER, ÝAMAN ILLER
Goşgular
Gadym zamanlarda bir gyzy ýat illere satypdyrlar. Õz ýaýlasyndan aglap giden buýsançly çarwa gyzynyñ ýüregi alty ganat ak õýe sygmandyr. Ol oba-da sygmandyr, ýer bilen gõgüñ arasyna-da sygmandyr. Munuñ üstesine-de, oña keseden dil ýetip durupdyr. Gaty ýõrese-de gülüpdirler, çala ýõrese-de gülüpdirler. Otursa oturşyna at dakypdyrlar, gaýma gaýasa keşdesine at dakypdyrlar. Muña çydamadyk şahyr ýüregi gõr-bak, näme diýipdir: Gaty ýõresem, -Ýorga- diýdi. Haýal ýõresem, -Yrga-diýdi, Ýat iller, ýaman iller. Gõzüm süzsem, -Süzgek- diýdi. Kekire ýaly Gõm-gõk diýdi, Ýat iller, ýaman iller. Saçymy çõzsem, -Urgan- diýdi. Oturanja bir Harman-diýdi Ýat iller, ýaman iller. Çala ýylgyrsam, -Gülýäñ - diýdi. Nirede señ haýañ- diýdi. Ýat iller, ýaman iller. Ýuwaş hiñlensem -Toba- diýdi. Telekdir bilseñ Däbe - diýdi, Ýat iller, ýaman iller. Dost boljakdym, Setir bilen. Ýandym-la, ýandym Kesir bilen, Ah, ýat iller, ýaman iller.... Baýram JÜTDIÝEW | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |