10:01

Ýoldaş Goturow / dowamy

ÝOLDAŞ GOTUROW ÖZI BARADA GÜR BERÝÄR

■ Goturowy baş komanduýuşiý çagyrýar

— Kyrk birinji ýylyň ýigrimi ikinji iýun gijesi ýatyryn welin, gapym “tark-takr” kakylýa. Kimkä janlarym diýip açsam iki sany milisge üstüme abanyp dur. Özlerem ses ýok, üýn ýok, elime bir kagyzy tutdurdylar-da zut gitdiler. Görsem tiligram. Ýüzünde-de: “Seberşenne sikritne. Liçnyý ýoldaş Goturowa gowşurmaly” diýlip ýazylan. Kimden-kä bi janlarym diýip ýeňsesine baksam gyzyl syýa bilen: “Ysdalyn” diýlip ýazylan. Gyssanan wagty gyzyl syýa bilen ýazagandy özi o bende. Ine, onsoň açdym, welin görsem: “Ýoldaş Goturow,ýet, ýurda ýagy çozdy” diýlip ýazylan. Başga zat ýok. “Sikritne” diýlip ýazylansoň kolhoz başlygyna zada-da duýdurmak bolanok. Amantäç daýzaňyza-da: “Aý ýatymlyk oduna gitmeli boldy”  diýdim-de eňdim Meskewe. Başga näme diýeýin? Görgüli dört ýyllap, tä uruşdan gelýänçäm: “Goturymyň şo-ol oduna diýip gidişi gözümden dirije uçdy” diýip aglap-aglap görejinden aýrylypdyr. Ýöne nädeýin! Biz bir döwlet adamy-da! Döwlet işi bilen öz hojalyk bähbidiňi bir derejede tutmak bolmyýa-da...”Ine, onsoň bardym Meskewa. Girdim Ýusup begiň* ýanyna.  Dogrusyny dogry diýjek, edil ýakyp-ýandyryp barýan jahyl bolmasamam entek garrylygam gatybir boýnuma almadyk wagtlarymdy. Garawullara ýaňky haty görkezip Kremliň içi bilen geçip barýan welin, bilim-ä kemerli, çignimem... ---Gotur aga gabarylaga-da, oturan ýerinde iki elini bykynyna urup  eginlerini terezilendirýär. —...Çignimem ine şuňňaly. Bar kişiň gözi mende. Hyşy-da-wyşy. Gotur-da —Gotur. Men aýdýan, haý, “sikritne” bolaýşyňdan seň diýýän. Ine, onsoň haýkyryp salam beräge-de, girdim gapysyndan welin näme, öňki gören Ýusup begim ýok-da! Çilimiň tüssesinden ýaňa daş töweregine  bulut çöken ýaly...    —Şol wagt ondan: “Ýoldaş Goturow, bi Stalin seni nireden tanap çagyryp ýör?” diýip sorasaň, ömürem gaty görenok. Gaýtam gowy görýär. Hezil edýär.  Birazajyk böwrüni diňläp oturan bolýar-da, öň ýuwaş gepläp oturanam bolsa hemmeler eşider ýaly bat bilen: — Sibirde bile bolupdyk, bende bilen...-diýýä. Şeý diýibem, diň-gögüne garaýa. Ýöne  şondan artyk sorag beriberseň bolanok. Onda gürrüňiň işi gaýdýa. Gowusy: “Bä-ä..onda dogry. Onda siziň  aşnalygyňyz gaty  aňyrdan ekeni” diý-de, oturyber.  Şeýtseň  ol: —...Ine, onsoň maňa gözi düşenden Ýusup beg ylgap gelip boýnuma zyňdy...—diýer-de yzyny dowam etdiriberer. —...Merdi görende oglanlar merdem ejizleýä-de, bir görsem gözlerinden boýur-boýur ýaş akýa. “Boýurganma Ýusup jan, başyňa näme iş düşen bolsa bolşy ýaly beýan et, eşideli, ölümden başgasynyň bir alajy bolar, tilgiramyňdan-a aňybilen zadym bolmady, ýagy diýipsiň, sagy diýipsiň, o nä päli azan ýagydyr ol, hany şol...”diýip, äpişgeden, gapydan boýnumy uzadyp daş-töweregime garanjaklaberdim. Bir elimem gylyjymyň sapynda. Bilim kemerli, çignimem şuňňaly. Ýusup görgüli bolsa, gözlerini tegeläp: “Gyrman çozdy Gotur akga, gyrman. Indi biz nädeli, maslahatyny sen ber” diýdi. Asyl şo wagt entek Gyrmanyň çozany ile aýdylmanam ekeni. Öňürti oglanlar bilen bir maslahatlaşaýyn diýendir-dä. Ana, onsoň ýagy-ýagy bolýa-da, her belalardan baş alyp çykýan Käbiliň agtygam bolsam “çozdy” sözüni eşidenimden, depämden gyzgyn suw guýulan ýaly boldy. Hiç, inim söýenok-da, şu uruş diýlen zady.Bolamok men şoňa. Ýöne derrew özümi ele aldym. Kürsä çökdüm-de: “Ýusup jan, mapyrga al, çekeli” diýdim. “Me şuny çekäýsene, ýaňyja doldurdym” diýip, çekip duran şybygyny elime tutdurdy. Çekdim. Bir küýze gürji çakyry bar ekeni, iki gulpundan tutaga-da munam başyma çekdim welin, öňki Gotur boldum duruberdim. Ýüregim ýene-de atyň kellesine döndi.
Agzymy elimiň tersi bilen süpüräge-de: “Ýusup jan! Gyrman biziň bu gün görmeli ýagymyz däl, birinji jahan urşunda-da kän gyrypdyk ony, ýene gyrarys, getiriber, näçe gyrmanyň bolsa täk özüm barsynyň pirini kädä gabaýyn”.
 
Ýusup beg—Iýosif Wissarionowiç Staliniň  adyny Goturow şeý diýip tutýardy.
diýdim, edil şü diýşim ýaly. Ýöne Ýusup beg biz ýaly göterme däldi-dä, kapyr, paýhaslydy. “Hany aftamat goýýan ýeriň nirede?” diýip, galyp ugranymdan: “Otur” diýdi-de, egnimden basdy. Eýläk-beýläk gezmeläp ýörşüne: “Howlukmaly däl, ýoldaş Goturow. Oýlanmak gerek. Men seni şoň üçin çagyrdym. Hany aýt, nähili hereket etmeli? Nämeden başlamaly?” diýdi. “Aý şu soragy maňa bermesene, Ýusup jan, men bir sähraýy adam. Maňa: Git, uruş, diý – uruşaýyn, ýygyny yzyna gaýtar diý, beletje kärimdir – gaýtaraýyn, ýöne, beýdip giň ýerde maňa sala salma, serkerdeleriň bardyr, genştabyň bardyr, sora şolardan” diýdim. “Wah, soradym. Hemmesem seni salgy berdi. Onsoňam Sibirdekäk özüň gürrüň berdiň-ä, ataň Käbil aga pahyryň nähili ugurtapyjy adam bolandygyny. Ine, indi seňňem tüýs, Käbiliň agtygydygyňy bildirmeli ýeriň geldi. Mert ýigit meýdanda tanalýandyr, bol, Gotur jan ýol kes” diýip, gamçysy bilen ädiginiň gonjuna “şarp-şarp” kakyp otyr. Ýüzüniňem şol agyrlygy. Ýaman nebsim agrady. Ýerimden böküp turdum-da, edil şü diýşim ýaly: “Maňa maslahat salýanyň çynyňmydyr, Ýusup beg?” diýdim. “Çynym” diýdi. “Men näme diýsem ýerine ýetirjegiň rastmydyr?” diýdim. “Rastdyr” diýdi. “Onda, - diýdim, sen – diýdim, - nemisiň salladyna tarap okam atma, topam atma-da, aýak – aldygyna içi arakly çelekleriňden üstlerine togalaber – diýdim.     
– Sebäbi–diýdim, –her döwrüň özüniň özüne mahsus ýaragy bolýandyr – diýdim. – Sen aragyňy gysganma, soň onsoň bylaşyp ýatyrkalar isleseň at, isleseň pilin tut, ol öz işiň. Ýog-ow, hiç haýsynam etjek däl diýseňem gözi açylandan eline arakly issikany tutdur-da dur, nädersiň sähelçe wagtdan soň elli gram arak üçin atasyny satyp oturan nemis bolaýsa: Biziň obamyzda how, men-men diýen pyýadalaram arak bilen alýalar şeýdip, diýdim”. Şeý diýenimden Ýusup beg ýerinden turup. “Hä, şun-a özümem pikir edip otyrdym welin,      gel-aý, Goturow bilenem maslahatlaşaýyn, diýdim-dä... Aý, şüýä kemem bolmady how, gaýtam... “ diýdi. Ana, şondan soň nemisiň kän hezili bolan däldir. Ýogsam o-ol, ilki, çozanda dagy ýaman güýçli ekeni.
    Elbetde geçen urşuň Käbiliň döwründäki ýaly gadym zaman urşy däldigine, onda nämeleriň bolup, nämeleriň bolup bilmejegine oturanlaryň hemmesi düşünip otyr. Ýöne barybir: “Ýoldaş Goturow, ol uruşda olar ýaly zat bolanok, pylan zat eýle bolmaly däl, beýle bolmaly” diýip, Goturowyň garşysyna gitmek bolanok. Gaýtam edil öňkiň ýaly “hä-sini” berip, ugruna kowubermeli. “Bä-ä, ýeser iş bolan ekeni-aý...” diýip, öňe-öňe omzabermeli. Geň galan bolmaly. Şeýtdigiň, ýoldaş Goturowam gitdigiçe gyzyşar gider oturar...

■ Goturow jeň meýdanynda

— Gelsedem-ä gelendir welin, oglanlar, nemis görgüli gün-ä gören däldir, Gotur kakaňyzdan ýaňa... – diýer-de, Goturow gaşlaryny gözleriniň üstüne büräp edil alkymynda oturanyň ýüzüne jiňkeriler. –... Sebäbi soň-soňlar halys höküwmediň aragy azaldy-da, birneme el bilenem gyrmaly boldy. Onam näme Ýusup beg maňa tabşyrdy. –Hamala kimdir biri şol işi Staliniň şoňa tabşyranyna nägile ýa garşy bolýan ýaly Goturow: “Dagy kime tabşyrsyn men barkam?” diýer we gürrüňini öňküsindenem has hyjuwly dowam etdirer. Şonda men, Alla günämi geçer-dä, - gaty kän gyrgynçylyk edendirin. Özümem Ystalynyň tanşy bolamsoň çöpden-çöpe bukup ýör diýidrmejek bolup, urşuň nirsi gazaply bolsa şo ýere tarap topulýan. Baran ýerimde-de näme, gan kagşyrmakdan başga edýän işim ýok. Ilki-ilkiler-ä ganymyň gany topugyma ýetiberende ýüregim bulanjak bolýady, ýöne soň öwrenişdim. Kekirdegime gelende-de gaşymy çytman, ýüzüp geçdim-de, aňyrkylaryny gyrdym ýördüm. Sizi indi meň nähili uruşýanym, uruş tärlerim dagam gyzyklandyrýan bolmagy mümkin. Şeýle dämi? Gaty ýerlikli sowal. Men muny size aýtmaly... – Gotur aga şolar ýalyda arkan gaýyşaga-da, egnindäki ýelbegeý atynan çäkmenini çiginleri bilen silkip goýberer. Kükregini ýelden dolduryrar Ýüzüni-gözüni hyýrsyzlandyryp ellerini edil awtomat tutup duran ýaly görnüşe getirer  –... Men muny size öwretmeli. Nädýän diýseňizläň. Ýaňky aýdyşym ýaly elimde-hä aptamat,bilimem kemerli, çiginimem ine, şuňňaly. –Ol ýene-de eginlerini terezilendirer-de her çignine taýly gezek sereder. –Howwa, elimde aptamat, çiginimem şuňňaly, çykýan bir depäň üstüne. Gördüm-ä ýagy gelýämi, men il ýaly: “Lajys”, “stan”, “ägun”, ystyrlaý” diýip, komandamdaky oglanlary alahasyrdy etdirdip ýöremok. Ýok! Göz çakym bilen duşmanyň sanyny takyklaýan-da oglanlara: “Baryň siz gaýdyň-da çaý-suw bilenjik boluberiň, menem aňyrsy iki sagatdan şu öňümdäkileri gutaryp bararyn” diýýän. Olar gidýärem welin menem näme duşmany alkymragyma getiräge-de aptamadymy saga ülňeýän-ä welin, elli-altmyş nemis palaç ýatyrlan ýaly bir gapdala agyp gaýdýa. Çepe ülňesemem segsen, togsan nemisiň gaýdýa. Negözel nemis oglanlary özem, gözüňem gyýanok welin, nätjek, uruş-da! “Şu gelen duşman, şu seň ýurduňy almaga geldi, çagaňy ýesir etmäne, aýal-gyzyňy olja etmäne geldi” diýen düşünje barda sende o wagt. Onsoň gyrmabilşiňe gyrma. Soňabaka dagy how düýşüme Şahymerdanam girip ugraberd-ä – Goturow şu ýerde hökman oturanlaryň ýüzüne sereder  –Şahymerdanyň kimdigin-ä bilýänsiňiz? Ýa bileňzokmy? Aý, bilýänem dälsiňiz, siz könäni okamasaňyz nä... – Şondan soň ol başyny buýsanç bilen ýokary göterip. Mähnet penjesini dyzlarynyň üstüne goýar – Şahymerdan diýýänim Hezreti Aly! ... Muhammet mustapanyň şägirdi. Üstesine-de giýewisi, ýeriň ýüzüni musurman eden adam. Ana şolam bir gije düýşümde aptamatymdan aslyşyp durşuna:“Haý, Gotur, menem-ä ganymyň gany atyň üzeňňisine çykýança gan dökendirin welin, ýöne bi seňki meňkiň dagy çeni-çaky däl, köşeş, arasynda duşmana aman ber”, diýdi welin, telim günläp hapa bolup gezdim. “Alla janlarym, meň bu edip ýören işlerim telek bolaýmasyn” diýip oýlandym. Ýöne nätjek, ýaňky aýdyşym ýaly yzyňda     ýeriň-ýurduň, bala-çagaň dur, şo zatlar ýadyňa düşýä-de öňe tarap ylgabereniňi duýman galaýýaň. – Goturow başyny aşak salyp kellesini ýaýkalar. – Özlerinden görsünler. Kim gel diýdi olara... Ine, onsoň nemis görgüliler ahyr çydaman Ýusup begiň özüne arz edipdirler. “Goturow diýip biriňiz bar welin, urşuň düzgünini bozýa, oňa okam kär edenok, ýa şonyňyzy çykaryň uruşdan, bolmasa-da biz çykýas, biz bu düzgüne çydamyzok” diýipdirler. Ýusup begem gülüpdir-de, ýaňky meň diýşim ýaly: “Çyksaňyz çykyň, gitseňizem täterimiň teýine gidiň, kim sizi çagyryp getirdi. Goturow ýaly gerçeklerim entegem kändir, gözüňiz näme görýähäli” diýipdir. Öňünden habar ýok, hatyr ýok, bir gün asyl onuň özem geläýipdir, şu Goturow baradaky gürrüňler çynmyka, gözüm bilen bir göreýin diýip. Mahlasy dabaram ula gidipdir. Daşymdan görene bir üýtgeşik zat ýaly bolup görünýändir-dä, bolup ýörşüm. Özümiz-ä dogrusy üýtgeşik zat edýändirisem öýdemzok. Dogry o bir jeň meýdany, gan görýäň, kelläň gyzýa, näme edip, näme goýýanyňy dogrusy özüňem bileňok. Ine, onsoň şol günem hemişeki endigim boýunça depä çyky-yp,öz maýdalyma nemis gyryp durdum welin biri egnime kakýan ýaly boldy. Barmagymy mäşeden aýyrman gaňryldym welin, görsem Ýusup beg. Şybygam elinde. Içem mapyrgadan doly. Çilim çeken bolup dur. Ýüzi-gözi welin açyk. Şähdem açyk. Arka tapynan   gurt-da! Kök-dä! “Ýusup jan aýryl, ok deger. Özüňem aşak düş-de, oglanlaryň ýanyna bar. Çaý iç. Goşhaltada gaty-guty nan bardyr, garban, menem ine şü, öňümdäkileri gutardygym barýan... “ diýdim. Ýöne gitmedi zaňňar. Durdy. Aý, näme, olam bir biz ýaly mert ýigit-dä! Mertden bolan-da! Syn edip durdy-durdy-da: “Haý çyn eken-ow! –diýdi. –Yzyndanam: “Gowy edýäň Gotur jan, gyr! Baryp sürenlerine girýänçäler gyr. Sürenlerine girensoňlaram ikijigimiz agzynda oturyp olara tüsse bereris” diýdi. Garas-aý, menden göwnüniň bitindigini bildirdi. Şo gije tä, daň atýança könäni ýatlaşyp oturdyk, Ertesi irden, hoşlaşjak wagtymyzam meni bir çete çekdi-de, goltuk jübüsinden partbilidini çykaryp elime tutdurdy. “Ýoldaş Goturow, şu uly döwletiň içinde sen meniň iň ynamdar  adamym. Bilip bolmaz, pelek işidir, birden-kä bir säw bilen özüm duşman eline düşäýsemem dagy şu bir düşmesin,uruş gutarýança özüňjik sakla” diýdi. Nätjek, söwet ýaly uly döwletiň ýolbaşçysy haraý isläp dursa ýok, diýjekmi? Bor, diýdim. Şeýdibem tä, uruş gutarýança, dört ýyllap ädigimiň gonjunda sakladym Ýusup begiň partbilidini. Uruş gutaran günem eltip berdim. “Ýusup jan, dünýäde amanat zat saklamak ýaly müşgül iş bolmaz ekeni, indi bir al, şunyňy menden” diýdim. Görgüli gujaklap aglady. Hamsygyp oturyşyna şybygyny temmäkiden dykalap doldurdy. Çekdi. Menem çekdim.  Ho-ol başdakylarymyz ýaly gezekleşip çekdik. Gaýtjak wagtym Ýusup beg bir kagyza öýüniň salgysyny ýazdy-da: “Heran-haçan Meskewa düşseň hökman öýe sowulgyn. Gelmän geçseň ymgyr gaty görerin, gaýdyp ýüzüňe seretmen” diýdi.      Bäş-alty ýyl geçensoň “tanymal çopan” diýip Meskewa sergä iberdiler, on-a baryňyzam bilýäňiz, yşgolda suratymam asylgy dur-a, Meskewa gidip gelen, diýip. Kemerimem bardyr bilimde, çignim-ä ine, görüp dursuňyz. Ana, şonda bir bardym öýüne, salgysy boýunça yzarlap. Ýöne özi öýde ýok ekeni. Aýaly görgüli welin, “Goturow gelipdir” diýip, daşymda petek-peýman. Nirede oturtjagyny bilenok. Goňşy-golamlaryny çagyryp, goýun soýduryp edibilen hezzetini etdi. Türkmenler şuny gowy görýändir diýip, çaýy dagy taňkada demläp berýä. Asyl,soň görüp otursam, ir-u-giç men ýokkam Goturow geläýse gowuja hezzetle, diýip, Ýusup begiň özi sargap giden ekeni maşgalasyna. Menem horjunymdan igdemi,günebakaryň çigdimi, kakmy, sökmi çykaryp penje-penje paýlap otyryn, gelene – gidene. Şo töweregiň çagalary kemput iýmediler men gaýtýançam, meň getiren zatlarymdan iýdiler. “Çöpünem ýuwpjyk goýberiň, gowy bor, içiňizde gyl-syl bolsa daşyna dolap çykarar çykanda. Özümiziňkilerem şeýdýäler” diýýän welin, neressejikler igdäni “galt-gult” etdirişip çöpi-söpi bilen ýuwdupjyk goýberýäler. Ady ýadyma düşenok welin, öz-ä uruşdan soň bolan bolmaly, Ýusup begiň ýaňy bir aýak bitenje oguljygy bar ekeni. Ana, şo dagy tä, gaýtýançam gapdalymdan aýrylmady. Boýnuma münüp, düşüp dyzyma çykyp, asyl ýöne diýýän-ä, içimden-bagrymdan geçip barýa. Iki agzynyň birinde-de: “Däde Gotur, däde Gotur” diýup, eljagazlary bilen sakgalymy sypalyýa, murtymy işýä. Köçeden biri geçip barýanam bolsa ylgap yzyndan ýetýä-de: “Gotur dädem geldi” diýip, buşlaýa. Söýünjisini alýa-da ýene meň ýanyma gelýä. Zol-zolam: “Hany Myrat jany getirmediňmi?” diýip, kiçi oguljygymy soraýa. Haçan getirjek? Indi gelseň hökman getirgin...” diýip, sargyýa. Myrat jany nireden tanap ýör ol Hudaý bilsin. Ýusup beg bilen alyşýan hatlarymyzdan dagy adyny eşidendir-dä.Tilpunda gepleşen gezeklerimiz eşiden bolmaklaram ahmal. Ana, şo barşym, oglanlar meň oňka. Soňam näme, Amantäç daýzaňyz pahyr ýogalanda bir eşidip geler öýtdüm, tama etdim, gelmedi, ýöne hiç, gaty göremok. Hä diýmänem özi ýogaldy. Soňam-a näme, özüňiz görýäňiz, nätdiler o bendäni, adyny tutar ýaly etmediler-ä. Şoň bilen gatnaşykda bolandygymy bilseler günübirin ýygnajaklaryny bilip durun-a men o wagt...

■ Gitler Goturowdan dat edýär

— Iniler, geçen urşuň gaty zabun boldy – diýip, Gotur aga ýene bir oturşykda gürrüňini dowam etdirer. Ýöne şonda-da baş alnyp çykylandyr. At-owazamyň külli nemise ýaýranyn-a öň aýtdym. Şö dämi? Ine, onsoň bir gün Gimmler diýlen bir eşşek ataly Gitleriň ýanyna barýa-da: “Agam, sewediň Ysdalynyndan-a dynmadyk welin, şü, Gotur belasyndan bir dynjak bolaly. Eşidişime görä, olaryň ikisem Sibiriň garyny ýalanlardanmyşyn. Janlary birdir, birini alsak beýlekisiniň öz-özem gaýdar sermagallakdan” diýipdir. Ýöne Gitler oňa görä tap bilenräk ekeni. Ol aýdýa: “Bu ýerde hile gerek, Gimlerim, o hiläňem bir ýoljagazy bar. Başga ýol bilen ol barybir bize aldyrmaz” diýýär. Gimlerem: “Ýoluňda başym gurban bolsun, Gitlerim aýt ýoluny” diýýär. “Aýtsam –diýýä –Goturow diýilýän gerçekleriniň asly musurmanmyşyn, musurman diýeniňem öz dinine giren,dilinde gepläp gaýry adama gyýmazak, dözmezek bolýamyşyn, şoň üçinem biz goşunymyz bilen onuň dinine girmeli. Musurman bolmaly. Dilini öwrenmeli. Şeýdibem sallatlarymyzy gyrgynçylykdan halas etmeli. Ýaraşyk baglanşan bolubam bir gün öýe çagyraga-da güpbassy etmeli, wessalam, iş tamam!. Şondan soň eseseri özüňki hasap edäý” diýýä. Gimlerem muňa begenýä. “Dogry aýtdy-da dogry aýtdy” bolşup beýleki generallaram hamala eýýäm meni tutan ýaly el çarpyşyp bolubilenlerini bolýalar. Ine, onsoň şondan soň bularyň bary musurman bolýalar. Kelemäni öwürmäni, tebärek okamany, ölen-ýitene gurhan çykmany öwrenýäler.Berliniň ortarasynda gök gümmezli metjit saldyryp, bäş wagtyna namaz okap başlaýalar. Asyl bir meýdan döwlet işi bilen serleri bolmandyr. “Her bir sallat bir-ä namaz okamaly, birem türkmençäni öwrenmeli” diýip ähli goşuna buýruk ýaýradypdyrlar! Ýaýradypdyrlar däl, ýaýratdylar. Biz günübirin bilip otyrys o zatlary oturan ýerimizde. Sebäbi biziňem jansyzlarymyz gezip ýörler-ä olaryň aralarynda. Ýöne biziňkilere olaňky ýaly içpeýan diýlenokda, razwetjik diýilýä. Ana, onsoň olar ýetirip dur, bizem eşdip otyrys, Gitler barýamyşyn synyny süýräp Gimleriň ýanyna: “Ýör, inim, metjide gideli, öýle namazymyz ötüp barýar” diýip. Gimler barýamyşyn sellesini tegeläp Gitleriň ýanyna: “Ýör, agam, pylan general ýogalypdyr, özüň  ymamlyk edäýmeseň jynaza durýan ýok” diýip. Remezan aýy oraza tutupdyrlar. Asyl aýaklary mesili, eginleri agar çäkmenli, hekgerişip ýörmüşinler reýhstagyň içinde. Tyňkyja-tyňkyja afisankalaram daň bilen selärlik daşyýa diýýä bulara. Öň zyna iş edişip ýörensoňlar şojagazlaryň syrtjagazlaryna elleri uzaýjak-uzaýjak bolýa welin diýýä, birden, musurmandyklary ýatlaryna düşüp kündüklerini süýreşip turuberýäler diýýä, täret kylynýan jaýa tarap. Täretsiz dagy ho ýere gymyldamandyrlar. Bir gün Gitler uly ýygnakdanam galypdyr, “täretim ýok” diýip. Garaz, meň ynamyma girmek üçin etmedik zatlary ýok şolaryň. Ýöne, näme,menem bir bihal adam däl, Käbil ýaly üşükli, Allanyň nazar salan adamsynyň agtygy, o-ojagaz oýunlarynyň ýalandygyny içpeýanlarymyz, wiý, razwetjiklerimiz gelip aýtmaýanlarynda-da bilip otyryn. Özlerem her gün prontdan swodka alýalar diýýä, nädýä, Goturow köşeşýämi, oglanlaryň gyrylmasy azalýamy diýip. Men olara bir gezek hatam ýazdym. “Eý, salpyaýaklar! Arrygyňyzy gynabam oturmaň. Sizden musurman bolmaz. Selle, mesi her bir päli azana ýaraşýanam däldir. Onsoňam gep dinde däl. Bu ýerde maksat  - azgyny ýok etmekde. Honha Ýusup beg bilen diniňiz biremd-ä! Ýa-da Ýusup beg ikimiziň dinimiz aýram-da! Näme tapawudy bar? Bizi maksat birikdirýä. Ojagaz oýnuňyz bilen çagany aldaň! ...” diýdim. Ana, şondan soň bolmajagyny bilýäler-de sellelerinem, mesilerinem başlaryndan aýlap urýalar. Ýöne endik boýunça soň-soňlaram, telim gezek dagy Gitler bilen Gimler ikisi, “öýle namaz wagtymyz boldy” diýşip, ýygnakda gepläp duran ýerlerinden düşüp, ylgaşlaşyp gidipdirler. Durup-durubam maňa gyjynypdyrlar. Gitler görgüli dagy tä ölýänçä: “Hä şü Goturow diýip bir bela döräýdi, ýogsam Ysdalynyň bir özüne-hä hezil bermiýädim welin... “ diýip, menden ýaňa dat ede-ede geçipdir-ä!...

■ “Goturowy görseň gaçmaly...”

— Bi, nemis diýeniňde akyl bolmaz ekeni, –diýer-de, Gotur aga ara salym salman gürrüňini dowam etdirer – Gör-ä, şondan soňam: “Goturowyň kellesini getirene ýa tutana pylança manat berjek” diýäýmeli welin, ýok, beýdenoklar-da gaýtam meň suratymy köpeldäge-de her salladynyň eline birini tutdurýalar. Aşagyna-da: “Ine, şu  –Goturow. Şuny gören ýeriňde gaçmaly. Ýogsam arassa nemisiň tohumy tükenjek” diýip ýazýalar. Muny men biljegem däl welin, bir gün gamyşly ýabyň gyrasy bilen sykylyklap gelýäkäm beýleräkdäki güzerden “pažžyl-pužžul” eşidäýdim. Beh, mal-hal dagy bamyka, biziň oglanlara bu ýerden uzakda bolmaly diýip golaýrak bardym. Görsem ine, özüňiz ýaly iki sany nemis oglany dünýe-älemi unudyp, suwa düşüp ýörler. Maňa welin üns berenoklar. Aýaklarymy abşardaga-da: “Hä-eý!” diýdim welin biri “ýalt” bärisine bakdy. Maňa gözi düşendenem gözleri ulaldy, dilem tutuldy. Agzy açylyp ýumulýa,ýöne ses çykanok. Bir eli bilenem ýoldaşynyň çignine kakýa. “Seret” diýjek bolýa-da, diýibilenok. Ahyram maňa tarap barmagyny çommaltdy-da: “Kola, wreňk!..’ diýip, gygyryp goýberdi. Beýlekije nemis-ä asyl maňa gözi düşenden wägiriberdi uly ili bilen. Şondan soň olaryň ikisem bir towsanda gyra çykdylar-da, eşiklerinem goltuklaryna gysyp,ýabyň aňry ýüzi bilen eňdiler-ow! .. Menem ýapdan bökäge-de, düşdüm söbüklerine. Ýetişim ýalam gylyjymy syraga-da: “Kim wreňk? Hä? Kime diýidiňiz şony? Kimiň wreňkdigini görkezäeýinmi häli?..” diýip, depelerinde galgadyberdim welin, ikisem sakga duraga-da ellerini göterip: “Dat degmäweri, ýoldaş Goturow, çagajyklar ýaşdyr” diýşip aman dileşiberdiler. Menem näme, “amandyr diýene diýanat ýagşy” diýenlerini etdim-de, saldym gylyjymy gynyna. Öz dilimde geplänsoňlar özümem öňküme görä az-kem gowşadym-da: “Ahow, ini batyrlar, özüňiz-ä nemis çagasy ýaly welin, bi türkmençäni nireden öwrenip ýörsüňiz?” diýip soradym. Olaram digdenekleşip duruşlaryna jübülerinden ýüzüne meň suratym çekilen bir bölejik kagyzy çykaryp görkezdiler. Aşagynda-da ýaňky diýen ýazgym. “Goturowy görseň gaçmaly”. Meň köp-köp rehimdar adamdygymy duýansoňlar-a görgüliler: “Türkmençänem näme, agam, Gitler bilen Gimleriň musurman bolan döwürleri öwrenip goýanja zadymyz, hudaýa şükür, zyýan-a degmedi” diýşip dylym-dylym edişdiler. Özlerem gorkularyna şeýle bir sandyraýalar welin, ujytlary iki butlaryna degip, bedräň içine düşen janly balyk ýaly şapyr-r-r-şapyr edýä. Seretsem sünetem etdiräýen ýaly.“Hany, eşigiňizi bir geýiň” diýdim. Geýindiler. Soň seredip otursam o-ol, “wreňk” diýenleri sögünjem däl ekeni-de, kemendirleriniň: “Goturowy görseň gaçmaly” diýen, buýrugyny berjaý edip ýörüşleri ekeni. Saldat-da! Buýrugy berjaý edäýmeli-dä! “Iniler, indi sögünseňizem türkmençe sögüniň, ýogsam düşünmezlik bilen bir iş edilerem-de onsoň eneňiz aglap kowum-hyşyňyz ýas tutmaly bolar” diýdim. Goýberdim özümem ikisinem. Ordalaryna baransoňlar welin, telim ýerde gürrüňimi edipdirler, “Goturow iňňän geçirimli adam ekeni” diýşip. Howwa-da, ýagşylyk etseň ýerde ýatmyýa-da!.. Onsoňam biziňki bir siziň o-ol, Müýnühöwzeniňiziňki ýaly ýalan-ýaşryk gürrüňler däl, bolan zatlar... – Goturow şondan soň gerinjirär-de, daş-töweregine öňkülerine görä susluk bilen göz aýlar. Agzyny hatap ýaly açyp pallap oturşyna: - Adamlar, gije-de bir çene baraýdymy?.. – diýer.
    Bu onuň: “Ýadadym. Bu gezeklikçe bes edeliň” diýdigidir.

■ Goturow gürrüňini soňlaýar

Ol:
— Sag bolmaşak haw, adamlar onda!.. –diýer-de, penjelerini ýere diräp ýerinden galar. Indi telim ýyldyr gönelmeýän ýagyrnysyny edil şu wagt göneldäýjek bolýan ýaly arkan-arkan gaýkyjaklar. “Eý-waý-eý..” diýip gapa tarap ýegdekläp ugrar. Onuň bilen bile ören pyýadalar şol aralykda-da oňa telim sorag bermäge ýetişerler.
— Ýoldaş Goturow, hany bi, Mommat aga dagy: “Uruşda görüp nemis atylan däldir” diýýäler welin, seň gürrüň berşiňe görä-hä olaňky ýalan ýaly...
— Ýa, he-eý, jan inim! Mommat pohuny iýipdir şeý diýýän bolsa! Pront görüpmi ol, görüp atar ýaly? Raboçy batalýondan başga gören zady ýog-a oň? Haý senem-ä!.. Aýtdym-a men ýaňy, ýüregiň bolsa depä çykyp gyryp durmaly diýip. Şondan soňam şular ýaly soraglar berýäňiz welin... Haý, sizem-ä! Barsyny biderek etdiňiz-ow! Her öldüren nemisiň hasaba alnyp dur-a, o ýerde! Staba derisi eltilip tabşyrylýar-a oň...Sany palançadan geçmese ordin bilen mydal berilmeýäler-ä saňa...
— Gotur däde, onda-ha geçen uruşda senden kän medal alan ýokdur?
— Beh, elbetde...
— Onda nä dakaňok olary? Ýa göçhä-göçlükde dagy ýok bolup gitdimi?
— Päheý! Göç-hä-göçlük nire! Şo wagtlar ýok bolup gitdi! Ine, özüň pikir et. Hudaý gün berse-hä çozha-çozluk. Şeýlemi? Il çozanda senem-ä ýatmarsyň, garnyňy gaşap. Ine, onsoň eňip barýansyň welin, her alaňdan geçeňde o ýylgyna ilişip biri galýa, bu ýylgyna ilişip ikisi galýa, şeýdip galyp-gaçyp, ýok bolup gidip otyr. Gyzyl ýalaňaç bolup aňyrsyna çykýaň. Kim onsoň yzyna gaýdyp çöpläp ýör ony? Galandyr barsy gumuň aşagynda, oglan-uşak almadyk bolsa...
— Gotur däde, näme o ýerlerde-de ýylgyn bamy?
— Howwa ba!.. –diýip, Goturow şol soragy bereniň ýüzüne ynjyly garar.  –Ýa ynanmajak bolýaňmy? Olar ýaly bolsa git-de göräý, özem gözüne söweýin gurap duran şeýle bir gara gagşallar... Baý-ba-a...Eý-ho-o...
Ýene biri ur-tut gürrüňi başga ýana sowar.
— Gotur kaka, hiý, uruşda bile bolan egindeşleriňden soň gabat geleni bolmadymy. Stalinden başga. Ýolda-yzda?..
— Boldy! Şo-ol, Meskewe gidip gelen gezegimiň yz ýanlary ho-ol, gaýraky, “tegelek depäň” ýanynda ýandak ýatyryp ýörün welin, bir bertalýot “pyr-pyr-pyr, pyr-pyr-pyr, pyr-pyr-pyr-pyr” edip geldi-de, dik depämde saklandy. Ünsem beremok welin biri: “Goturow, Goturow” diýip gygyrýan ýaly. Äňetsem şo-ol, prontda bile bolan oglanlarymyzyň biri. Wasil diýýädiler adyna-da, bir ýüpek ýaly ýumşak oglandy. Gözüm düşenden kätmenimi beýläk taşlaga-da, gujagymy asmana gerip: “Wasi-i-i-il!..” diýip bir gygyrdym welin, görgüliň göresi gelip giden ekeni, zyňdy özüni şondan bäri. Garbap aldym. Emaý bilen ýerde goýaga-da,basdym bagryma. Ýüzünden, gözünden ogşadym, Ýusup begiň edişi ýaly. Gürjiler ogşaşagrak bolýa-da. Ona çenli wertolýotyny ýere düşürdi-de, şopuram gelip salamlaşdy. Çaý berdim ikisine-de. “Öýe gideliň, oglanlar çebiş soýaýyn” diýsem etmediler. Wasil elimi gysyp: “Aý biz gyssagly, ýoldaş Goturow, Meskewe barýas, gelşimizem Hindistandan. Birden gözüm düşdi-de tanap sowulaýdym. Sen ýöne çeşmä gidýän ýoly salgy berde bizi ugrat, sebäbi motorymyz gyzýa, sowujak suw guýmasak ýolda heläk borus” diýensoň kän bir saklajak bolup dyzabam durmadym. “Dostuňy egleme nepden galmasyn” diýipdirler, Wasil jan, olar ýaly bolsa alla ýaryň, bir nesip kyldy, görüşdik, indem kim bilýä, haçan görüşiljekdigini, gel, pugtaja hoşlaşaly, Ýusup beg bilenem hoşlaşybilmedik, armanly bolduk” diýdim. Ine, onsoň şeýdip ýaňadandan gujaklaşdyk. Hoşlaşdyk. Şol birwagtky Ýusup begiň aglaýşy ýaly, o-da aglady görgüli. Bir seretsem ylýotjygam aglap dur, kellä geýilýänini ýüzüne tutup. Ana, onsoň çeşmä gidýän ýoly salgy berip goýberdim welin, çaý içer salymdan soň ýene geläýdiler “pyr-pyr” edip. Ýa başgamykan- aýt, diýip seretsem şolar. Wasil jan şo ýerden boýnuny aşak uzadypdyr-da: “Goturo-ow, tapmadyk” diýip gygyrýa. “Nämäni tapmadyňyz Wasil jan?” diýsem, elini agzyna tutup: “Çeşmäni-i-i...” diýýä. Heniz gözüniň ýaşam kepmändir görgüliniň. Aý özi bir ýüpek ýaly ýumşak oglandy-da...
— Nätdiň onsoň Gotur kaka, çeşmäni tapyp berdiňmi olara?
— Howwa-la! Eşejigime münäge-de, öňlerine düşüp görkezdim gaýdyberdim. Nädipdirin?
— Oňarypsyň Gotur kaka...
— Maladis, ýoldaş Goturow...
— Maladis bolman how, bi adamlar Käbiliň agtygy, Kiş mamanyň çowlugy. O-ol, siziň Müýnihöwzeniňiz ýaly züwwetdin däl. Birem ýalan söz bolmaz bu adamlarda. Asyl, ýigrendigim ýalan söz bilen ýalançy...  – diýer-de, gapynyň agzyndaky münder bolup duran köwüşleriň arasyndan öz eli bilenjik gönden tikinen çukur köwşüni tapyp alar we aýagyna gowallaň sokar. Gyş bolsun, ýaz bolsun, ýagty bolsun, garaňky bolsun, tapawudy ýok, daş çykyşy ýaly elindäki taýagy bilen ýeri dürtgülär. Arassa howa çykanyndanmy, nämemi, durup-durp üsgürer. Uzyn-uzyn ardynjyrar. Ýagyrnysynny tüňňerdip ak säheriň gujagyna siňip barşyna, öýli-öýüne dagaşyp barýan ukusyz pyýadalaryň hiç birine-de degişli bolmadyk äheňde: 
— Dogru-da, walla! Emir kary diýdiler, Mommat ker diýdiler, Müýnhöwzen diýdiler, birtopar bolgusyzlaryň adyny orta sokdular oturyberdiler. Asyl, çyn bilen ýalanyň aratapawudyny bilenoklar-a bylar. Kitaba bir zat çyksa şo dogrumyka diýýäler. A kitaba çykybilmeýänler näme geplemeli dämi? I-i... – diýip, özünden-özi hüňürdär.
Toý, üýşmeleň ýok wagtlary bolsa ol öz täsin gürrüňlerini agtyjyklarynyň arasynda dowam etdirer. Oglan wagtlary bir irkilip oturan garry bürgüdiň aýagyndan ýapyşyp, tä, daýylarynyň obasyna çenli gidenini, ýöne, gaýdyşyn ulagsyz gaty kösenendigini gara dere batyp gürrüň berer. Basymrak ýene-de obada toýuň bolaryna, ýaş-ýeleňleriň ýene-de bir jaýa üýşüp öz daşyna geçerlerine, gürrüňçilige gižželärlerine sabyrsyzlyk bilen garaşar...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 655 | Добавил: Нawеran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ependi  
284
Terminator bilen Gotur kakany aýry göremok, ikisine-de ok täsir edenok. Terminatorlar bizde hem kän eken...)

0
2 Ependi  
284
Käte, nerwime çydamasam şu hekaýany okaýan, ynjalýan. Gülmejek bolsamda güldürýär. Juma aga muny tüýs kino ýaly edipdir.

Beýle diýmegim, muny reklama etmek niýetim ýok, diňeje, käte arhiwlerede aýlanyp duruň, diýjegim. Güýçl ýazgylar ýatyr bärde. Taryham ýatlalyň...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]