14:43 Ýüregim gysdy | |
ÝÜREGIM GYSDY
Düýn agşam şeýlebir ýüregim gysdy, Tapmady özüne ýekeje höwür, Gam-gussa itekläp, egnimden basdy, Göterjek bolsam-da ol juda agyr. Oturdym şem ýakyp, duýgulam bilen, Keç ykbalma sorag bilen ýüzlendim, Geçmişime garap, yzymda galan, Esli wagt şol geçmişde eglendim. Ýykylyp göwnümiñ "Şatlyk" daragty, Arzuwlarmyñ bary pytrady her ýan, Indi ädimlermem bolup garañky, Ýene gam kölüme sessizje barýan. Ynsanlara gol uzatdym, büdrände, Emma meniñ göwnüm çaña garyldy, Tozanyny kakyp saldym ýerine, Ah şonda-da göz ýaş bolup ýaryldy. Düýn agşam şeýlebir ýüregim gysdy, Düşünjek ynsany tapmadym gözläp, Syrly dünýäm kakylmansoñ gapysy, Ýene bukup goýdum, içimde gizläp. Ogulhally MUHAMMEDOWA. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||