23:41 Ýyldan ogrynça | |
"Ýyldan ogrynça”
Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa, Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça. Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa Bilbile duýdurman, gülden ogrynça. Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy, Kümüş şöhlesini her ýana salddy, Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy, Sypadym zülpüni ýelden ogrynça. Çal bulutlar pytrap, syryldy perde, Bahar ýeli oýun gurdy bir ýerde, Menem gül içinde – çolaja ýerde, Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça. Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi, Bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi, …Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi, Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça. Halyl KULYÝEW | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |