06:54 "Ýok, adamlar bozulanok..." | |
"ÝOK, ADAMLAR BOZULANOK..."
Goşgular
"Adamlar bozuldy diýýänleriň özleri bozulandyr". (Ýagşyzadalaryň sözlerinden) Ýok adamlar bozulanok, Hüý-häsýeti öňki ýaly, Gep-sözleri, Boluşlary Aglaýyşy gülüşleri Şol öňküsi ýaly entek. Bir-biregem aldanoklar, Dogan-dogandan bizar däl. Ýa ýalandan aglanoklar, Ýa pul üçin bir-biregi Söýenoklar, sylanoklar. Gybat gürrüňleri tapyp, Bir-biregi gynanoklar. Goňşy-goňşyň için ýakyp. Oba-ilden göçürenok. Gelinler öz ýarlaryna Gep baryny içirenok, Agasyndan atasyndan Enesinden geçirenok. Ogurlyk, eli egrilik, Ýokdur, diňe hemme halal. Ýokdur bir-birne bergili, Getirýän ýok göwne melal. Munda ýetim-ýesirem ýok, Gallaç, garyp-gasaram ýok. Ýokdur, süýthor, humarbazlar, Dert çekýän ýok, keselem ýok. Ýok adamlar bozulanok, Gyz-gelinem bozuk däldir. Eger bozuk diýýän bolsa Şonuň özi bozuk päldir. ...Ynha, gowy boljak bolup, Setir baryny sepledim. Ähli zada gowy diýdim, Parhy nä ýazdym, gepledim. Meniň sözlerime görä, Hemmäň gowy, hemme tämiz. Onda näme maňa poha Sereden deý seredýäňiz. 12.09. 2021 ý. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |