11:05 22.02.2022 / hekaýa | |
22.02.2022
Hekaýalar
Ýigrimi iki. Nol iki. Ýigrimi ýigrimi iki. Bir senede alty ikilik. Özem, eýläk okasaň-da şobir san, beýläk okasaň-da. Orsyçalasaň-a: “zerkalnyý” bolýa, dilçileseňem: “palindrom”. Hepdäňem ikinji güni. Ýönelig-ä dä bolmaly bi zatlar! “Götüniň çöpi bolmasa, guýruk munda neýlesin?” diýilmeýämi?! Şo bolýan bolsa gerek büýem! Düýn gijara şu pikir kellesine gelensoň, ol çaýdan-ukudan ellibizar geçdi. Tä daňyň düýbi çyzylýança-da, aşhanada çiňarkan serlip, net sermedi. Nämüçrib aşhanada?! Sebäbi özünd-ä waý-faý ýok. Puluny tygşyt kylýa. Çünki: “uşbu dünýäde islendik ekonomika ekonomnyý bolsa lazym” diýip, kim aýdypdyr-a?! Megerem, dilerleň biridir. Ýa-da başga bir şoňa meňzeşleň... Sewäp diýseň, hemmeje zady çepbesine çöwürýänçi konspirolog-welilerden aýanlyk inmiş: Pul-sul bilen bagly hemme akylly-köpbilmişlikler şolaň zybanyndan dogulmyş. Olardan öň günähi agdyk Zeminde abyrsyz beýtulmaly (hazynany) ýeňilden edinen tütjaram bolmanmyş, teňňe-peňňe hakda paýhasyl dürri-merjen saçanam. ***** Dogrusy, bü brulýant jümläni kimiň aýdandygy beýlebir wäjibem dä. Ýöne, şo güftarlanan, dahan daşra saçylmyş zatda gyzyk ýeri, o aýdylannyň, hut minaraň ýeňseçukuryndan wurýan rastlygy. Şo sebäpli olam, hojalygynyň harjyny tygşytly tutmakdan ötri, aýaly-çagalary: “çekinä-ä-li, bizem, il deňinne-e-e-e...” diýip herniçe käkelese-de, şo “waý-faý” diýilýän eýgörmüşi, özi dirikär-ä, eger-walla, kes-kelläm çekdirmeýä. Ölenden soň bolsa, kellä geýäýsinler. Ondan soň dünýäni sil alsa, topugyndan. Oňa nä?! Eýdip-beýdip paroly paýhynlanan (ýa-da çilnen) goňşulaňky bolsa, şü tünegiň diňe kuhnysynda tutýa. Şoň üçribem, o ine şü, öten gijedäki deý wajyby gyssanda, islese-islemese, öýüniň şu taýsynda çäşerip ýatmaga mejbur. Ýöne, “yhlasa-myrat” diýleni. Ol – ilki bilen-ä iki müň ýylda bir gezek emele gelýän palindromlygy üçin, galyberse-de bir özünde üç jüp jübütligiň jemlenýändigi üçin – enaýy-täsin sene hakdaky galagop pikir, beýnisinde dömüp, içini byjyk-byjykdan doldurandygy zerarly, gijesini şöwür çekip geçirmeli bolanam bolsa, hemişekisi ýaly öz-özüne gaharlanmady. Sebäbi, birinjiden-ä, dünýäň takyk ylymlarynyň naýbaşylarynyň hataryna girýän :-) numerologiýa ylmynyň nukdaýnazaryndan, ikilik sanyň häsiýetlendirmesini ilik-düwme öwrendi. Ikinjidenem, ertirki günüň, tois (то есть, ýagny), indi şu günüň, ýagny iki müň ýigrimi ikinji ýylyň ikinji aýynyň ýigrimi ikinji gününiň – özem, hepdäň sişenbesiniň – hut şahsy öz günüdigini bildi. Çünki bu ajap günüň, ýyldyz müçenamasyna laýyklykda Mizan ýyldyzynyň penakärligindedigi sebäpli, şol ýyldyzyň astynda doglanlaňky şu gün hökman çyzaýmaly! O bolsa eýleki-beýlekiler ýaly, Mizanyň çalak-çulak gyrak-bujagynda-da däl, hut göbeginde dünýä inen. Onnoň, nä, şeýle bolman nirä gitsin-aýt?! Goşa on asyrdan bir gezejik gelýän, ýeke-täk gün bolar-da, onsoň, hut şo elpe-şelpe günem Hudaýyň şu güne çenli beýlebir üýtgeşik nazar salman gelýän o bendesiniň hemme eden zady şowuna bolman galarmy diýsene?! Mydam özgeleňki çüwüp ýörmän, iň bolmanda, ýigrimi sany ýüzýyllykdan bir saparjyk bolsa-da, muň ýaly düýäň üstünde geçi süsen, şormaňlaý pahyryňam aşygynyň alçy gopýan ýeri bolmaly bolar-a-how! Hökman, hemmeje elpe-şelpeligi o dünýä goýman, bu dünýäde-de, pukara bolaňda-da, halys gatumyt ölmeli diýlen zat ýokdur-a-how?! Ýaňky, gije çirim etmän dörüşdiren saýtlarynda-ha, sanýorum ylmynda ikilik sany hytaýlaň örän bagtly san hasaplaýandygy ýazylypdyr. Özem, eger-de ol beýleki bagtly sanlar bolan ýedilik, sekizlik, dokuzlygyň ýa-da öz-özüniň dagy öňünden gelýän bolaýsa-ha, onda şol sanlaň getirýän şowlulygynyň iki esse artýandygyna, gaty kän zady çaýnada meýt edip bilýän millet güpbe ynanýamyş. “Çynma-çynly” diýilýän jemendelerem, köpbilmiş, gadym halkyýet! Bir zada ynanýan bolsalar, howaýy ýerden, keýpine ynanmazlar. Hökman, näme gaýryp-goparsalar-da, edýän zatlarynyň änigine-şänigine magat göz ýetirip edýändirler. Bu günki senede bolsa, şo maňlaýşowlamasyny ekiz esse artdyrýan ikiligiň alty sanysy ba. Sişemmänem goşsaň ýedi sanysy. Bu gün kamar hasabynyň ýigrimi-de ikilenji günüdigini nazara alsaň bolsa – onda, sekizisem, hatda dokuzysam. Baý-bu-u-w! ***** Diýmek onda, bu gün, näçe bagtyň bolsa, şo-da, ol-a jübüt ekeni, azyndan-a onki esse, köpündenem on sekiz esse dagy artmaly-da... Has takygy, ilk-ä mysal üçin, bu günki bagtyň jemi mukdary iki müň manat bolsa, ony bir gezek öz-özüne ekiz esse artdyrsaň, dört million bolýa. Şo sany soň ýene-de bir nobat öz-özüne jüp esseleseň 16 trillion bolýa. Onsoň şo on alty sany trilýonyň on alty trilýon sanysam bolýa... “Dur, dur, bir mint! Tilfonyň kalkulýatyryndan medet diläýmeseň, hezil berjekgäden bolýan ýaly, bu jygba-jyg hasaplamalar!” diýip ol, ukusyzlykdan ýaňa ganguýma gyzaran gözlerini, telefonyň solak gögümtil ekranyna dikip ýatyşyna, onuň ýüzünden barmagyny ýöretdi. Kalkulýatory açyp, hasaplamaga başlady. Iki ýüz elli alty. Yzynda-da ýigrimiden agdyk nollar tirkeş tutup dur... Baý-baý-o-o-w! Ýaňybir üçünji gezek şo bagtyňy öz-özüne essä götereňde, ine şunça möçber çykýa. Onsoň galan üç saparynam nemedip nemedäýseň dagy, gör nähili aýylganç san dörejek! Edil ýöne, hasaplap bolup gören badyňa ýatanja ýeriňden ýüregiň duraýmazmy, o sanyň eýmenç ymgyrlygyny meýniňe sygdyryp bilmän! Üç ýolajyk öz-özüne esseläňde şunça sanlardaky bagtyň mukdaryny hasaplap alyp, ýeňsä oklap taşlady. Onsoň alty nobat dagy şeýdäýseň, näder öýdýäň diýsene?! Asyl ýöne, hasaplap çykaran sanlaň hemmesi kalkulýatyryň-a däl, smartyňam ekranyna sygman, daşyna döküliberse ýa-da tel-iň olaň yzyny dowam etmäge ejap edip, nädeň ýöne, yzyny köp nokatdan dolduryp taşlaýsa!!!... Aý ýo! Bes edeýin. Ýogsa, begenjinden ýaňa ýürek goýmasa-da urmasyn, beýni zawisat edip, doňup galarmy nämemi! Hasam, öň-de biriniň: “Senem-aý, halypa! Arzuw edeňnewir meňkä şärik bolman, özüňe o ýapyny diýäýsene-how!” diýip myňňyldaýşy ýaly, “bolanna görä ymyklyja bolsun-la” diýen pikir bilen, şo sanlaň hemmesini dollarda ýa-da ýewroda diýip dagy göz öňüne getiräýseň... ***** ...Garaz, şu hasaplamalarydyr-oýlanmalary zerarly, ikilik sanyň öz ýüregine has jüňk bolaýjak ygtybarlydan-ygtybarly, syrlydan-syrly aňlatmalarydyr ýorgutlaryny agtaryp, webkerep içre pelesaň kaka-kaka, ol gijeki ukusyny köýdürip geçirdi. Diňe, daňa ýakyn özem aňşyrman şo ýerde uklap galdy. Emma, birki sagatlygam bolsa, garaz-haý gözüniň awusyny alandanmy nämemi, irden şähdaçyk oýandy. Işe barýarka-da keýpi kök. Göwnüne bolmasa, oňa bu gün agşamky okan maglumatlarynda ýazylyşy dek, diňe gowulyklar desbi-dähil garaşyp duran ýaly. “Beh, dogrudanam, buwun nähili-neneň şowlulyk oňa surpriz bolaýarýakar-aý, hä?!” diýip ol, alagaraňky awtobusda oturan ýerinden töweregine garanjaklady. Ýolboýam, misli birdenkä, daş-töwereginde oturan, dik duran ýolagçylaň arasyndan egni bir halta bagtdyr-rowaçlykly Aýazbaba zompuldap çykaýjak ýaly boldy durdy. -Hä-ä! Asyl senjagaz, gör nirede alnyňa peçat edilen bagtdyr-bereketden gaçyp gizlenip ýö:ň ekeniň-ä! Tut çaňňalyňy! Eňtereýin paýyňy!-diýäge-de özem, sende ýok mende, haltasyndakyny oň depesinden gumralaýyn guýuberjek ýaly... “Ýogsa-da, öz ýanymdan: “buwun meňki çüwýä” diýensiräp, monça bolup barýan welin, bü çüwende nädip çüwmelikä?” diýip, ol düşmeli duralgasynda düşüp barşyna, birdenkä iňkise gitdi: “Bütüki, latereýde utmak üçinem-ä, bi ilkiwir satyn alnan latereý petegiň bolmaly däm-aý, nä?! Ýa meňkini latereýden dä-de, başga bir zatdan ýetiräýjekmikä?!”. Aňynda oslagsyz dörän bu müňkür oýlanma, oň keýpini birneme gaçyrjak boldy. Ýöne, ädim urdugysaýy, bu mahal şadyýanalykdan ýaňa galkyjaklap duran beýnisi, öz-özünden göwnüne şap bir delili agtaryp tapdy-da, iňkisli bolgusyzlygy aňyndan sypba-sypyryp taşlady. “Niýeti bermekde bolsa, ýoly kändir Gudraty Güýçliniň! Eger-de islese, bulutsyz ýagmyr ýagdyryp, derýasyz suw akdyrmyýamy, gurbany boldugym! Onsoň peteksiz utuş dagy näme, Oň ýanynda?! Wiçjik dämi?!”. ***** ...Şu ruhubelent pikiri bilenem ol, öten agşamky ýagyşdan soň ýanýodanyň çukanagyna üýşen ýata suwuň deňesinden aýlanyp geçmekçi boldy. Şol pille-de aňyrdan tigriniň çarhyna aldyrany bar ýaly zor salyp gelýän degenek jahyl, badynam gowşatman ýata suwuň üstünden wazlap ötdi-de, onuň üsti-başyny şalpy-şaraň edip geçip gitdi. Oslagsyzlykdan ýaňa aňk-taňk bolan ol bolsa, reýgan eginbaşyndan hapa suwy joralanyp akdyryp durşuna, bir pursatlyk ses-selemsiz sömelip galdy. Demsalymdanam gany depesine urdy: -Häý seň ataňa nälet bolsun, gurrumsagyň biri gurrumsak!-diýip, eýýäm hol garagörnümden zut myçyp barýan tigirçiniň yzyndan gargynjyrap goýberdi. Soňam käbiri nebsagyryjy, käsi içi güjükli assyryn bakyşyp gapdalyndan ötýän ýolagçylaryň gözüniň alnynda göz-gülban söm-saýak bolup durman, çete çekildi. Içine iş kagyzlarydyr günortanlygy ýaly odur-budury salnan portfelinden çygly, bir gezeklik desmallaň ykjamja gabyny çykardy. Ondan birki sanysyny sogrup alyp, bolşuna görä üsti-başyny arassalap ugrady... ***** Kirmaşynda gaýym ýuwa salaýmasaň, nä, muň ýaly çalak-çulak syryp-süpüreniň bilen palçykly suwyzynyň alabederligi aýrylarmy diýsene?... ...Ol, içinden sögünjiremesini bes etmän, ýarym öl eginbaşynyň çalymtyk-goňur tegmillerine müýnürgäp, şeýdýäninem bildirmejek bolup, ýene-de ýoluna rowana boldy... ...Hepdäniň şol bir günlerinde, şol birwagtda başlanýan işe gatnamagyňam bir jähti bar – ençeme ýyllaň dowamynda biri-birine meňzeş gelip, meňzeş ötýän günler, her gün işe gyrat-takyk gelmäge endik etdirýär. Işiň irden sekiz nol-nolda başlanýarmy? Telefonyň oýandyrgyjy alty nol-nola gurulgy. Turmak, aýakýol, ýuwunç-ardynç, ertirlik, geýim çalyşdy... Ylaýyk ýedi boldumy?! Uly ýola garşy dähedem-dessem. On bäş minut. Onsoň duralga. Ýene-de on-on bäş minut. Eger-de awtobus sekiziň ýaryna bäş dakga (minut) galanda ýa-da ýarynda gelmese, artykmaç çykdajy – taksi. Ýöne, edenine şükür, etjegine-de, adatça awtobus janawer, fors-mažorsyz şo wagtda gelip, dadyňa ýetişýär. Onsoň oň gerşindäki ýola ýene-de on bäş minut. Artyk garaşanda ýedi kyrk bäş boldumy? Düşmeli duralgasyndan edarasyna çenli pyýadalabam ýene-de sekiz-on minut. Gönüden-göni sekize ýedi-bäş minut galanda-da, edaraň işiginden ätleýär... ...“di” adatça. Ine şu günki ýaly garaşylmadyk bolgusyzlyk gopmasa. Bu gün welin, ýaňky oňaýsyzlykdan soň üsti-başyna azak-tenegem bolsa serenjam berjek bolup, gijä galandygy göz-görtele. Sebäbi honha, gapyň agzynda, gadymy ýunanlaň rowaýatlaryndan sypba-sypyrylyp, dirileň dünýäsine özüni atan, dowzahyň derwezebany, üç kelleli läheň gara köpege çalym edýän edaraň işgärler bölüminiň zenan-müdiri, oňa tarap tiňkesini dikip, işdämenlik bilen ýalmanyp dur. Ol bolsa, orta ýaşa ýeteňkirlän müdir-hanymyň asmanreňk köýnek içre, ýukajyk matany “ýyrtaýyn-ýyrtaýyn” režimde dalmyldap duran, dolmuşdan-dykyz kaddy-kamatydyr, çalgy-boýag berekedi mazaly ýetirilen, lowurdyly keşbine gözi düşen dessine, dem salymda ysgyny giden aýaklaryny zordan gymyldadyp, bärligine mytdyldap gelýär. Çaklamak gerek däl. Ýöräp gelşinden mälim. Takdyryna ten beren. Ykbalyna kaýyl. Çigligine iýselerem. Dabanyndan soýsalaram. Söýensiräp sögselerem. Sögensiräp söýselerem... ...Boýunalyk. Ol, şo gelşini üýtgetmän, dünýäň ähli kazylarynyň ýazgaryjy nägileligini gözünde jemläp, özüne jiňkerilýän müdir-hanymyň deňesine ýetdi. Az-kem sägindi. -Men neme-le, Neme dogan...-diýip, özüni aklamaga dynnym ýaly umydy bolmasa-da, nämedir bir zatlar myňňyldamagyň hatyrasyna myňňyldap galdy. -Bor-la, muň ýaly zatlar kim bilen bolmyýa...Adamçylykdyr-da...-diýip, gözleri adalatly ýazgaryjylygyň duran ýeriňde doňduryp gelýän aýazyndan püre-pür müdir-hanym, kiçi dilden bärde şelaýynsyrady:-Geçiberiň, Neme jan! Ol: “Owf! Şu gezeg-ä sag-aman Hudaý sowd-o-ow!” diýen öwhüldili ýeňillik bilen oýlanyp, bosagadan ätlänem şoldy welin, müdir-hanymyň öňküsinden on esse mähirliden-mylakatly owazy onuň ýeňsesinden urdy: -Ýöne, Neme jan, günortana çenli düşündirişiňizi ýazyp, bölüme elteweriň. Adamçylykdyr. Birdenkä, başlykjan soraýsa, taýynjak durawersin-dä... “Wah, seňemmir...”... ***** Bela-beter bilen kömelegiň topragy bir ýerden alnan bolmaly. Sebäbi kömelek tapdygyň: “höwür, höwür” diýip sarnaşdyryp, agtarmaga başlasaň, köplenç onuň höwrünem tapýaň. Bela-beterdir howp-hatar bolsa, onuň höwrüni çagyrmasaňam, aglaba köp ýagdaýda ýanynyň hemşerisi bilen tirkeşip gelýän ýaly. Diýmek, ata-babalaň: “Bela gelse ýeke gelmezmiş” diýýänem şo ala-haraň şu pis gylygyna beletlikden gelip çykan bolmaga çemeli. Ýa-da ata-babalaryň öňüňden ýaramaz adam çyksa, şo gün işiň ugruna bolmaýandygy hakyndaky yrymy rast bolup çykdy. Bu-da, müdir-hanymyň irdenki mähirliden zäherli jümlesi beýnisine ýelmeşenden soň, edil onuň şahsy özüne niýetlenen betbagtlyk haltasynyň bogusy çözülene dönäýdi. Ilki bilen-ä, iş otagyna girip, kompýuterini açjak bolsa, ol işlemedi. Şuň ýaly ýagdaýda hemme çäýnek-ýuzerleň edäheti – hamana komp-janawer oňa rehimi inip, öz-özünden işläberjek ýaly, oň dem-düýtsüz garaört bolup ýatan monitoryna tiňkesini dikip durşuna, “start” düwmesini gaýta-gaýta basyp gördi. Jan ýok. Birnäçe sapar toguny aýryp-dakdy. Jan ýok. Göýä: “biraz dem bereýin, belki oňa çenli oýlanyşyp aklyna aýlanar” diýýän dek, birsellem kürsüsinde garaşyp oturdy-da, soň ýene-de ýaňky hereketlerini ençeme gezek gaýtalady. Jan ýok. Ahyry umytdan düşüp, edaraň tehniki bölümine jaň etdi. Ol ýerde-de ilk-ä ýoňsuz wagtlap hiç kim jaňy almady. Alanlaryndan soňam aňyrdaky gepleşýäni, ýaş ýigdiň oýaly-ukuly sesi bilen işiniň başyndan agdykdygyny, eger-de maý tapsa, sypynyp bilse, üstesine-de özün-ä ýer ýuwutmasa, ýeriň ýüzünde-de ahyrzaman gopmasa, günüň dowamynda baryp, onuň kompuny görüp-gaýtjakdygyny göwünli-göwünsiz habar berdi. Hoşlaşman zat etmänem, şarpa aragatnaşygy kesdi. Muňa-da girre gahary geldi. “Seň ejeňemmir...Şumat meň ýerime jaň edýän başlyk, orunbasarlaň biri, buhgalteriýa ýa-da ýaňky müdir-hanym bolan bolsa-ha, diliňi aýagyňdan öňe sallap, arzlaryny aýdyp gutarmankalar ylgap gelerdiň welin, sen doňuzjygam maňa işiň düşmänsoň, men pahyry ýukarak görüp, äsgermedik bolýansyň...Häý seňemmir, taýak Taňryly şagaljyk diýsäni...”. Ol şeýdip, tehniki bölümiň tekepbir işgärine içinden gargynjyrady-da, kürsüsinde arkan gaýyşdy. Gözlerini ýumdy. Ýeri, indi näme işlemeli? Öňdedäm-ä ellenmän ýatan ýedi ýarym sagad-a iş wagty, bir sagatlygam günortanky arakesme bar. Bi komp görgüli bilenem bagry badaşan. Şo bolmasa, işem doňýa, wagtam... Owf... ***** Şol “owhuldysam” onuň bu günki muşakgat bedresiniň düýbüni deşdi. “Owhuldysyndan” soň bäş minut geçip-geçmänkä, aýalyndan jaň geldi. Jaňy alyp-almanka-da aňyrdan eşidilen, şuň ýaly bir zat tapsa, mugtuna hem keýpine, gereginden üç ýüz otuz üç müň üç ýüz otuz üç bitin, müňden üç ýüz otuz üç esse artyk aljyramagy eý görýän aýalynyň şaňňy sesi gulagyny deşere getirdi: -Gyý-ýu-uw-uw!!! Eşýäňmi meni-i-ýu-u-w-w?! Bi seň ýykylmyş tünegiň meýdi guramyş ataplennisiniň iki dünýesem tütemiş katýoly deşşilli-ýu-u-w!!! Honha-u-uw-w!!! “Waşşyllap” gyzgyn suw “püfläp” ýatyr-u-uw!!! Bi hütdügiňem, çagalaňňam häzir elinjek gyrana düşüp, gaty bahymjak sowuk alýas-u-uw!!! Aýalynyň şermendeden gelen çirkin gykylygyna, onuň bada-bat gany depesin urdy. “Nämäňe ýyrtylýaň, akmak heleý! Zährämä ýardyň! Nämmolly şumat?! Kyýamat gopdumy?! Beýdip maňa uwlama-da, gidip ejeňe uwla! Bajyňa uwla! Düşdüňmi?!” diýip, sesinde bary bilen jabjynasy gelip, dili gijäp gitdi. Emma... -Bor. Häzir. Ussa. Jaň. Ederin. Sen. Katýolyň. Gazyny. Öçür. Ýogsa. Gaz. Tutup. Ölüp. Meni. Bijaý. Begendiräýme. Birden.-diýip, kynlyk bilen özüne basalyk beren ol, arasyny bölüp-bölüp hetjikledi. Soňam aýalynyň näme jogap berýändiginem diňlemän, aragatnaşygy kesdi. Eltelefonyň dost depderçesini sermeläp, gerekli belgisini tapdy. Aýlady. Almady. Ýene-de aýlady. Almady. Içi ýandy. Az-kem köşeşmek üçin kürsüsinde arkan gaýyşdy-da, gözüni ýumup birsellem oturdy. ***** Biraz rahatlanansoň, dostlarynyň biriniň üsti bilen başga bir ussanyň belgisini tapdy. Bolsa-da Hudaý diýen ýeri, ol ussa jaňyny aldy. Gepleşdiler. Düşünişdiler. Ussa aňyrsy bir sagada ýetirmän, enjamlarynam alyp onuň öýüne barjakdygyny aýtdy. Bu müşgiliniň asan bolandygyna uludan demini alyp-almanka, ýene-de telefony dyňňyldap ugrady. Öýbikesi. Ekran içre ýaşyl düwmäni basasy gelmese-de, “Bih, inni nämmollukar-aýt?!” diýen howatyrly pikir bilen, jaňy aldy. -Alýo?! -Gyý-ýu-w!!! Bi gün bi seň ýumrulmyş tünegiňe nämmolly, gy:?! Bi heniz bolup o gelmän geçmiş ýerýuwdan ussaň gelmiýäkä, bi seň haram ölmüş sygryňam, ýerinnen galabilmän hossullap ýatyr-a! Wur, ýenç, ot-suw hödürle, eger-eger, iň bolmanna göwnüň üçinem bolsa, müňzäýin dagam diýmeýär-ä, o galmaz bolmuş galman galanyň! Ol sesini çykarmady. Gazaby bogazyna tegek bolandygy zerarly, ekranyň gyzylja düwmesine dürtüp goýberdi. Birsalymam, aýalynyň belgisinden yzly-yzyna gelýän jaňlaryň hiç birini alman, gözüni bir nokada dikip oturdy. ***** “Ýeri, nämäňe beýdip, öz piriňi özüň kädä gaban bolýaň-aý?! Olam arzyny saňa aýdyp, gaňňasyny saňa gyşartmasa, kime näzini çekdirsin?! Aýaldyr-da. Dagam, aljyrar. Aljyrasa-da, ärini hossar tutunman, nä dagy goňşusyndan haraý hantama bolsunmy diýsene?!” diýip, öz-özüni köşeşdirdi. Soňam, ilki bilen-ä başdaşyna jaň edip, sygrynyň bolup ýatyşy barada ilik-düwme soraşdyrdy. Onsoň weterinar tanşynyň belgisini telefonyndan tapyp oňa aýlady. Almady. Ýaňybir kiparlan içiýangynlylygy ýamaşakgetdan köräp başlady. “Gyrlyň-a baryň! Bolýamy?!” diýip, kimdir birine gaýybana janagyryly hüňürdedi-de, şol mal lukman tanşyny özüne görä ýakyndan tanaýan tanşynyň belgisini gözlemäge oturdy. “Wapşe gutardyňyz-aý, adamlar! Gel-gel inni, haýsydyr bir sümügi bir gulaç mal dugtor bilen gepleşjek bolsaň, şonuňam tanşyny tapyp gürleşmeli bolsa, halys bolaýypdyr inni... “Düýs gutardym” diýdigi-dä, şo”. ***** Içini hümlede-hümlede, ahyry tanşynyň tanşynyň belgisiniň üstünden bardy. Içinden: “Ine gör-de otur-aý! Şüjagazam häzir jaňyny almanjyk geçer” diýip, aýlady. Geň galmaly. Aldy. -Alýo?! -Hä, dossum, salowmaleýkim. -O-how, waleýkim dos, özüňmiň-aý? “Ölme-de ýit” diýleni. Bamyň-aýt?! -Men-le, gardaş. Ýagşymy öý-içeri? -Oňat. Özüňkiler näil?! -Çydap bolsa ýamannäl-le, dos. Bi dossum, kän wagtyňy almaýyn, bi mal dugtor dossuň nä, jaň almaýannan bollumy? Ýa puly artdymy? Ýa-da ol-a wezipä geçdi-de, bizem ony sowgatly-serpaýly gutlamakdan namut-bihabar galaýdykmy?! Aňyrdaky keýpihon lokguldap güldi: -Ho-ho-ho...Ýak dossum, wezipe, pul nämişlesin-aýt onna! Saňa bergisi bardymy, oň?! -Howwa, bir az-maz bolmaly öz-ä...-diýip bu, entek şum habar aýdylmanka öňünden öler alada galmaga howlugýan was-wasyň bolşy deý, içiniň bükgüldiden dolýandygyny duýup, ünjüli dillendi. -Ä bolupdyr-da, onna. O soňky döwür barypýatan kezzaba döndi. Gabat gelen ýerinden alyp bilenini alyp, indem, algydarlaryndan gaçyp ýör. Bilemok welin, öňki belgisem özünde dä öýdýän... -Bäh,-diýip ol iňkisli hümürdedi-de, ýeňsesini gaşady:-“Senem onna, oňa nämberenem bolsaň, şonyňdan umydyňy üzägaý” diýdigiň bolýar-ow, bi aýdýanyň-a?! -Hä-ä, asyl honha, aýtmankam agzymdan kakyp aldyň, dos, ho-ho-ho...-diýip aňyrdaky hasam keýpiçag güldi. “Içiň gülýär-ow, doňuz! Megerem o seň nekgende-haýýar dossuň özüňi uwlundyran bolaýsa-ha, beýdip gülmänjikler, jikgildemänjikler geçerdiň welin...” diýip, bagry tütän onuň aňyrdakyň al-petinden alasy geldi. Emma, beýtmedi. Hymy-symy edip, tanşy bilen üzlem-saplam hoşlaşdy-da, aragatnaşygy üzdi. Kellesini tutdy. “Ine saňa, bir ýerde bagtyň bolsa çüwýän, ajaýyp gün! Häk siziňemmir hemme zadyňyzy! Enesi ýalamadyk aldawçy-sanýorumçy, müneçjim-gurrandazlar! “Durnaň üstüne urna” diýsene asyl. Men pahyr-a o gurrumsakdan ýardam isläp, malymy bejertmek üçin agtarýan. A o kezzap bolsa, meň halalja gazanjymdan “karzyna” diýip alyp giden bolup, birmahal men-akmagyň jürümi dikip goýaýan bolsa nätjek?! Hä, seňemmir, tükenen gopdygaýmak diýsäni!” diýip gaharly oýlandy. ***** Şol pille-de aýalyndan jaň geldi. Ýüregi sanjyp başlady. Bir eli bilen gursagyny biygtyýar mynçgalap oturşyna, “alaýyn” diýip telefonyna elini uzadasy gelmeýär. Netikaza hatynam, alynmadymy, goýaýman, şol aýlap otyr, aýlap otyr... Ahbetin ol: “Äý-ý! Tükeniksiz ýarpy-ýalta ölüp oturanyňdan, bir gezek ymykly ölüp dynanyň ýagşy däm-aý, nä?!” diýip öz-özüne meçew berdi-de, öňünde ýatan telefony aldy. Gulagyna tutup barýarka-da: “Äý häzir, meň şu günki garamaňlaýlygym bilen ýa-ha: “öýümiz ýanyp dur” diýer, ýa-da: “arada balnysda barlagdan geçeňde analiziňde düwnük tapypdyrlar” diýäýmese...” diýip, umytsyz lapykeçlik bilen pikir öwürdi. -Alýo... -Gyý-ýuw, kakasy! “Häk, seňwir, sesiňe döneýin gül ýüzli peri-i...” diýip, ol içinden janagyryly hiňlenjiräp oýlandy. -Ho-o-w, jan-a... -Weý-weý, ýamanamwir diliň süýjäpdir welin, näme, eýýäm haçan eşitmäge ýetişäýdiňmi?! -Nämäni?-diýip gulagyny üşertdi. -Ýaňy bi seň gelmän geçen ussaň gelmiýämikä diýip, köçä çykyp ýoluna sadylla bolup durkam, köçeden hol ilerki çatryga ýakyn ýaşaýan padyman goňşy geçip barýan ekeni. Onnoň menem: “il arasynna şüýem-ä “sygyr janawerleri öýündäkiden eý görýä” diýen gürrüň ba welin, newžel biziň alaja-mulajamyza nämmolýanyny bilmez-ä?” diýip içimi hümmüldetdim-de, ondan sygrymyzy görüp bermegi haýyşt etdim. O-da gördi-de aýtdy: “keýgim” diýdi, “mynyň-haw, bogaz eken-ä, janawer” diýdi. “Özem” diýýä, hakyýt “ekiz diýip çak edýän” diýýä. Eşýäňmi, kakasy?! -Bäh,-diýip ol, bu habara az-owlak ynjalýandygyny duýdy:-onsoň? -Onsoňy şo. Ony ugradýançam-da, seň o ussa bennäňem geldi. Katýolly çukura girip, ilk-ä suwuny dökdi. Soňam oň eýlesini-beýlesini “jyz-pyz” eden boldy-da, ogluňa ýamaşakgetdan suw daşatdy. Otladam welin, honha allanäme, sähel wagtdan soň içerini gor ýaly etdi öteýtdi. “Hakyňy al. Nämmermeli?” diýsemem, “Äý ýeňňe, göwnüňden çykaranyňy sazlawersenäň-aýt! Üýtgeşikwir eden zadym ýo:” diýip dur, bennäň çagasy. Onnoň bizem sazladyk-da, yrzalaşypjyk, ugratdyk, onam... -Bäh,-diýip ol, hasam göwrüminiň giňeýändigini syzdy. Şol müddetem, onuň çepinde goýlan, edaraň içerki aragatnaşygynyň enjamy jyrlady. Ol enjamyň çaklaňja ekranyna gözüniň gyýtagyny aýlan dessine allaniçigsi boldy. “Başlyk!”. -Bolýa, başlyk jaň edýä. Soň aýlaryn,-diýip telefonyny goýdy-da, hasyr-husur, trubkany galdyrdy: -Gulak asýan, başlyk! Salawmaleýkim! -Waleýkim essalam! Agam, bu gün işden gijä galyp gelipsiň... Başlygyň tanyş sesi bu sözleri gürlänindenem onuň ýaňybir aram tapan kükreginde ornaşyp ugran ynjalyklylyk, ýene-de endiräp, çaýkanmaga başlady. “Eýýäm ýetiripdirler-ow! Häzir başlar-ow!” diýip ol, tukatlyk bilen içini hümletdi. -Howwa, başlyk. Gijä galdym... -Ýo agam, men saňa neme diýjek bolamok-la. Men gaýta saňa: “işiň-güýjüň çykýan bolsa, duýdursaň, arkalaşarys” diýjek boldum. Jaň edenimiň sebäbi bolsa, şu wagt işgärler bölüminiň maglumatynda adyňy gördüm-de, ýadyma düşdi. Agam, edýän işleriňe taňryýalkasyn. Geçen ýygnakda saňa şu çärýegiň jeminde bir aýlyk zähmet haky möçberinde baýrak bermeli diýen netijä gelipdik. Şol wagt aýtmak ýatdan çykypdyr. Şumat adyňy görüp ýadyma düşdi-de, begendiräýin diýdim. Bolar agam, päsgel bermäýin. Sag-aman işle! Bu oslagsyz habara aň-taňk bolan ol, başlygy aragatnaşygy kesmänkä, zordan: “sag boluň, taňryýalkasyn” diýmäge ýetişdi. Soňam, elindäki telefonyň “duguldysyna-da” üns bermän, birsellem serimsal halda oturdy. Şol oturşyna-da, beýnisinde öz-özünden emele gelýän ygym-sagym oýlary başynda aýlamagyny dowam etdi: “Bäh, mun-aý! Bi durmuşyň uşak-düşekliklerin-aý! Birden-ä seni oda sokýar, birdenem ondan sogrup çykarýar-da, suwa zyňýar! Ýa bu gün çyndanam onuňkyň şowlamaly günümikä?!”... | |
|
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |