10:10 Adamyñ ykbaly / hekaýa | |
ADAMYÑ YKBALY
Hekaýalar
(Hekaýa) Ine, maňlaýlaryna dürli-dürli mazmundaky hatlar ýazylan adamlaryň giden bir toplumyny alyp, ýolagçy otlusy öňe okdurylyp barýar. Küpeleriň birinde iki sany erkek kişi otyrdy. Olaryň biri ýüzünde hilegärligiň hem kezzapçylygyň hiç hili alamatlary bolmadyk ýigitdi. Ol oňat geýnüwlidi. Üst–başyndan atyryň ysy kükäp durdy. Beýlekisi bolsa, arryk gojady. Gojanyň gara–ört ýüzüne çilimiň tüssesi siňip gidipdir. Ýaňaklaryndan, aýratyn-da, maňlaýyndan kanal kysmy zolaklaryň ençemesi geçipdir. Gözleriniň bolsa bireýýäm mähri gaçypdyr. Onuň egninde bu zamanlarda suw garasyny görmedik köne gara penjegi bardy. Penjegiň daşky döş jübüsinden bir sarymtyl kagyzyň ujy görnüp durdy. Ol kagyz seredäýeniňde gözüňi egläýmäge amatly nokatdy. Goja gaýnadylan et bilen “Rus aragyndan” içýärdi. Arasynda ýygy–ýygydan çilim otlanýardy, tüssä boglup oturyşyna dyngysyz gürleýärdi. Oglan ony ünsli diňläp: “Ýeri, onsoň nähili boldy?” diýen ýaly biderek sowallary bermeýärdi. -Ýaňky aýdyşym ýaly, dört sany direnip duran agam bar – diýip, goja kişi öňden gelýän gürrüňini dowam etdirdi. – Dördüsinem öýli–işikli etdik. Indiki gezegem meňki. Menem mekdebi gutardym–da, “Gel–aý, bir okuwa synanşaýyn” diýdim. Ine, şunda ejem bir nysak tapdy oturuberdi, “Senem öýerip dynaýyn” diýip. Menem kes–kelläm garşy çykdym. “Okuwa gitjek” diýdim. Kakam meni goldady. “Azarsyz–bizarsyz okabilseň, okaber” diýdi. Şeýdip, dokumentlerimi alyp, söwda tehnikumyna bardym. Tanyş–beýleki bolmansoň o ýyl giribilmedim. Soňkysy ýyl ýene bardym. O gezek welin ýüregim suwluja boldy. Ap–aňsatja okuwa girdim oturyberdim. Elbetde, bir tanyş tapyndym. Aslynda ol bir tanyşam däldi. Bu nähili bolşy diýsene?! Bir gezek men giriş ekzaminleriniň öň ýanynda içip, erbet serhoş boldum. Özümi bilmän, Hudaý bilsin, bir ýerlerde ýykylyp galypdyryn. Ýykylan ýerimdenem meni ýygnapdyrlar. Eltibem hüşagetirijä dykypdyrlar. Şol ýerde özüme geldim. Görsem, o ýerde diňe men däl ekenim, başga-da biri bar. Özem galstukly–zatly, intelligentsypat, daýaw bir pyýada. Huşagýetirijiden çykjak bolsaň, jerimäňi tölemeli–dä. Meňem şo wagt mazalyja pulum bardy. Ýöne ýaňky galstukly pyýadanyň welin bir köpügi–de ýok ekeni. Onsoň ol menden: “Puluň köpmi?” diýip sorady. “Köp” diýdim. Olam “Onda şo puluňdan maňa ber” diýdi. Menem: “Berjek däl” diýidim. “Ber, how, aňyrsy iki sagatdan berjek şo puluňy. Häzir şundan çykyp öýe gideli, iki esse edip bereýin” diýip olam ýalbardy. “Tanamaýan adamyma henize çenli-hä pul berip göremok, indem beribilmen” diýip menem geregimi artdyrdym. Onsoň ol “Tanamasaň, tanap goý” diýip tanyşdyrdy. Al, saňa gerek bolsa! Asyl ol söwda tehnikumynyň mugallymy bolsa nätjek! Ine, şu ýerde welin, meniň gurdum gündiz uwlady. Öz gezegimde menem özümi tanyşdyrdym-da: “Ýoldaş mugallym, gel ikimiz şertleşeli – diýdim. – Men-ä seni şu ýerden alyp çykaýyn, senem meni tehnikuma ýerleşdir” diýdim. Soňundanam eger birden okuwa giräýsem, “ýuwjakdygymy” aýtdym. Onsoň ol Allanyň adyndan ant içip, meni okuwa ýerleşdirjekdigine söz berdi. Sözünde-de tapyldy. Şeýdibem tehnikuma burnumy sokdum. Bir girenimden soň soňuny alyp çykjakdygym öz-özündenem düşnüklidir. Alyp çykdymam. Ýatdan çykyp barýar, arasynda gulluga-da gidip geldim, how. Tehnikumyň diplomyny goltugyma gysdyrybam oba dolandym. Hakyň permany bilen bir gün bir gyza-da öýlendim. Bu-da ugruna boldy. Ejem goňşy obadan bir gowy maşgala tapypdyr. Halal iýýän bir garybyň gyzy ekeni. Kän galyňam hantama bolmadylar. Şeýdibem köp düýäm köprüden geçdi. Indi işe ýerleşmelidi. Menem söwda tehnikumyny gutaryp gelen ýaş oglan. Hünärim – satyjylyk. Ýöne bir zatlar emlemeseň, hany, iş barmy? Meň diýýan wagtym häzirki ýaly hususy magazinler düýşüňe-de girenokdy. Ähli magazinler Döwlete degişlidi. Şoň üçinem näm bolsa şo bolsun-a salyp, şäherdäki arak satylýan magazinleriň birine bardym. Göni müdiriniň ýanyna girdim-de: “Näme alsaň al-da, meni şu magaziniň satyjysy edip işe al – diýdim. Şeý diýibem diplomy öňüne okladym. Meň ýüregimdäki dilimde-dä. Gep aýlamam ýok. Gönümel aýdyp göýberýän. Hawa şeýdip gönüledim. O-da gepe düşýän zaňňar ekeni. “Gürrüňi bolmaz” diýdi. Şeýlelikde iki müň manada gepleşdik. O döwürler iki müň manat gaty uly puldy. Puluň doňzuň güýji ýaly güýji bardy. Men oňa puly işe başlanymdan soň tapyp bermegi wada berdim. Ahyry işe-de başladym. Iki gün işländirin, magaziniň müdiri tarpa-taýyn öldi oturyberdi. Çykdajy etmän, para bermän magazine satyjy bolup geçýän ýokdur. Bolaýsa–da gaty seýrekdir. Ine, meniňki welin, görşüň ýaly, şo gezegem şowuna boldy. Göräýmäge hemme zat hezillik ýaly, emma onçakly beýle-de däl ekeni. Günlerde bir gün özümden kiçi inimi öýerdik-de, maňa ejem bilen kakamdan rysgalymy aýyrmak gerek boldy. Oň üçinem ilki-hä mellek ýer almalydy, soňundanam jaý salmak zerurdy. Mellek ýer-ä aldym. Emma jaý salmak üçin özüň bilýäň, lomaýja pul gerek, satyjy bolaňda nä, eliň egri bolmasa, pul nireden bolsun. Mende-de pul ýok. Jaý gurmak bolsa örän zerur. Dogry, direnip duran dört sany agam bar. Emma olar maňa şifer öndürip berip bilmezler-ä. Öz günlerini zordan aýlaýarlar. Şoň üçinem karz-kowal alyp, derrew bir jaý dikeltdim. Ep-esli bergi-de etdim. Onça bergini bir adamyň aýlygy bilen üzüp bolmajakdygy görünip duran zat. Algydarlarymam meni gyssaýarlar: “Pul gerek, bergiň bardy, üzlüşeli”. Günde-günaşa şeýle. Ine, bu aladanyň astyndanam bir gün ap-aňsatlyk bilen çykaýdym. O nähili boldy diýsene? Günlerde bir gün birinji klasa gatnaýan oglum magazinden sakgyç almakçy bolupdyr-da, dükançyňam gaýtargysy bolman, oňa otuz köpüklik lotoreýa biletleriniň birini berip goýberipdir. Şol döwürler lotoreýalar oýnalardy. Ine, şol lotoreýa bileti on müň manatlyk utuşa düşdi oturyberdi. Gör, adamyňky çüwse nähili bolýan ekeni. Ýogsam, ömrümde şol lotoreýa biletini oýnap gören adamam däl men. Hiç ynanamokdym-da. Emma maňlaý işlese welin seň ynamyňa-beýlekiňe seretmeýär ekeni. Umuman meňki ugryna boldy-la. Goja kişi çüýşäniň düýbündäki aragy käsesine sarkyrdy-da, boşan çüýşäni küpäniň ýarymaçyk äpişgesinden daşaryk zyňyp göýberdi. Käsedäkini bir owurtda bogazyndan geçirdi-de, oglana ýüzlendi: -Eýsem, şular bolup biläýjek zatlarmy, akyla sygjak zatlarmy? Oglan uzak oýurganybam durman: -Hawa-la, elbetde – diýdi. Goja kişi birmeýdan oturyp: -Belki, şeýledirem – diýdi. – Emma bularyň bary toslama ahyryn. Toslama! Oglan nägile gatyşykly geňirgenme bilen gojanyň gara ört hem rehimsiz görünýän ýüzüne mölerilip seretdi. Goja kişi sesini has-da gataldyp, gygyryp ugrady: -Toslama! Ýalan zatlar. Kezzaplyk. Birem dogry däl. Hemmesi-de tersine boldy. Tersine! Derrewem ýumşady: -Eje bolmasa, kaka bolmasa, aga-ini bolmasa, öz göbegimi özüm kesmeli bolýan. Onam edibilmedim. Jaýymam ýok, işlämogam. Üstesine turmede-de oturyp geldim. Aý, onuň taryhy uly. Çaga-çuga barmy diýjeksiň, heleýi bolmadygyň çagasy nireden bolsun? Emma ýaňkylaň bary toslama. Ine, muňa, biler bolsaň, adamyň ykbaly diýilýär. Sen welin menden göwün etme! Dymyp oturandan, ýalan sözleseňem bir zatlar gürläniň ýagşy. Häki wagt geçirmek diýen ýaly bir zat-da bi. Aldady diýip, gaty görýän dälsiň-ä? Oglan biparh äheň bilen: -Ýok-la, gaty görüp bolmaz-a – diýdi. Soň goja kişi oturyp-oturyp, şeý diýdi: -Mende bir çüýşä ýeterlik pul bar. Gel, oturyp, arak içeli. Otly bolsa ykballaryň giden bir toplumyny alyp, henizem öňe okdyrylyp barýar. Mart, 1992. Aşgabat. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |