"Kökler"
AGAJY GORKUZYP BOLARMY?
Mellegimizde ýedi düýp erik agajy bardy. Ajy däne düýbiň basyrlyp getirişi, onuň gapdalyndaky süýji dänäniň hasylynyň seýrekligi janymyzy ýakardy. Bir ýaşuly bu hatany düzetmegiň aňsatja ýoluny salgy berdi: “Ýaz çykyp, erik güllemesinden öňinçä, eliňize palta alyň-da, oňa birki öwre topulyň, agaç paltadan gorkýandyr. Eger däninim, göwnejaý getirmejek bolsaň, çapyp owarra ederis diýiň” diýdi. Ýaşulynyň diýenini etdik, agaja çyndan haýbat atdyk. Şondan soň onuň nähili getireni ýadymda ýok, eger oňaýly bir üýtgeşiklik bolan bolsady, ýadymda galardy. Iki ýyla ýetmänem şol erigimiz gurady. “Bäh, gaty gorkaýdymyka?” diýýänim hakydamda galypdyr, soňam, ýaşuly biz bilen oýun edäýdimikä diýip müňkür bolupdym.
Ýaşulynyň oýun etmändigine, türkmenleriň arasynda şeýle bir ynanjyň bolandygyna, onuň köküniň örän irki zamanlardan gaýdýan dygyna indi göz ýetirdim. Adamlar agaja jandar hökmünde garapdyrlar. Jeýms Frezeriň “Altyn şaha” kitabyny okap otyryn, täsin ýagdaýlardan söz açylýar. Iki eýýämiň sepgidinde ýaşan rim alymy Plininiň döwründe Alban baýyrlaryndaky Diananyň mukaddes jeňňelinde bir rimlinuň berýoza agajyny gujaklap, ogşap, onuň kölegesinde ýatyp, ony şerap bilen suwaryp ýörşi aýdylýar. Ol bu agaja hudaý hökmünde sežde edýär ekeni. Hatda Hindistanda we Gündogardaky ýurtlaryň başga-da käbirinde häzirem erkekleriň, aýallaryň arasynda agaç bilen nikalaşmak däbiniň saklanyp galandygy ýazylýar.
Agaçlara sežde etmek, olaryň ruhuna baş egmek, Ýewropadaky ary taýpalarynyň dini ynançlarynda wajyp bolupdyr. Bu babatda germanlar has-da tapawutlanypdyr. Agaçlaryň kultunyň belende göterilmegi dini parzlaryň berjaý edilýän mukaddes ýeri diýlip tebigy tokaýlaryň saýlanyp alynmagyna getiripdir. Häzirki “hram” (ybadathana) sözüniň düýp manysynyň “mukaddes jeňňel” diýmekden gaýdýandygy alymlar tarapyndan subut edilen fakt. Olar ösüp oturan agajyň gabygyny sypyrmaga het eden adama rehimsiz jeza beripdirler. Onuň göbegi çykarylyp, gabygyň soýulan ýerine berkidilipdir, günäkäri agajyň daşyna aýlap başlapdyrlar, tä gabygyň şikest ýeten ýerini içegäniň sargysy ýapýança duruzmandyrlar.
Afrikanyň birgiden taýpasy daragtyň sütünine hudaýyň, ruhlaryň mesgeni hökmünde garapdyr. Agajy kesmezden öň öý guşlaryndan gurbanlyk bermek iňňän berk kada ekeni. Şuny berjaý edilme- dik halatynda işiň soňy ölüm bilen gutarypdyr. Gurbanlyk guşy kesilenden soň agajy çapmaga rugsat berilýär, ýöne palta birinji sapar urlandan soň, agajyň gopan ýerinden çykan şiräni dodagyň bilen so- rup almaly. Şeýdilende, adamlaryň birek-biregiň ganyny dadyp dogan boluşlary ýaly, agaç bilenem doganlaşdygyň bolýar. Şondan soň öz peýdasy üçin “doganyny” çapmaga doly hakly.
Agajyň ruhuna aýdylýan ýyly, haýyş sözlerden peýda bolmadyk halatynda has gödek çärelere-de ýüz urmakdan gaýdylmandyr. Malaýziýada, Malaý ýarym adasynyň günbatar kenarynda Salangor diýen ýerde boýy 20-30 metre ýetýän durian agajynyň tokaýy bar.
Bellenilen gün şol ýere obanyň adamlary ýygnanyp, agajyň miwesiniň bol bolmagy üçin öz ynançlaryna görä, geň tagalla baş urýarlar. Jadygöý palta alyp, az miwe beren agajyň düýbüne urup başlaýar. “Sen göwnejaý hasyl berjekmi-ýok”. Eger bermejek bolsaň çapyp goýberjek!” -diýip gygyrýar. Başga bir daragtyň depesine münen adam agaja derek jogap berýär: “Bolýa, bolýa, köp-köp miwe bererin, ýöne meni çapma!”. Miweli agaçlar babatda edil şunuň ýaly gorkuzma çäresi Ýaponiýada-da ulanylýar. Roždestwo baýramynyň öň ýanynda ýugoslaw, bolgar daýhanlary agaçlara palta alyp haýbat atýarlar. Gapdalda duran adam: “Çapmaweri, basym bulardan bol hasyl alarsyňyz” diýip, töwella edýär. Gorkuzylan agaçlaryň hasylynyň bol boljakdygyna ynanç ýokary bolupdyr.
Dünýäniň dürli künjünden alnan mysallaryň düýbünde bir many bir ynanç ýatyr: agaçlara janly zat hökmünde garalyp, olaryň ruhuny ykrar etmek geçmişde halklaryň aglabasyna häsiýetli eken. Ýene bir mysala ünsi çekmekçi. Jeňňele öwrülen öwlüýäleriň agajyny çapmak türkmenlerde oňlanylmaýan zat. Nebisjeň adamlaryň başbozarlyk eden halatynda olaryň betbagtlyga uçraýandyklary hakynda il arasynda gyzykly gürrüňler aýdylardy: “ Pylany odun üçin gonamçylygyň agajyny çapmaga baranda, hakyt, gudrat!, uran paltasy gaýdyp maňlaýyna degäýipdir!”. “Pylany öwülýäň çetinden maşynly girip, jeňňele ýetmänkä, asyl ýöne, dört tekeri ýarylyp ýatyberse nätjek!”. Bu habarlaryň aýdylyş äheňinden adalatyň dabaralanmasyndan kanagat tapýanlaryň şatlygyny duýsa bolýardy.
Biziň bu ynanjymyz hem dünýäniň dürli ýerinde ýaşaýan halklaryň ynanjyna utgaşyp gidýär. Mysal üçin aýdaly, Günorta hem Günbatar Hytaýda her oba girilýän ýerde mukaddes agaç ekilipdir. Ol agaçda ata-babalaryň ruhlary ýygnanypdyr, olar obadakylaryň ykbal çözgüdine gatnaşýarmyşlar. Käbir obanyň golaýynda mukad- des jeňňeller bar, olaryň ýeke agajyna-da el degirmek bolanok, özleri gurap, çüýräp topraga garylyp gitmeli. Şahalary aýyrmaga zerurlyk dörän halatynda-da, öňinçä daragtlaryň ruhundan rugsat al- maly, her agaja gurbanlyk bermeli. Günorta Afrikada öwlüýäler mu kaddes ýer hasap edilýär. Ol ýeriň agajyna-da, haýwanyna-da el degirmek geçirimsiz günä, sebäbi mazarystanlygyň her daban ýeri ölüleriň ruhlarynyň mesgenine öwrülendir.
Sumatra adasynda adaty tokaýdan agaç kesýän adam her daragta palta urmazdan öň ondan ötünç soraýar: “Eý agajyň ruhy, seniň mesgeniňi çapjagym üçin menden göwün-kine etme, men muny öz islegime görä edemok, inspektoryň buýrugy şeýle”- diýýär.
Agaja ýüzlenmek türkmenlere geň däl. “Gorkut ata” eposyndan Salyr Gazanyň ogly Orazyň duşman golunda ölüme garaşan pursa- tynda agaja ýüzlenip aýdýan sözlerini ýatlalyň:
Agaç-agaç diýsem saňa, arlama, agaç,
Beýik-beýik suwlaryň köpüsi agaç,
Gara-gara deňizleriň gämisi agaç,
Başyň ile bakar olsam, başsyz agaç,
Düýbiň ile bakar olsam, düýpsiz agaç,
Meni saňa asarlar, götermegil agaç,
Göterjek olsaň, ýitgiligim seni tutsun, agaç,
Biziň ile gerek idiň agaç!
Bu sözlere adama aýdylýan sözleriň duýgusy siňdirilipdir. “Durmuş daragty” diýen düşünjäniň iňňän gadymy zamanlarda dörändigini aýdypdyk. Töwradyň ähli ugurlarynyň jennet bagynda ösýän dur- muş daragty bilen akyl ýetiriş daragtynyň töwereginde jemlenýän- digini, Mesopotamiýa miflerinde danalygyň hem durmuşyň bir-biri- ne eriş-argaçdygy hakynda hindi alymy M.Randhawa hem “Asyrlar- dan gelýän baglar” diýen kitabynda ýazýar. Soňra her halk durmuş daragtyny takyk bir agajyň nusgasynda göz öňüne getiripdir. Ýewreýler üçin ol hurma palmasy, hoşboý ysy bilen tapawutlanýar, ýap- ragy, güli, şahalary hiç mahal guramaýar diýip düşünipdirler. Hytaý mifologiýasynda älemi göterip duran äpet şetdaly agajy hakynda aýdylýar. Onuň datly miwesini hudaýlaram, adamlaram iýýärler. Ol jennetiň daragty, onuň zemindäki doganlary Tibetiň Kwanlun daglarynda ösýär diýýärler.
Ýapon rowaýatlarynda üç daragtyň ady tutulýar: şetdaly, garaly hem sosna. Sosna agajy berkligiň simwoly. Müsürde älemiň daragty diýip çynara düşünýärler. Köphudaýly Ýewropada-da agajyň kulty ýaýrap, meşhur hudaýlaryň nyşany hökmünde aýry-aýry agaç saýlanyp alnypdyr. Dub agajy Ýupiteriň, lawr Apollonyň, zeýtun Minerwanyň, alma Ýunonyň, derek Gerkulesiň nyşany.
Iki müň bäş ýüz ýyl mundan ozal kuwwatly Eýran döwletini döreden ahemeniler silsilesiniň merkezi Persopol şäheriniň haraba- çlygyny synlan adam onda sütünleriň köplügine üns berendir. Olar aýratynam şa köşgünde köplük edýär. Maglumatlara görä, diňe şa tagtynyň ýerleşýän zalynda sütünleriň sany ýüze ýetýän ekeni. Bu nämäniň alamaty. Jaýyň berkligi ýa-da owadanlygy üçin munça sü- tüniň gerekligi şübhe döredip biler. Belki, bu ýerde başga many, baş ga bir ynanç bardyr?
Etruslaryň hem Ortaýer deňiz sebitiniň medeniýeti, taryhy boýunça togsanynjy ýyllarda geçirilen halkara kollokwiumynyň materiallary bilen tanşyp otyrkam ýokarky sowala jogap tapdym. Sütünleriň köplügi tokaýyň obrazyny aňlatmak üçin gerek bolupdyr. Sütünleriň arasynda duran şa özüni tokaý agaçlarynyň arasynda duran dek duýupdyr. Tokaýyň gürlügi aňyrsyna çykmak müşgül bolan labirinti göz öňüne getirmeli ekeni. Sütünleriň köplüginden täsirlenen şa üçin duýdansyz mahal tokaýa basyrlyp oturan daglara ýeten ýaly duýgy döremeli. Ol sütünli zala girende dünýäniň geňligine aýak ba- san ýaly bolýar. Her halatda-da, şa uç tapyp labirintden çykmaly.
Ýokarda ady tutulan halkara kollokwiumynda çykyş eden l.Akimowa bilen A.Kifişiniň materialynda ýazylyşyna görä, gadymy Eýran da arabada saýawanyň aşagynda oturan şanyň bergidarlar bilen palma jeňňelinde duşuşygyny suratlandyrýan şekilleriň taryhy ýadygärlikleriň ýüzünde galandygy beýan edilýär. Duşuşygyň palma jeňňelliginde geçirilmeginiň düýp manysy hurma palmasynyň, onuň ýapraklarynyň, şahalarynyň Ortaýer deňzi sebitlerinde ýaşaýyş daragtyny aňladanlygyndan ybarat. Munuň üstesine-de, saýawanyň, ýelpewajyň asly gelip çykyşy palma ýapragy bilen bagly. Häzirem, olaryň saýawan, ýelpewaç hökmünde ulanylyp ýörlen ýerlerine duş gelse bolýar. Eýran şasynyň palma jeňňelliginde kabul edişlik gura- magy, elbetde, bu jeňňellere mukaddeslik manysynyň berilmegi bilen baglydyr diýmäge esas bar.
Mukaddes jeňňeller gadymy Gresiýada-da belent ynanja, hormata eýe, olar hudaýlara galdyrylan hramlaryň töweregini gurşapdyr. Grekler agaçlar bilen bagly örän owadan rowaýatlar döredipdirler. Siwilizlenen dünýäde olar biziň günlerimizde-de örän meşhur. Dabaralar geçirilende hökmany saýylýan dessurlaryň birgideni gadymyýetden uç alyp gaýdýär. Şolardan birini mysal getireliň. Uly ýaryşlarda, bäsleşikde ýeňiş gazanan adamyň kellesine lawr agajynyň ýapraklaryndan ýasalan täç geýdirýärler. Biziň nahara atýan tagamly lawr ýapraklarymyzyň bu manysynyň aňyrsynda owadan hem inçe rowaýat ýatyr. Ylhamyň hudaýy, şahyrlaryň, sazandalaryň penakäri Apollon derýalaryň hudaýy Peleýiň gyzy perizat Dafna aşyk bolýar. Onuň kowgusyndan gaçyp gelýän perizat ahyry kakasyny kö- mege çagyrýar. Peleý gyzyny lawr daragtyna öwürýär. Muny gören Apollon gussa batýar we lawr agajyny söýgüli agajy diýip jar edýär. “Mundan beýläk lawryň ýapragyndan ýasalan täç şahyrlaryň, sa- zandalaryň, umuman, ýeňijileriň sylagy, başlarynyň täji bolmalydyr” diýip höküm edýär.
Türkmenlerem miwesi juda datly agajy mahabatlandyrjak bolanlarynda: “Bu zeýilli süýji miwäni diňe jennetde bitýän agaç getirip biler” diýýärler.
Tirkiş JUMAGELDI.
Edebi makalalar